GENEL

Dılı bolmaýan Laldyr, emma Lalyň hem Dılı Bardyr

Dilsiz hiç zat ýokdur. Durmuş, ýaşaýyş diliň esasynda gurlandyr. Ylymy-da, medeniyeti-de, sungaty-da dilsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Dil bilen baglanyşygy, gatnaşygy bolmaýan ylym-da ýokdur. Galyberse-de, dilimiz bütin ylymlar bilen özara arabaglanyşykdadyr. Matematikaçylar özüniň dilini güýjini simwollardan, sifrlerden, sanlardan alýan bolsalar-da, kemterlerini, ýetmezlerini A noktadan B nokada çenli diýip, ýa-da bir üçburçluk çyzyp, oňa-da ABC üçburçlugy atlandyryp, ýene biziň harplarymyz bilen doldurarlar. Bu matematika ýaly durmuşda iň ähmiýetli ylym pudagy bolan hünäre göwniýetmezçilik däldir. 

Bir taryhy wakany dilsiz (dilden ýa-da ýazuwdan) asla beýan edip bilmejekdigiňiz düşnüklidir.

Botanikaçynyň tohum, kök, pudak, ýaprak, miwesine çenli dildir. Bu hakynda makalanyň içinde çaklaňja bir bölümçe-de bar: Türkmen has atlarynyň botaniki güýji.

Kompýuterçi “başlat” işligimiz bilen başladan programmasyny “kompýuteri ýap” sözlemimiz bilen gutarjakdyr. 

Bir gurluşyga başlaýan ussa haýsydyr bir binany emele getirmekçi bolsa, ilki onuň düýbüni tutup, fundamentini guýar. Ondan soňra onuň diwarlaryny emele getirmek üçin agglýutinatiw (goşulmasy köküne ýapyşdyrylmaly häsiýetli) dil bolan türkmen diliniň sözlerini emele getiren fonemalaryna (seslerine) meňzeýän kerpiçlerini hatara düzmäge başlar.      

Bu ýagdaýy türkmen dilinden başga dillerde-de görmek mümkindir. Diýmek, bir tarapdan etnik, beýleki bir tarapdan-da anatomik, fiziologik güýç birleşip, sonunda-da bir lingwistik atlandyrma ýüze çykarylypdyr. Bu hakynda biraz soňra giňişleýin görnüşde beýan etmekçidiris.

Häzir bolsa reňkli gutulardan gürrüň edeliň.   

GUTY GÜÝJI NÄMEKÄ?

Bilşiňiz ýaly, biziň gatnawlarda, saparlara çykanymyzda münýän uçarlarymyzdaky uçarmanlaryň gepleşiklerini we uçuşy barlag etme merkezinde gelen habarlary alyp saklayan serişde hökmünde ulanylýan gara guty bar bolsa, adamlarda-da şoňa meňzeş bir guty bardyr.

Ýöne bu guty uçarlarda atlandyrylyşy ýaly däldir, başgaça aýdanymyzda, onuň reňki gara däldir, akdyr. Bu ak guty adamlaryň sözlük hazynasyndaky sözleriň hakyky we ýanaşyk manylaryny görkezmek bilen bir hatarda olaryň beýleki ylymlardan gelen maglumatlary-da  düşündirip bilme ukybyna eýedir.

Bu gutynyň-da özeni dildir, diwarlary hem dilden ybaratdyr. Ak gutyny özünde göterýän adamlarda beýniniň güýji nähili derejede bolsa, bu güýç özüni ulananlaryň sözlerine-de şonça derejede täsir etjekdir. Şol sebäpli türkmen diliniň beýleki ylymlar bilen baglanyşygy ýa-da sözlerimiziň manysyndaky ylmy agyrlyk güýji ak guty diýilýän beýnimiziň güýjüne baglydyr.  

TERMIN ÝERINE ADALGA

Türkmenler 1925-1940-njy ýyllaryň arasynda neşir eden okuw kitaplarynda, ilkinji grammatikalarynda “adalga” sözüni ulanyp başlapdyrlar. Soňra kiril harplaryna geçilmeği bilen terminologiýada-da özgerişler bolup, adalganyň ýerini “termin” diýen söz alypdyr. Häzirki wagtda ýene terminden “adalga” gaýdyp gelindi.

“Adalga” sözleriň at almagy bilen baglanyşyklydyr. Diýmek, sözleriň bary özüne mynasyp at alandyrlar. Eýsem, dilimizde ulanýan bütin sözlerimiz adalga bolup bilermi? Bu soragyň şu wagt anyk jogaby ýok. Derňew etmezden, içgin öwrenmezden anyk jogap berip bolmaz. Ýöne ylmy nukdaýnazardan seredilende, köpsanly sözlerimiziň adalganyň hyzmatyny ýerine ýetirip biljekdigini çaklamak mümkin. Çünki, her söz özüne mahsus at alan, her biri adalga diýilmäge mynasyp.

Bu ýerde degişme häsiýetli bir mysaly gözden geçireliň.

Rusçada “безымянный палец”, Türkçede “adsız parmak” diýlen barmagyň adyna türkmenler “Ogulhajat” barmagy diýýärler.

Türkçe Sözlükde   “adsız parmak” diýilse-de, ahyrynda ol söze “yüzük parmağı” diýlip düşündiriş berlipdir. (TS, I c. s.27).

Türkmen diliň düşündirişli sözlügine seredenimizde bolsa, tersine atsyz barmagyň ýörite ady bardyr. Oňa “Ogulhajat barmagy” diýilýär. Şol bir wagtyň özünde-de “Ogulhajat”, türkmen gyzlaryna dakylýan has atdyr.

BARMAKLARYÑ GADYR-GYMMATY WE DURMUŞDAKY ÄHMIÝETI  

Hut ýeri gelendigi sebäpli barmak sözüniň ylmylyk we göçmelik güýji hakynda gysgaça maglumat bermekligi ýerlikli hasapladym.

Barmak” (Türkçe: parmak; Rusça: палец) matematiki taýdan adama hemişelik mugt berlen bir hasap abzalydyr. Adama barmaklar diňe bir san sanamak, hasap etmek üçin berilmeýär. Barmaklaryny büküp sanamasalar-da, haýwanlar hem barmaklaryny gerekli ýerinde ulanyl bilýärler.

Eýsem, dilimize rus diliniň üsti bilen geçen “калькулятор” sözünde-de “gol /kol; kürek/kalça” sözleriniň yzlary ýokmuka?! Çünki, barmaklarymyz dürli arifmetiki hasaplamalarda hemişe barmaklaryň hemaýat berýändigini bilýäris. Galyberse-de, biziň barmaklarymyz hukuky taýdanda-da hem janly şaýat hem-de delil tutarygydyr.

Türk dilinde “imza atmak”, rus dilinde “подписаться”, “постивить подпись”, türkmen dilinde “gol çekmek”, “gol goýmak”, “barmak basmak” işlikleri-de bu tutaryga goldaw berjekdir. Ýazyjynyň galamy onsuz işlemez, galamsyz kompýuterde ýazaryn diýseňiz-de ýalňyşarsyňyz, kompýuteriňizi “on barmaksyz” nähili ýazjaksyňyz? Operasiýa edýän lukmanyň-da barmaksyz işlemeği mümkin däldir.

Barmak basmak” durnukly aňlatmasy babatda-da şuny aýdyp bileris. Bir wagtlar okama-ýazma bilmeýär, sowatsyz, şonuň üçin gol çekdirmegiň ýerine diňe barmak basdyrýarlar diýýärdiler. Emma bu gün hukukda bolşy ýaly, ösen tehnologiýada hem “barmak basmak” işjeň ulanylýar.

Şeýlelikde, barmak sport, aşhana, harby, himiýa, fizika… ýaly haýsy ylym pudaklaryna ýüzlenseňiz-de, onuň ilkinji şertleriniň biriniň barmaklardygyny görersiňiz.

Ýene-de okaň

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri

Türkmen Tarafsızlığının edebiyattaki izleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da İran’ın Agrofood Fuarı açıldı

İran Enerji Bakanı Abbas Aliabadi’nin Aşkabat ziyareti

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Afganistan’a ziyaret gerçekleştirdi

Japon şirketleri Türkmenistan’da yeni üre tesisi kuracak