GENEL

Durmuş uly kitap, öwrenip ýaşa!

Durmuşda üstünlige alyp barýan ýol gysga-da bolup biler, uzak hem. Ýöne bu ýolda seniň özüňe kän zatlaryň bagly bolup durýandygy şübhesizdir. Bu meselede: “Üstünlik näme, onuň syrlary nirede?” diýen ýaly soraglar ör boýuna galýar. Geliň, ilki bilen üstünlik näme diýen sowala jogap agtaralyň.

Üstünlik ˗ bu haýsy-da bolsa bir ugurdan seniň ýeten menziliň, göterlen basgançagyň, beýlekilerden tapawutly tarapyň.

Üstünlik ˗ bu seniň işjeňligiň, erjelligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, bir maksada baş goýup, öňde durýan wezipelere düşünip, ýeten sepgidiň.

Üstünlik ˗ bu seniň maksat goýup, yhlasly çekilen zähmetiň netijesinde myradyňa ýetmeklik diýmekdir.

Beýik Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn:

Yhlas bilen bir kämile gol beren,

Ýeter maksadyna, ýetmeýän galmaz.

Eýsem, kämil kim?

Kämil ˗ bu üstünlige ýetmekde seni dogry ýola ugrukdyrýan, ýol görkezýän, hünär öwredýän, hünärmen edip ýetişdirýän öz kärine belet, nusga alarlykly adam, şahsyýet.

Durmuş ˗ bu ýaşaýyş meýdançasynda bolup geçýän hereketleriň, emosiýalaryň we erk tagallalaryň jemlenýän ýeri.

Ýaşaýyş meýdançasy bolsa gapma-garşylyklaryň, kynçylyklaryň ýüze çykýan,  olary ýeňip geçilýän ýa-da olardan ejiz gelnip, öňünde müzzerilýän ýer.

Türkmen aga aýdypdyr:

“Serçeden gorkan dary ekmez”.

-ýa-da:

“Batyr bir gezek öler, gorkak müň gezek”.

Barlyk ýaşamak, ýaşaýyşyň hözirini görmek üçin ýaradylypdyr. Şonuň üçin ýaşaýyşda, durmuşda ynamly ädimleri ädip, durmuşyň ähli ugurlarynda üstünliklere ymtylmaly, öz öňüňde aýdyň maksatlary goýup, olara ýetmegiň ugrunda çalyşmaly. Öz ömrüňi we durmuşyňy meýilleşdirmeli. Taslamalaşdyrylan ýaşaýyş-durmuş meýilnamasy ýakyn we uzak döwri nazarlamaly.

Üstünlik gazanmak, üstünlige ýetmek ýaşaýyş-durmuşymyzyň ähli ugurlarynda, basgançaklarynda, pursatlarynda bolup biler. Mysal üçin, okuwda, zähmet işinde, oýunda, bäsleşiklerde, ylymda, döredijilikde, medeniýetde, sungatda, sportda…

Sportda üstünlik gazanmak ˗ bu irginsiz türgenleşigiň, gazanyljak ýeňişe öňünden ynanmak, içki gorkyny basyp ýatyrmak, garşydaşyň mümkinçiliklerini öwrenip, oňa öz original geýim-planyňy garşy goýmak, beýlekilere meňzemezlik, zähmetsöýerlik we ş.m. diýmekligi aňladýar.

Sungatda üstünlik ˗ bu beýlekileriň görmedik zadyny görüp, gurup bilmedik zadyny gurup, aýdyp bilmedik zadyny aýdyp, ýörelmedik ýodadan ýöremek, sazy başgalara öýkünmän özboluşly heňde çalyp, aýdymy mahmal owazly aýdyp bilmekdedir. Şahyr bu babatda şeýle diýýär:

Üçleme diýip, dörtleme diýip,

Ownama şahyr, ownama,

Başgaň aýdan aýdymyny,

Döwneme şahyr, döwneme.

Ylymda üstünlik ˗ bu iňňe bilen guýy gazyp, datly suwa ýetmekdir, şol suwdan ylmy giňişligi gandyrmakdyr.

Bilimde üstünlige ýetmek-täze innowasion tehnologiýalary ulanyp, ýaşlara döwrebap bilim berip, olary ösen şahsyýetler edip, jemgyýete sazlaşykly goşmakdyr.

Üstünlige ýetmek üçin, ilkinji nobatda, başlan işiň ahyrky maksadyna düşünmek zerurlygynyň orta çykmagy möhüm faktorlaryň biridir. Üstünlik gazanmak üçin barýan ugruňy saýgarmaklyk, edýän işiňe aňryýany bilen belet bolmaklyk hem  möhüm şertlerden hasaplanylýar.

Okuw durmuşynda üstünlige ýetmek.

Geliň, gürrüňi umumy orta bilimden başlalyň. Orta bilimiň maksady şahsyýetiň ylmy dünýägaraýşyny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Şunlukda, her bir mekdep okuwçysy umumy orta bilimi alýan döwründe berilýän ylmy bilimleriň esasynda kemala geliş prosesini başdan geçirýär. Mugallymlar olaryň ukyp-başarnyklarynyň gözüni açýar. Olarda ylmy bilimlere bolan motiwasiýany döredýär. Her bir okuwçyda öwrenmek, özleşdirmek, döretmek islegi oýanýar. Aňly-düşünjeli hereket başlanýar.

Bu işde her bir okuwçynyň işeňňirligine, maksada okgunlylygyna, erjelligine, üşükliligine, edýän işine düşünýänligine, gözýetimine, göz öňüne getirmelerine, döredijilik fantaziýasyna kän zat baglydyr. Üstünlige ýetmek üçin psihiki işjeňligi aktiwleşdirmeli. Psihiki işjeňligiň esasynda bolsa fiziologik(beden) saglyk bilen bir hatarda psihiki saglygyň hem ýatandygyny hem-de olary sazlaşykly, kadaly ýagdaýda saklanmaklygyň  möhüm şertleriniň biridigini-de belläp geçeliň. “Herekete-bereket” diýen etnopedagogik aýtgy  şu jähetden özüniň durmuşylygyny subut edýärde oturyberýär.

Okuw durmuşynyň hünär ugry ýa-da hünär okuwlary şahsyýetiň ýetginjeklikden saplanyp ugran döwürlerinden başlanýar. Şol döwürde ýaşlar özleriniň geljekki hünärleri hakynda alada edip ugraýarlar. Bu meselä ene-atalaryň goşulyşmagy, mugallymlaryň maslahatlary hem düşnükli bolsa gerek. Çünki ene-atadan has öňürti mugallym her bir çaganyň bilim derejesine, ukyp-başarnyklaryna, indiwidual-psihologik aýratynlyklaryna aýdyň göz ýetirýär.

Okuwçy hünär bilimini: başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň birini saýlap tutýar. Maksat- okuwa girmek, okamak, hünär bilimini ele almak. Ol şeýle bolsa ne ýagşy!…

Ilkinji nobatda özüniň geljekdäki hususy durmuşyny ýagtylandyryp biljek hünärini dogry saýlap bilen adam hünär okuwlaryny, tejribeliklerini dogry amal edip, üstünlige ymtylyp biler. Olarda üstünlige ýetmek üçin esas hem bar, mümkinçilik hem bolar. Sebäbi bu ýerde isleg, motiwasiýa, höwes, ymtylyş ýatyr. Başga ýagdaýda üstünlige barýan ýol tikenekli, çarkandakly bolup, seni barýan ýoluňdan çykmaga, gyra çekilmäge mejbur eder. Sen iki ýoluň arasynda galyp, barýan ugruňy ýitirersiň.

Kim bolsaň bol, saýlan hünäriňe söýgiňi bagyşlamaly, yhlasyňy siňdirmeli, hemişe gözleglerde bolmaly. Bularyň ählisi birigip, seni kämillik köşgüne alyp barar. Bu bolsa seniň üstünligiňdir! Çünki gözleg üstünlige alyp barýan ýoldur.

Hünär adamy bezeýär.

Gojaman Zeminde müňlerçe hünär bar. Olar ynsanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, ýaşaýan sebiti, ykdysady zolagy bilen baglanyşykly ýüze çykýar, döreýär we ýola goýulýar.

Her bir adam özüniň ukyp-başarnygyna, temperamentine, gylyk-häsiýetine laýyklykda hünär saýlasa dogry bolar. Şonda ol saýlan hünäriniň hötdesinden abraý bilen geler we bu hünäre bolan höwesiň beýlekilerde hem döremegine ýardam eder.

Hakykatdan hem, her bir hünär işi, eger-de ol hünärmen tarapyndan dogry berjaý edilse, özüne çekýär. Mysal üçin, ökde işçi, başarjaň mugallym, eli ýeňil lukman, ezber halyçy we ş.m. Muny kompozitor Nury Halmämmedowyň, hudožnik Aýhan Hajyýewiň, şahyr Kerim Gurbannepesowyň mysalynda görkezmek bolar. Olara üstünlik ýöne ýere gelmedi. Olar saýlan hünärlerini söýdüler. Söýgi bilen gurşalan hünär bolsa olary arşa galdyrdy. Olar saýlan hünärlerini beýikliklere göterdiler. Hünär hem öz gezeginde olaryň adyny arşa galdyrdy. Şahyr aýtmyşlaýyn:

Altyn bolup gözleriňe görüner,

Söýgüli garasaň mise, gözelim.

Adam hünäri bezeýär. Hünäriň erbedi ýok. Hünäri göze ildirýän, esasan, hünär adamsy. Türkmen halysy halyçy gelin-gyzlarymyzyň çeper elinden çykýan deňsiz-taýsyz sungat eseri. Diýmek, biziň gelin-gyzlarymyz halynyň gözel çykmagy üçin özleriniň zehinlerini siňdirýärler.

Türkmen zenanlary özleriniň düşbürligi, ýiti zehini, hünäre wepalylygy, gylyk-häsiýeti, giň dünýägaraýşy, durmuşa bolan söýgüsi, yhlasy, içki we daşky gözelligi bilen hususy keşplerini hala siňdirýärler. Türkmen halysynyň dünýädäki meşhurlygy, megerem, şundan gelip çykýandyr.

Durmuş okuwy babatda aýdylanda, bu bütin durky bilen okuwyň tejribelik(empiriki)  görnüşi bolup orta çykýar.

Durmuş okuwyny biziň ählimiz geçýäris. Bu okuw, ýörite gurnalan okuw durmuşyndan tapawutlylykda, seniň okuw durmuşyňy dolandyrýan adam bolan mugallymsyz bolup geçýär. Durmuş okuwy bizi gapma-garşylyklaryň öňünde ýüzbe-ýüz goýýar. Bu ýerde mugallymy gündizlerine çyra bilen gözleseň hem tapmarsyň. Durmuş okuwynyň mugallymy durmuşyň özi. Ol bize durmuş sapaklaryny berýär. Her ýaşalan gün – bir sapak. Her ýaşalan hepde – bir hekaýa. Her ýaşalan aý – bir dessan. Her ýaşalan ýyl – bir roman… Ertirki örjek her bir günüň – tapmaça. Bu ýerde ähli žanr öz ýerinde. Sen oňa düşünmeli, gatnaşmaly, öz keşbiňi çekmeli, öz roluňy ýerine ýetirmeli. Şahyr aýtmyşlaýyn:

Mertebäňi mydam belent tutjak bol,

Bu durmuş oýundyr diňe utjak bol,

Maksat goýup, soňra oňa ýetjek bol,

Üstünlik ýaranyň bolsun, gardaşym!

Durmuş okuwynyň syrlaryna düşünmek üçin är ömrüni ýaşamaly. Okuwyň netijelerini nesillere geçirmeli, olar şol okuwa taýýar bolar ýaly…

Durmuş okuwlaryny üstünlikli geçmek üçin nusgalyk ynsanlaryň durmuş okuwyny öwrenmeli, olardan ugur almaly.

Jek Londonyň “Martin Idenini”, Teador Draýzeriň “Amerikan tragediýasyny (betbagtçylygy)” okansyňyz. Görülip oturylsa, ýeňil durmuş ýok. Durmuşda “Ýoly ýörän ýeňer” diýen pähim bar. Şahyr Gurbannazar Ezizow muny goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär:

Dünýä gelip göz ýetirdim bir zada,

Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde.

Durmuşda üstünligiň açaryny ele almak üçin oňa beletlerden görelde almaly, olaryň maslahatlaryna eýermeli. Üstünligiň açaryny her kim bir zatdan gözleýär: kimdir birleri ene-atasynyň gazanan pulundan, baýlygyndan, ýene birleri wezipeli daýy-daýzasynyň derejesinden. Ony kim gökden, kim ýerden, kimseler bolsa suwdan… Garaz, ýoly köpmüş üstünlige ýetmäniň. Ýöne onuň açary halal zähmetde, arassa ahlakda, çekýän zähmetiňe, edýän işiňe düşünmekde we çynlakaý çemeleşmekde…

Üstünlik häzirki zaman dünýäsinde çalt hereketde, ýeňil gopmakda, her bir pursata çeýe çemeleşmekde, pursatlardan dogry baş alyp çykmakda.

Üstünlige ýetmek üçin Görogly ýaly göreşmeli, Pyragy ýaly garaşmaly.

Okuw durmuşynda üstünlige ýetmekligiň, özüňi ykrar etdirmekligiň taglymy esaslary öwredilýär.

Durmuş okuwynda bolsa durmuşdan ugur almaly, durmuş bilen aýakdaş gopmaly, hereket etmeli bolýar. Üstünlik her kimiň özüne bagly. Ol öz-özünden gelmeýär. Onuň şeýledigini her kim özüniň durmuş ýolunda görüp gelýär. Mysala ýüzlenip, munuň şeýledigine göz ýetirip bolar (öz durmuşymdan tymsal).

Men Bäherden etrabynyň Muhammetguly Atabaýew adyndaky orta mekdebini tamamladym. Okuwa yhlas bilen çemeleşýärdim. Mugallymlardan bir-iki sapak öňe geçýärdim. Okuwy altyn medal bilen tamamlamaklygy meýilleşdirýärdim. Sebäbi okuwçylara juda seýrek berilýän SSSR-iň “Göreldeli okuwçy” nyşany bilen sylaglanypdym. Emma dürli sebäplere görä hasabym çykmady.

Mende ýokary okuw mekdebine girmek motiwasiýasy örän güýçlidi we ýerliklidi. Men ykdysadyýetçi hünärini saýlap tutdum. Gynansagam, şol ýyl girip bilmedim, üçünji synagdan taýdyrdylar.

Watan öňündäki harby gullugymy berjaý edip, Türkmen oba hojalyk institutynyň ykdysadyýetçi hünärine resminamalarymy tabşyrdym. Ýene-de üçünji synagdan geçip bilmedim. Appelýasiýa berdim. Giç boldy.

“Pogroniçnik” kolhozynda işe durdum. Suw tutdum, pagta ekdim. Ähli ýerde öňdebaryjy boldum.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty fakultetini saýlap tutdum. Giriş synaglaryndan zordan geçip, talyp boldum. “Hiçden giç ýagşy” diýlişi ýal, bu ýokary okuw mekdebinde üç ýyl okap, täze açylan Aşgabadyň rus dili we edebiýaty pedagogik institutyny göreldeli talyp bolup tamamladym.

Zähmet ýoluna düşdüm. Mekdepde-de, Döwlet kitaphanasynda-da, häzirki zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimde-de, söwdada-da, döredijilikde-de mende liderlik hili agdyklyk edýärdi. Ýöne “birinji” bolmak kyn düşýärdi. Şonda-da menden çagalygymdan bäri dowam edip gelýän gönümellik (prinsipiallyk) ädehedi daşlaşmady. Ýöne durmuşda bu prinsipe eýermek ýeňil düşmeýär, ýagny durmuşdaky wakalar, gapma-garşylyklar ertekilerdäki ýaly bolup geçmeýär, olar düýbünden başgaça.

Şonuň üçin üstünlige ýetmekde “Bir ädim öňe, iki ädim yza” diýen şygardan ugur alyp, käbir ýagdaýlarda çeýeligi saýlamaklygyňyzy maslahat berýärin. Soňra, goýberen ýalňyşlyklaryňy düzedip, täze güýç bilen  hereket eder ýaly. Muny okuw durmuşy öwretmese-de, durmuş okuwy öwredýär. Meniň “Gyzlaryma” atly goşgular toplumymda:

“Durmuş uly kitap, öwrenip ýaşa!” diýen setir bar. Bu meniň mundan buýanky ýaşaýyş-durmuşymyň şygaryna öwrüldi. Çünki durmuş meniň ussadym, durmuş meniň mugallymym. Men ondan üstünlige alyp barýan ýolda onuň syrlaryna aralaşdym. Olara, ilkinji nobatda ymtylyş, ynam, meseläni wagtynda görüp, onuň çözgütlerini original çözüp bilmek, her bir ädimde, her bir işde döredijiligi özüňe ýaran edinmek degişlidir.

Isleg, arzuw, höwes we motiwasiýa – ine üstünligiň esasy çeşmesi, girewi we şerti. Şolardan daşlaşylmadyk ýagdaýynda, wagty girewine alyp bilseňiz (wagty girewine almak diýmek, meniň düşünjämde wagty bihal geçirmezlik, ony gyzyldan gymmat saýmak diýmekligi aňladýar), siz hökmany ýagdaýda üstünlige ýetersiňiz.

Üstünlik hemraňyz bolsun, adamlar!!!

Şyhmustapa HUDAÝBERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri