GENEL

Dünýäniň iň gymmatbaha sport brendleri

Bu barada «Forbes» neşiri habar berdi. Onda ýazylmagyna görä, «Nike» häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat sport brendidir. Onuň bahasy 36,8 milliard dollara ýetýär.

Sanawyň ilkinji 10-lugyna ABŞ-nyň kabel arkaly görkezilýän sport teleýaýlymy bolan ESPN (bahasy 13 milliard dollar), «Adidas» (11,2 milliard dollar), «PepsiCo» kompaniýasynyň izonotik içgilerini öndürýän «Gatorade» markasy (6,7 milliard dollar), Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň bilelikdäki «Sky Sports» teleýaýlymy (4,4 milliard dollar), «Puma» (4 milliard dollar), «Under Armour» (3,5 milliard dollar), UFC başa-baş göreş çempionaty (2,4 milliard dollar), «YES Network» (1,5 milliard dollar) we «Reebok» (800 million dollar) girýär.

2019-njy ýylyň jemleri boýunça dünýäniň iň gymmat bahaly sport wakalarynyň arasynda Amerikanyň futbol möwsümi birinji orny eýeledi. Muňa ýurduň Naýbaşy kubogy ugrundaky duuşyk hem girýär. Çempionatdan we aýgytlaýjy duşuşykdan alnan girdeji şu ýyl 780 million dollara ýetdi.

Bu sanawyň ilkinji dörtlügine 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty hem girizilipdir. Neşiriň ýazmagyna görä, Russiýa 2014-nji ýylda Braziliýanyň gazananyndan 27,7 göterim artyk girdeji aldy. Şeýlelikde, Dünýä çempionaty ― 2018-iň Russiýa getiren peýdasy 282 million dollara ýetdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Devlet Başkanı’ndan Donald Trump’a taziye mesajı

Türkmen halkının Milli Lideri ile Kırgızistan Cumhurbaşkanı telefonda görüştü

Türkmenistan ile Afganistan TAP-500 enerji nakil hattı projesini görüşüyor

Ata Watan Eserleri

TAPI doğalgaz boru hattı projesi ivme kazanıyor

Afganistan, Türkmenistan ve Çalık Holding üçlü toplantısı Kabil’de yapıldı

Özbekistan Cumhurbaşkanı, Türkmenistan ile çok yönlü ortaklığı genişleteceğiz