“Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň täze tapgyry “ Üstünlik gazanmagyň ýollary” mowzugy bilen yglan edildi. Bäsleşigimiziň täze tapgyrynda hödürlenen eserler 10-njy fewral 2020-nji senesinden başlap, saýtymyza ýerleşdirilmäge başlanar. Ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirýänler tarapyndan iň köp soralýan soraglaryň biri hem “ýeňiji nähili kesgitlenilýär”.Ýaryşyň geçiş tertibi barada habary saýtymyza ýerleşdiripdik. Döredijilik bäsleşigi “Aý Sözen Management Consulting” we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýat bermeginde geçirilýär.
Ilki bilen bellemeli zat, geçen ýylky bäsleşigimizden tapawutlylykda saýtymyza ýerleşdirilen her bir eser, şol bir “IP” belgisi bilen kesgitlenen döwrüň dowamynda kesgitlenen sandan artyk saýtymyza girilen ýagdaýynda şol IP kesgitli döwre çenli saýtymyza girmegi tehniki tarapdan gadagan ediler. Eger şol hereketler yzygiderli gaýtalansa onda, ol IP tarapyndan saýtymyza geljek ähli hereketleriň mydamalyk gadagan ediler. Şol sebäpli käbir tehniki usullar ulanmak bilen emeli ýagdaýda “eseriň okalan” sanyny artdyrmagyň öňi alyndy. Has ýakyn wagtda “ www.atavatan-turkmenistan.com ” saýtynyň täzelenen görnüşini Size hödürleýäris.
ÝEÑIJINI KESGITLEMEGIÑ ŞERTLERI
Ýaryşa hödürlenen eserler ilki eminler agzasy tarapyndan içgin okalýar we her bir emin tarapyndan 1-den 100-e çenli bal berilýär. Eminler tarapyndan ortaça 50 we ondan ýokary bal alan eserler saýta goýulýar we bäsleşige hödürlenen bolýar.
Eminleriň berýän balynyň ortaçasy hasaplananda her bir eminiň berýän baly jemlenýär we emin agzalarynyň sanyna bölünýär. Mysal üçin “A” emin 50, “B” emin 45, “Ç” emin 60 we “D” emin 65 bal berse, onda (50+45+60+65)/4=55 bolar. Ýagny bu eseriň eminlerden ortaça 55 bal alandygy görünýär.
Saýta ýerleşdirilen eserlerden her 1000 gezek okalan sany 1 bal diýlip hasaplanylar. Mysal üçin, ýaryşa hödürlenen bir eser 40.000 (40 müň) gezek okalan ýagdaýynda şol eser 40 bal alýar. Bellemeli zat, eger eserleriň okamak sany haýsyda bolsa bir eser boýunça 100.000 gezekden artyk bolan ýagdaýynda 1: 1000 möçberi 1:2000 ýa-da has artyk möçberde üýtgediljekdigini habar berýäris.
Ýeňijileri kesgitlemekde eminleriň berýän 50 %-lik baly hem öz täsirini ýetirýär, okalan sany hem 50% täsir edýär.
Mysallara ýüzleneliň:
A belgili eser eminlerden ortaça 55 bal alan bolsa we saýtda hem 48.000 gezek okalan bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär, ýagny (55/2)+(48.000/1000/2)= 27.5+24=51.5
B belgili eser eminlerden ortaça 50 bal alan bolsa we saýtda hem 56.000 gezek okalan bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär, ýagny, (50/2)+ (56.000/1000/2)= 25+28= 53
Ç belgili eser eminlerden 60 bal alan bolsa we saýtda hem 30.000 gezek okalan bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär, ýagny, (60/2)+(30.000/1000/2)= 30+15=45
Bu ýagdaýda, B belgili eser 53 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 51,5 bal bilen ikinji orny we Ç belgili eser bolsa 45 bal bilen 3-nji orny eýeleýär.
Ýaryşyň döredijilik topary we hemaýatkärleri ýaryşda iň gowy eserleriň baýrakly orny eýelemegi üçin şeýle formulany kesgitleýär we ýaryşyň şerti hökmünde kabul edýär.
Bäsleşik bilen baglanşykly degişli habarlary, şu habarymyzda ýaşyl bilen görünýän setirleri saýlamak bilen hem okap bilersiňiz!
Baýraklarymyz :
Baş baýrak – “Notebook HP Probook 450 G6 Core i5”.
2-nji ýer üçin – “RedMi 7A” telefony
3-nji ýer üçin – mikrotolkunly peç.
Şeýle hem 4-10-njy orny eýelän eserlere Preo Watch X Pro Akylly sagatlar garaşýar.
Şeýle hem ilkinji 10-lyga giren eserleriň awtorlaryna hormat hatlary berler.