Eje, maňa alajabag örüp ber,
Onda ala gözüňizi göreýin.
Nirede bolsamda, oňa bakamda,
Mähir doly ýüzüňizi göreýin.
Reňklerinde bolsun gök, sary, gyzyl,
Edil älemgoşar şapagy ýaly.
Garaňky gijede azaşsam eger,
Salgy bersin maňa iň dogry ýoly.
Düýe ýüňden bolsun alajabagym,
Ýatlatsyn ol maňa türkmen saçagyn.
Gotazlary göz öňüme getirsin,
Dokan gözel halyňyzyň seçegin.
Dakynyp çykamda toý-baýramlara,
Nepisligi haýran etsin göreni.
Buýsanyp diýeýin deňi-duşuma,
“Eziz ejemjanyň örüp bereni!“.
Mähriňi siňdiren alajabagyň,
Düwmeleri bezär uzyn saçlarym.
Gözden-dilden gorar mukaddes Tuga
Tagzym edip, egenimde başlarym!
Goldow bersin maňa alajabagyň,
Kynçylyga döz gelmeli mahalym.
Joşgun, hyjuw berip, açsyn göwnümi,
Öwşün atsyn, gülleri deý baharyň!
Eje, maňa alajabag örüp ber,
Gorasyn ol meni ýagyşdan-ýelden.
Men hemişe onuň waspyn edeýin
Hem seniň adyňy düşürmän dilden.
Gözel Umarowa. Lebap welaýatynyň Gazojak şäheri.
Jemi 88 Eser Bäsleşýär : Ata Watan Eserleri
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDU5Mw==
Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==
“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==