GENEL

Finalyň ady: Fransiýa – Horwatiýa

Russiýa Federasiýasynda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda jemleýji duşuşyklar galdy. Dünýäniň baş kubogynyň almak ugurndaky final duşuşygynda Fransiýa bilen Horwatiýanyň ýygyndylary duşuşar. Fransiýa Belgiýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda utup, 20 ýyldan soňra täzeden finala çykdy.

Horwatiýa bolsa şu çempionatda erjel oýnap, finala galmagy başardy. Olar futbolyň ata watany bolan Angliýanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda utdy. Oýun diýseň ýatda galyjy pursatlary özünde jemledi. Türkiýe emin Jüneýt Çakyryň eminlik eden duşuşygyň 5-nji minutynda Angliýanyň ýygyndysy öňe saýlandy. Oýnuň birinji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda erjel oýun görkezen horwatlar 68-nji minutda Perişiç bilen hasaby deňledi. Duşuşykda 30 minut goşmaça wagt berildi. Goşmaça wagtyň ilkinji 15 minudynda toparlara tapawutlanmak başartmady. Ikinji 15 minutda has gowy oýnan Horwatiýanyň ýygyndysy 109-njy minutda Manjukiç bilen hasaby 2:1-e getirdi we ýeňiş gazandy.

15-NJI IÝUL FINAL

20:00 Fransiýa – Horwatiýa

 14-NJI IÝUL 3-NJI ÝER ÜÇIN DUŞUŞYK

19:00 BELGIÝA – ANGLIÝA

Ýene-de okaň

Türkmenistan basınının Türkiye tanıtım gezisi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 7. Etnospor Kültür Festivali’ne katıldı

YÖK Başkanı Erol Özvar’dan Türkmenistan’a işbirliği teklifleri

Ata Watan Eserleri

Türkmen öğrenciler Türkmenistan’ı Kaliforniya’da tanıttılar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da Türk mutfağı tanıtıldı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da, Uluslararası Dünya Müziği Festivali düzenlendi