GENEL

Diplomatlaryň düzediş edarasyna tanyşlyk sapary

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan habar berilişine görä, 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna tanyşlyk sapary bilen bardylar.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda eden çykyşynda, raýatlaryň parahat we abadan durmuşda ýaşamagy babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada, şeýle-de adamzadyň durmuşyna howp salýan terrorçylyga garşy göreşmegiň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan halkara derejesinde degişli çäreleriň alnyp barylýandygy we Türkmenistanyň bu babatda işjeň hyzmatdaşdygyny belledi.

 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem döwletiň kanun çykaryjylyk binýadyny has hem berkitmek we hukuk ulanyjy tejribeleri ösdürmek bolup durýar. Şunuň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti birnäçe ýyllaryň dowamynda ynsanperwer ulgamda hereket edýän halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bolup, ýurduň hukuk kuwwatyny berkitmeklige, şol sanda terbiýeleýiş edaralar ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler toplumyny ýerine ýetirýär.

 

Ýurdumyzdaky diplomatik korpusyň wekilleriniň saparynyň maksady hem, bu düzediş edarasynyň işi, onuň maddy-tehniki binýady we ondaky tussaglaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanyşmakdan ybarat bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmen Halkının Millî Lideri Avusturya Cumhuriyeti’ne ziyaret gerçekleştiriyor

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, Yolöten ilçesinde kurlacak modern kasabanın temelini attı

Ata Watan Eserleri

Aşkabat, BDT dönem başkanlığı kapsamında Rusya’nın üst düzey yönetimini ağırlayacak

Türkmenistan Dışişleri Bakan Yardımcısı, Kore Cumhuriyeti Göçmenlik Servisi Komiseri ile görüştü

Türkmenistan ürünlerini “Kazan Halal Market” Uluslararası Fuarı’nda sergileyecek

Türkmen halkının Millî Lideri Valentina Matviyenko’nu doğum günü ile kutladı