GENEL

Eýranda türkmen metbeçiliginiň ösüş ýoly

Eýranda türkmen dilinde neşir edilen kitaplar barada ýokarda H.Same-diniň ady agzalan işlerinden başgada, XX asyryň ahyrynda we XXI asy-ryň birinji onýyllygynyň dowamynda birnäçe bibliografik görkezijiler çap edilipdir. Bu gollanmalarda hasaba alnan kitaplar gaýtalansada, olar baradaky maglumatlary (çykan ýerini, ýylyny, neşirýatyny, sahypa sany-ny, tiraŽyny we beýlekileri) anyklamakda biri-biriniň üstüni ýetirýärler, Eýranda türkmen metbeçiliginiň ösüş ýoly baradaky biziň düşünjämizi giňeldýärler. Üstesine-de, bu bibliografik görkezijilerde Päkistanda, Ow-ganystanda, Saud Arabystanynda we beýleki ýurtlarda ýaşaýan türk-menleriň wekilleri tarapyndan türkmen dilinde arap elipbiýinde neşir edilen kitaplar barada möhüm maglumatlary habar berýärler. Olar barada biziň bilýän zatlarymyz diňe bir sowet döwründe däl, eýsem häzirki eýýamda hem ýeterlik däldir.

     1999-njy ýylda A.M.Sarly „Gülüstanyň bibliografiýasy” atly iki jiltden ybarat juda düýpli işini neşir edipdir. Olaryň edebiýata degişli bölüm-lerinde Eýranda we dünýäniň dürli ýurtlarynda 2000-nji ýyla çenli türk-men dilinde çap edilen kitaplar hasaba alnypdyr [29]. Bu welaýatyň Türkmenistan bilen araçäkleşýänligi hem-de bu sebitde türkmenleriň ýaşaýanlygy sebäpli onda hasaba alnan edebiýatlar Türkmenistanda jemgyýetçilik we tebigy ylymlarynyň dürli pudaklary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlar üçin hem juda gyzyklydyr.

       A.M.Sarly özüniň „Pyragy” atly hususy metbesinde on bäş ýylyň (1997–2011) dowamynda neşir edilen kitaplara bagyşlanan üç sany özbo-luşly „Katalogy” goýberipdir. 1998–2003-nji ýyllarda, ýagny bäş ýylyň dowamynda neşir edilen kitaplary öz içine alýan hem-de bu metbede 100-nji kitabyň çykmagynyň şanyna bagyşlanan birinji „Katalog” 2003-nji ýylda çykypdyr [25]. Onda diňe bir kitaplaryň doly bibliografik ýazgylary berilmän, eýsem olaryň kinniwanja suratlary hem ýerleşdirilipdir. 1998–2007-nji ýyllarda, bu metybede on ýylyň dowamynda neşir edilen kitaplary öz içine alýan we 500-nji kitabyň neşir edilmegi mynasybetli goýberilen ikinji „Katalog” 2008-nji ýylda [26] we on bäş ýylda goýber-len 700 sany kitabyň bibliografik ýazgysyny öz içine alýan üçünji „Katalog” 2011–nji ýylda neşir edilipdir [27]. Häzirki döwre çenli „Pyragy” metbesinde çap edilen kitaplaryň sany 1000-den hem geçipdir.

     1999-njy ýylda ýazyjy, alym we kitap neşir ediji Amangylyç Şatmähi–riň „Türkmen bibliografiýasy” [35] atly görkezijisini çap edipdir. Onda dini meseleler boýunça türkmen dilinde neşir edilen kitaplar has doly hasaba alnypdyr. Bu tötänleýin däldir, çünki ol Töwriz uniwersitetiniň Arap dili we edebiýaty fakultetini tamamlandan soň, Tähran uniwersitetiniň Ylahyýet fakultetiniň aspiranturasynda okuwyny dowam etdiripdir we Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde Gurhanyň we hadyslaryň türkmen edebiýatyna täsirleri” atly mowzuk boýunça dissertasiýa gorap, alymlyk derejesini alypdyr. Arap dilini suwara bilýän bu alym pars dilinde ýazylan „Türkmen zenanlarynyň nagmalary” [36], „Ýekeligiň aşygy, Magtymguly Pyragynyň hudaýy tanamak baradaky goşgulary” [37], „Magtymguly Pyragynyň goşgularynda dini aýatlaryň we rowaýatlasryň äheňi” [38] atly düýpli eserleriň awtorydyr. A.Şatmähir 2000-nji ýylda özüniň hususy metbesini esaslandyrypdyr we şol döwürden bäri dürli mowzuklara degişli 100-den gowrak kitaplary neşir edipdir.

     2004-nji ýylda Abdyl Jemil Kerimi „Eýranda neşir edilen türkmen kitaplarynyň bibliografiýasy” atly görkezijisini neşir edipdir [46]. Ol ýo-karda atlary agzalan görkezijilere garanyňda kitaplaryň az sanyny hasaba alypdyr. Deňeşdirmek üçin aşakdaky sanlara ýüzleneliň. Takmynan, bir döwürde (XX asyryň ortasyndan XXI asyryň ilkinji onýyllygynyň ahyryna çenli) H.Samedi özüniň görkezijisinde türkmen kitaplarynyň 105-sini, A.M.Sarly–106-syny, A.Şatmähir–91-sini hasaba alan bolsa, A.D.Kerimi olaryň 81 sanysynyň bibliografik ýazgysyny beripdir.

 

 

     2003-nji ýylda Altyn Jürjany magtymgulyşynaslar üçin şübhesiz peý-daly „Magtymgulynyň bibliografiýasyny” neşir edipdir [20]. Onda şahy-ryň çap edilen eserleriniň we ol hakdaky edebiýatlaryň 66 sanysy hasaba alnypdyr. Emma, näme üçindir, bu görkezijide şahyryň 1917-nji ýyldan öňki döwürde Orta Aziýada arap grafikasynda neşir edilen eserleri, olaryň häzirki döwürde Eýranda goberilýän neşirleri bilen imla nukdaýna-zaryndan birmeňzeşdigine seretmezden, birinjisi türki, ikinjisi türkmeni dillerinde diýlip görkezilipdir. Ýogsam bolmasa, türkmen şahyrlarynyň, hususan-da, Andalybyň eserleriniň eýran neşirleri taýýarlanylanda, olaryň Orta Aziýa neşirleriniň esasynda berjaý edilendigi bellidir. Bu barada M.Gazy şeýle diýip ýazýpdyr:

 

„ محترم اوقویجی لار البته „زین العرب” ﺁتلی کتاب نینگ مضمونیندان خبر ینگیز باردیر.      

بو کتاب ترکمن تیلینده یازیلان شیرین عشقی داستانلارینگ بیریدور. بزینگ نشرادن شو کتابیمیز حتی مونگده بر یرده هم تافلمیار. بلکه اونینگ نسخه سی ﺁره دان گیدیبدور. شونگا

 Ú¯ÙˆØ±Ø§  کوب زحمت لار بیلان بو کتاب نینگ بخاراده چاپ ایدیلان کامل نسخه سینی اله گتوریب شونینگ یوزی بیلان چاپ ایدیلیب ترکمن دوغانلاریمیزه یتیریلدی. البتده شو چاپده کتابینگ اصلییه تینی ساقله ماق اوچین ممکن بولان مقدارینچه کتابداکی املانی اویتگاتمانی بعضی لازم بولان یرلارینده هم صحیفه لارینگ ﺁشاقینده اختصار طریقی بیلان توضیح بریلاندور

    

     Transkripsiýasy: „Mähterem okyjylar, elbetde, „Zeýnelarap” atly kitabyň mazmu-nyndan habaryňyz bardyr. Bu kitap türkmen dilinde ýazylan şirin aşyky dessanlaryň biridir. Biziň neşir eden bu kitabymyz hatda müňde bir ýerde hem tapylmaýar. Belki onuň nusgasy aradan gidipdir. Şoňa görä, köp zähmetler bilen bu kitabyň Buharada çap edilen kämil nusgasyny ele getirip, şonuň ýüzi bilen çap edilip türkmen doganlarymyza ýetirildi. Elbetde, şu çapda kitabyň aslyýetini saklamak üçin mümkin bolan mukdaryça kitapdaky imlany üýtgetmäni bagzy lazym bolan ýerlerinde hem sahypalarynyň aşagynda ehtesar taryky bilen töwsig berlendir” [45].

 

     Bu ýerde gürrüň „Zeýnelarap” dessanyň 1904-nji ýylda goýberlen ne-şiri barada barýar. Oňa çenli Andalybyň bu eseri 1900-nji ýylda Daşkent-de, 1902-nji ýylda Samarkantda neşir edilipdir [16.S.267–279].

     A.Jürjanynyň görkezijisinde başga-da ownuk-uşak säwlikler ýok däl. Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew başgyr şahyry diýip nädogry görkezilip-dir [20.S.3].  

     Käbir beýleki alymlaryň we şahyrlaryň şahsy görkezijileriniň neşir edilendigini hem bellemek mümkin. „Ýaprak” Žurnalynyň birinji sa-nynda Abdyrahman ahun Teňli Tana barada çap edilen makaladan soň, onuň türkmen, pars we arap dillerinde neşir edilen (11 sany) we neşir edilmedik (39 sany) kitaplarynyň sanawy berlipdir [34]. Bulardan başga-da, „Pyragy” Žurnalynyň her sanynda täze neşir edilen türkmen kitaplary barada maglumatlar we olaryň daş gapaklarynyň suratlary yzygiderli be-rilýär.

     Türkmen dilinde neşir edilen kitaplary hasaba almak we olary geljekki nesiller üçin ygtybarly saklamak üçin, Eýranda ýerine ýetirilen bibliogra-fik işlere ser salyp, bu barada A.D.Keriminiň sözlerine salgylanmak isle-ýäris. Ol şeýle diýip ýazypdyr:

 

     در زمینه چاپ  Ùˆ نشر Ùˆ نگهداری متون ترکمنی Ùˆ معرفی ﺁثار منتشر شده کتابشناسی– نیز ﺁن سان Ú©Ù‡ در خود Ùˆ بایسته است کاری صورت نگرفته Ùˆ دریغ Ú©Ù‡ تعداد کتابهای ترکمنی

موجود در کتابخانه ملی Ùˆ کتابخانه مرکزی دانشگاه تهران Ùˆ دیگر کتابخانه های معتبر از شمار انگشتان دست تجاوز نمی کند. در چنین شرایتی مشخص است Ú©Ù‡ یافتن منابع Ùˆ ماخذی Ú©Ù‡ دارای اطلاعات دقیق کتابشناسی باشد غیر ممکن مینماید٬ Ùˆ اینجاست Ú©Ù‡ ناچاریم از منابع نارسایی همچون “تاریخ سیاسی Ùˆ اجتماعی ترکمنها” تالیف امین الله Ú¯Ù„ÛŒ (تهران٬ علم٬ ۱٣٦٦.٣٥٩+Ù©Û· ص) Ú©Ù‡ هشت عنوان کتاب ترکمنی چاپ ایران Ùˆ یا (سیری در تاریخ زبان Ùˆ لهجه های ترکی) اثر دکتر جواد هیثت (تهران٬ ۱٣٦٥.هشت+Ù¤Û±Û· ص) Ú©Ù‡ در ﺁن نیز سیزده کتاب– البته در چند مورد با منبع قبلی مشترک است–معرفی شده. ره توشه برداشته Ùˆ ﺁنگاه برای بازاریابی Ùˆ فهرست–نویسی سرگردان کتابخانه های مختلف در  شهرها Ùˆ روستاها شویم Ùˆ این خود٬ کاری است به طاهرسهل Ùˆ ﺁسان Ù„Ú©Ù† مشکل٬ چنین نمودم.  باشد Ú©Ù‡ مجموعه حاضر جرقه ای شود بر خرمن ناخود ﺁگاهی Ùˆ گمگشتگی Ùˆ ﺁنگاه حرکت Ùˆ تلاش در جهت شناخت هرچه بسشتر ترکمن.

 

     Terjimesi: „Türkmen dilinde neşir edilen kitaplaryň tanyşdyrylyşy, ýaýra-dylyşy ýa-da şol dilde ýazylan eserleriň golýazmalarynyň çap edilişi boýunça [Eýranda] ýeterlik we kanagatlandyryjy derejede işler amala aşyrylmaýar. Gy-nansak-da, Eýranyň Milli kitaphanasynda, Tähran uniwersitetiniň kitaphana-synda we beýleki ynamdar kitaphanalarynda saklanýan türkmen kitaplaryny barmak büküp sanamak mümkin. Eýranda türkmen dilinde neşir edilen kitaplar barada doly we dogry maglumatlary habar berýän çeşmäni tapmak mümkin däl. Şeýle ýagdaýlarda, biz käbir ylmy-barlag işlere ýüzlenmäge mejbur bolduk, em-ma olarda hem maglumatlar doly däl. Mysal üçin, Eminulla Guliniň „Türk-menleriň syýasy we jemgyýetçilik taryhy” (Tähran,1366.97+359 c.) atly kita-bynda türkmen kitaplarynyň 8 sanysynyň, Jawat Haýýatyň „Türki dilleriň we olaryň şiweleriniň taryhyna syn” (Tähran,1365.417 c.) atly kitabynda 13 sanysynyň atlaryna salgylanmalar berlipdir.

     Türkmen dilinde neşir edilen kitaplary gözläp, biz obalaryň we şäherleriň[1] ki-taphanalarynyň ählisine aýlanyp çykmaly bolduk. Göräýmäge, bu aňsat ýaly, hakykatda bolsa, örän agyr iş. Bu makalada ýazylan zatlaryň ählisini türkmen halkynyň näbelli we ýitip giden medeniýetiniň we taryhynyň ýadygärliklerini gözlemekde uçguna meňzeş bir zat hasaplap bilersiňiz”.

 

     10 ýyldan gowrak öň ýazylan A.D.Keriminiň bu ynjaldyrmaýan we aladaly sözlerinden soň, Eýranda türkmen dilinde kitap neşir edýän, ola-ryň saklanyşy we öwrenilişi bilen gyzyklanýan doganlarymyz bilen bu mesele barada pikirlerimizi paýlaşmak isleýäris, çünki şol döwrüň dowa-mynda bu ýurtda bu meseleleri çözmek babatda düýpli özgerişler bolman-dyr.

     Ilki bilen, Eýranda türkmen dilinde arap grafikasynda kitaplary çap etmek üçin onuň esasynda türkmen elipbiýini döretmek we ony hemme-ler üçin hökmany edip tassyklamak zerur. Onuň heniz çözülmänligi se-bäpli, soňky 70 ýylyň dowamynda çykan, ýagny 1947-nji ýylda Tähranda Molla Mürze Abdyllahynyň çap eden ilkinji türkmen kitabynyň–„Mag-tymgulynyň diwanynyň” neşir edilen pursatyndan bäri [47], häzirki wagta çenli ähli neşirlerde diýen ýaly türkmen sözleriniň dürli-dürli ýazylyş-laryna ýol berlip gelinýär. Ýerli türkmen intelligensiýasynyň wekilleri bu meseläni çözmek üçin köp tagallalar edipdirler we soňky çärýek asyryň dowamynda „Pyragy” we „Ýaprak” Žurnallarynyň sahypalarynda oňa bagyşlanan ylmy makalalar çap edilipdir. M.Gazy, Abdyrahman ahun Teňli Tana, N.Muttaki, M.Atagözli, A.Sopyrad öz düzen elipbiýleriniň taslamalaryny teklip edipdirler. Olar ýokarda ady agzalan Žurnallaryň sahypalarynda ýa-da aýratyn neşirlerde çap edilipdir, emma mesele şu güne çenli çözülmän galypdyr. Türkmen dilindäki inçe (i, ü, ö, ä, ý) we ýogyn (y, u, o, ýu) çekimli sesleriň arap elipbiýinde aýratynlykda beril-meýänligi sebäpli, bu meseläni çözmekde esasy kynçylyk döredýän ýag-daýdyr. Şonuň üçin, ony XX asyryň 20-nji ýyllarynyň birinji ýarymynda Türkmenistanda hem çözmek başartmandyr. 1927-nji ýylda SSSR-de ýaşaýan türki halklaryň latyn elipbiýine geçmekleri bilen bu meseläni çözmeklik bes edilipdir.

     Bu wajyp meseläni çözmegiň häzirki döwürde iki ýoly bolup biler: birinjisi–ähli döredijilik işgärleri, iň bolmanda, türkmenleriň agramly böleginiň ýaşaýan ýeri bolan Eýranyň Gülüstan welaýatynyň çäklerinde ýörite ylmy konferensiýa ýa-da gurultaý gecirip, onda bu elipbiýi tassyk-lamaly; ikinjisi–Eýranyň Daşary işler ministrligine ýa-da Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasyna ýüz tutup, olaryň üsti bilen Türkmenistanyň YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň alymlar geňeşin-de bu meselä seredip (oňa, elbetde, eýranly doganlarymyzyň wekilleri gatnaşmaly bolar), bu meseläniň çözgüdini tapmaly we degişli karar kabul etmeli. Iki ýagdaýda-da tassyklanan elipbiýden üýtgewsiz peýda-lanmak hemmeler üçin hökmany bolmalydyr.

     Ikinji mesele – Eýranda türkmen dilinde kitaplar neşir edilende, ola-ryň çykyş maglumatlaryny resmileşdirmeli we tertipleşdirmeli. Häzirki wagta çenli olaryň ep-esli böleginiň çykan ýeri, ýyly görkezilmändir. Aýratyn hem olar M.Gazynyň goýberen neşirlerine mahsusdyr. Bu ýagdaý, hatda, Eýranda neşir edilen bibliografik görkezijileriň düzüjile-rinide-de säwlikleriň üstünden eltipdir. Ýokarda ady agzalan Molla Mürze Abdyllahynyň neşir eden„Diwan-e hezret-e Magtymguly” atly kitabynyň çykyş maglumatyna salgylanyp göreliň. Bu kitap H.Samediniň görkeziji-leriniň birisine düýbünden girizilmändir [40.S.582–583], beýlekisine Benderşahda [39.S.209], A.Şatmähiriň görkezijisinde Bendertürkmende [35.S.85] neşir edilen, kitap hökmünde hasaba alnypdyr. A.M.Sarly hem ony şeýle görnüşde belläpdir [29.S.286]. Onuň „Magtymgulynyň diwa-nynyň” 1924-nji ýylda Ankarada goýberlen neşiriniň „Eýranda çap edilen ilkinji kitap” diýip bellemesi hem nädogrydyr [29.S.677] .

     Üstesine-de, Eýranda neşir edilýän kitaplaryň çykyş maglumatlary hökmünde hijri-kamary we şemsi senenamalary ulanylýar. Bu bolsa, Patyşa Russiýasy we Sowet döwleti döwründen galan däbe görä, Orta Aziýanyň, Gazagystanyň, Kawkaz sebininiň we Wolga derýasynyň kenar ýakasynda we beýleki sebitlerde ýaşaýan musulman halklaryň häzirki döwürde ulanýan hristian dünýäsiniň senenamasy bilen ýylba-ýyl gabat gelmeýär. Şonuň üçin, iň bolmanda, kitabyň arka ýüzünde kitaplaryň çap edilen ýyllary hristian senenamasy boýunça hem görkezilse gowy bolar.

     Üçünji mesele – türkmen dilinde goýberilýän her bir neşiriň hökmany nusgalarynyň Eýranyň haýsy hem bolsa bir ygtybarly kitaphanasynda (milli, welaýat, etrap) saklanylmagyny gazanmak zerurdyr. Çünki, şu gün neşir edilen islendik metbugat önüminiň ertir öz döwrüni öwrenmek üçin ilkinji çeşme bolup galýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris.

     Dördünji mesele – Eýranda türkmen dilinde neşir edilen we eserlerini pars we arap dilinde ýazýan türkmen alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, meşhur ruhanylarynyň kitaplarynyň, mümkin boldugyça, doly bibliogra-fik görkezijisini düzmek juda möhümdir. Şeýle gollanma halkara ähmi-ýetli neşir bolup biler.

 


   [1]  Bu ýerde Eýranyň Gülüstan we Mazendaran welaýatlarynyň obalary we şäherleri göz öňünde tutulýan bolsa gerek.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri