GENEL

Doganlyk ýurtlaryň bilelikdäki neşir işleri

Iki ýurduň döredijilik işgärleriniň we alymlaryň özara gatnaşyklary üçin oňyn şertler Türkmenistanyň özünde-de ýüze çykyp ugrady. 2005-nji ýyldan bäri, Aşgabatda her ýylda Halkara kitap sergisi geçirilip, oňa eý-ranly kärdeşlerimiz yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa, öz gezeginde, diňe olar bilen içgin tanyşmaga şert döretmän, eýsem neşir eden kitaplary bilen kitaphanalarymyzyň gaznasynyň üstüni ýetirmägede mümkinçilik berýär.

1993-nji ýylda Aşgabatda EYR-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanynda Medeniýet merkeziniň açylmagy oňyn çäreleriň biri boldy. Bu edara Eýranyň taryhy senelerine bagyşlanan konferensiýalary, sergileri, şol sanda öz ýurdunyň gazananlary bilen Türkmenistanyň jemgyýetçi-ligini we okyjylar köpçüligini tanyşdyrýan kitap sergilerini geçirip başla-dy we bu işler häzir hem dowam etdirilýär. Medeniýet merkezi döredijilik işgärleriniň Eýrandan Türkmenistana, kä mahallar Türkmenistandan Eý-rana ýekebara we toparlaýyn saparlaryny gurnaýar. Ol şeýle-de, Türkme-nistanyň Ahal welaýatyndan Mary welaýatyna çenli uzalyp gidýän dag etek zolagynyň geografik adyny göterýän „Haweran” atly reňkli pasyl-namany rus dilinde neşir edýär. Onda iki ýurduň alymlary Türkmenistan we Eýran bilen bagly gyzykly makalalaryny çap edýärler. Merkezde pars dilini öwredýän hemişelik kurs hem ýola goýlupdyr.

  Soýuz döwründe we bu döwlet dargandan soňky ilkinji ýyllarda Türk-menistanda metbugat eserlerini talaba laýyk çap etmekde kyncylyklar az däldi, kitaplarymyzy goňşy ýurtlarda neşir etdirmeli bolýardy. Häzirki döwürde bu kemçilik aradan aýryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurban-guly Berdimuhamedowyň aladalary we tagallalary netijesinde 2015-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda dünýä ülňüleriniň hiç birinden gaýra durmaýan, häzirki zamanyň iň täze metbe enjamlary bilen üpjün edilen Neşirýat gullugynyň döwrebap binasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Ol dünýä derejesinde ýokary hilli metbugat eserlerini çap edip başlady.

  Emma, garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndaky ýagdaýy göz öňünde tutup, Eýranyň Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi türkmen alymlarynyň we ýazyjylarynyň birnäçesiniň eserlerini öz asyl nusgalarynda we pars dilinde neşir etmäge ýardam etdi. 2004-nji ýylda Medeniýet merkezi me-niň „Köne türkmen basma kitaplary” atly monografiýamy türkmen dilin-de 1000 nusgada çap edip çykardy [16]. Ol Eýranyň Aşgabatdaky Ilçiha-nasynyň ýanyndaky medeni meseleleri boýunça Geňeşçisi doktor G. Gulamhüseýinzadanyň kiçiräk sözbaşysy bilen açylýar. Onda eýranly kärdeşimiz biziň işimize şeýle baha beripdir: „Jenap Almaz Ýazberdi, dostlukly we doganlyk Türkmenistanda, öz ömrüniň köp ýyllaryny bu meseläni öwrenmeklige bagyş eden alymlaryň biridir. Ol Orta Aziýa alymlarynyň pars we arap elipbiýlerinde neşir edilen kitaplarynyň taryhy bilen tanyşdyrmaga çalyşypdyr. Bu örän gymmatly iş. Ol jemgyýetde ilatyň giň gatlaklarynyň dünýägaraýşyny giňeldýär, halklaryň arasynda dostlugyň we özara gatnaşygyň berkemegine ýardam edýär. Şonuň üçin, Eýran Yslam döwletiniň Medeniýet merkezi öz işinde turuwbaşdan iki halkyň arasyndaky dostlugy berkitmek hyjuwyndan ugur alyp, bu ylmy we gymmatly işi gyzgyn kabul edip, ony çapa taýýarlap alymlara, iki goňşy we dostlukly ýurtlaryň giň okyjylar köpçüligine ýetirmekde öz goşandyny goşmaga çalyşdy” [16.S.].

 2011-nji ýylda bu Merkez meniň Merwiň orta asyr kitaphanalarynyň taryhy boýunça ýazan işimi türkmen we pars dillerinde 500 nusgada çap edip çykardy [50][1]. Ol doktor Seýit Ryza Mirmuhammediniň gözegçilik etmeginde neşir edildi. Işi türkmençeden parsça Merkeziň işgäri A.Dur-dyýewa terjime edipdir.

 Şol döwürde EYR-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna we onuň Medeniýet merkezine Eýrandan türkmen intelligensiýasynyň wekilleri işlemek üçin gelip başladylar. Ilkinjileriň hatarynda ýokarda ady agzalan Araz Muham-met Sarly we onuň aýaly Bibi Hamida Muhammetniýazi 1999-2002-nji ýyllarda Eýranyň Ilçihanasynyň ýanynda pars we türkmen dillerinden sapak berdiler. A.M.Sarly Tähran uniwersitetiniň taryh fakultetiniň uçurymy, taryh ylymlarynyň doktory, iki jiltden ybarat „Türkmenistanyň taryhy”[23], „Türküstan taryhyň sahypalarynda”[24], şeýle-de pars we türkmen dillerinde çap edilen köp sanly beýleki kitaplaryň we makala-laryň awtorydyr. Türkmenistanyň prezidenti S.Nyýazowyň 1995-nji ýylda Eýrana bolan saparynda [3], bu ýurduň prezidenti H.Rafsanjani oňa A.M.Sarlynyň ady agzalan „Türkmenistanyň taryhy” atly düýpli eserini sowgat beripdir. 2002-nji ýylda bu eser Eýranda taryhy mowzuk boýunça ýazylan eserleriň bäsleşiginde birinji ýere mynasyp bolupdyr. 1999-njy we 2010-njy ýyllarda ol ýene-de Tähranda iki gepek gaýtalanyp neşir edilipdir.

 A.M.Sarly 1997-nji ýylda Gürgende Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän hususy metbesini esaslandyrypdyr. Şol döwürden başlap maz-muny boýunça Türkmenistan bilen baglanyşykly Eýranda neşir edilýän kitaplaryň esasy bölegi, şeýle-de türkmen dilindäki çeper eserleriň ählisi diýen ýaly „Pyragy” metbesiniň paýyna düşýär. Olar A.M.Sarlynyň gys- gajyk sözbaşysy bilen açylýar. Şeýle-de, A.M.Sarly 1998-nji ýyldan baş-lap, öz metbesinde her pasylda bir gezek pars we türkmen dillerinde neşir edilýän eýran türkmenleriniň edebi, medeni we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna bagyşlanan halkara, „Pyragy” atly Žurnalyny hem neşir edip gelýär. Häzirki döwre çenli onuň 72 sany goýberlipdir Ol Eýranyň çäkle-rinden uzaklarda hem abraý gazanan döwürleýin neşirdir. Onda türkme-nistanly alymlaryň hem köp sanly makalalary çap edilipdir. „Fragy” Žur-nalyny çapa taýýarlamaklyga we neşir etmeklige A.M.Sarlynyň maşgala agzalarynyň ählisi gatnaşýarlar. Olaryň alyp barýan işlerini gysgajyk hem bolsa ýatlap geçmäge mynasypdyr.

Taryh ylymlarynyň doktory Almaz Ýazberdiýewiň “Türkmenistan bilen Eýranyň kitap alyş-çalyş işiniň taryhyndan”  atly ylmy işden bir parça. Ylmy işiň dowamy bar. Ylmy işiň öňki parçalary saýtymyzda geçen günlerde ýerleşdirildi. Ylmy iş okalan wagtynda yzygiderligi gazanmak üçin, şol parçalaryň saýta ýerleşdirilen senesine görä okamak maslahat berilýär.

 

 


   Bu iş L,Jinşa, Ş.Çaryýew, A.Durdyýewa, D.Orazsähedow tarapyndan dört gezek pars diline terjime edildi we her sapar ol täzeden işlenildi we üsti ýetirildi. Onuň soňky has doly görnüşiniň terjimesini D.Orazsähedow ýerine ýetirdi we ol bu jildiň 176–234-nji sahypalarynda ýerleşdirildi.                                                                                                  

Ýene-de okaň

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak

Büyükelçi Mövlamov Pakistan petrol bakanını Türkmenistan’a davet etti

Türkmenistan ile BAE Dışişleri Bakanları Abu Dabi’de buluştu

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi