GENEL

“Dıl Tamynyň Düýbünı Tutan” : Türkmen Ussasy

Türkmen diliniň tejribeli alymy Muhammet Geldiýew 1931-nji ýylyň ýanwar aýynda aradan çykypdy. Ony hormatlap ýatlamak we okyjylarymyza gysgajyk maglumat bermek üçin şu çaklaňja makalany taýýarladyk.

Makalanyň sözbaşyndaky durnukly aňlatma türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýewiň aşakdaky gynanç bildirip ýazan goşgy setirlerinden alyndy.  Bu goşgy şol döwrüň “Türkmenistan” gazetinde çykypdyr. Onuň doly nusgasy aşakdaky bentlerden ybaratdyr: 

 

                           “Dili kada salyp duran, eý dilci,

                            Aramyzdan çykdyň, neneň dillenmen?

                            Dil derdiniň dermanydyň, eý tebip,

                           Elimden aldyrdym, niçik dillenmen?

 

                            Türkmen dilin kada salyp başlan sen,

                           Dil ugrunda on bäş ýyllap işlän sen.

                        

                          Dil sapagyn ele alyp dynuwsyz,

                         Deşik, dilik ýerin çatyp ýörmediň,

                        Göz kütelip, güýç-kuwwatyň gaçsa-da,

                        Janygyp işledin, asla armadyň.

                          Bilsem-de men mundan ozal gadryňy,

                         Dilim dişläp, awunamsoň bilýärin.

                        Türkmenistan ülkesiniň dilcisi,

                        Hemişelik, seni ýada salýaryn.

                       

                         Dil tamynyň düýbün tutduň, eý ussa.

                         Şägirtleriň hökman bitir ol tamy.

                         Dört ýanyňdan ganatlaryn galdyryp,

                         Dil düzseler, galmaz onuň bir kemi.

            

                          Şuralar ilinde ösdükçe ylym

                         Ussadyny ýada saljakdyr dilim.” 

                      “Türkmenistan” gazeti, 1931, 5 ýanwar.

Ýaş wagtynda türkmen dili bilen gyzyklanyp başlan Muhammet Geldiýew türkmen edebi diliniň düýbüni tutup, onuň ilkinji kerpijini goýan ussalaryň biridir. Şol bir wagtyň özünde hem mugallym hem-de dili içgin öwrenen alymdyr.

Muhammet Geldiýew 1889-njy ýylda Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Çeleken şäheriniň ýakynyndaky Garagöl obasynda balykçynyň maşgalasynda dünýä inýär.  Onuň doglan wagtyndaky obanyň durmuşyna, ilatyň hal-ýagdaýyna düşünmek üçin aşakdaky surata göz atmaklygy ýerlikli hasaplaýarys.  

Türkmen öýlerinde önüp-ösen, ulalan Muhammet Geldiýew ilkinji bilimi obadaky mekdepde alypdyr. Oba mekdebinden soňra Buhara medresseleriniň birinde bilimini dowam etdiripdir. Soňra bolsa Muhammet Geldiýew Başgyrdystanyň Ufa şäherinde ýerleşýän meşhur “Aliýe” medressesinde okap, ýokary bilimini tamamlapdyr.

“Aliýe” medressesine degişli bolan bu suratlar (http://muslimpress.ru/wp-content/uploads/2010/02/galia1.jpg) çeşmeden alyndy.

“Aliýe” mekdebi şol döwrüň ýokary derejede bilim beren mekdepleriniň biridir. Şol wagt türk dünýäsiniň aýdyňlary, magaryfçylary bu mekdepde bilim alypdyrlar. Başgyrt, tatar, türkmen, özbek, gazak, gyrgyz halklaryndan gelen talyplar bu ýokary mekdepde okap, öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlary bolup ýetişipdirler. Şolaryň biri-de Muhammet Geldiýewdir. Ol mekdebi tamamlanyndan soňra birnäçe wagtlap tatar-başgyrt mekdeplerinde mugallymçylyk edipdir.

Türkmen alymy Muhammet Geldiýewiň eserlerden käbir nusgalarr

1.Türkmen diliniň elipbiýi we dürs ýazuwy bilen baglanyşykly işleri:

 

  1. M. Geldiýew we G. Alparow tarapyndan taýýarlanyp 1924-nji ýylda Daşkentde çykan “Elipbiý” (“Alfabe”) kitaby
  2. M. Geldiýew bilen K. Böriýewiň birlikde taýýarlan we 1928-nji ýylda Aşgabatda neşir edilen “Täze Elipbiýiň Ýazuw Düzgünleri” kitaby
  3. M. Geldiýew bilen K. Böriýewiň birlikde taýýarlan we 1928-nji ýylda Aşgabatda çap bolan “Latyn Harpy Esasynda Düzülen Türkmen Elipbisi” diyen kitaby
  4. M. Geldiýewiň täze elipbiýde ululara bilim bermek üçin taýýarlan “Daýhan Elipbiýi” diýen kitaby (Aşgabat, 1928)

2.Türkmen diliniň grammatikasyna degişli işleri:

  1. M. Geldiýew we G. Alparow tarapyndan taýýarlanylyp, 1926-njy ýylda Aşgabatda çykan  “Dil Sapaklygy” kitaby.
  2. M. Geldiýew we G. Alparow tarapyndan taýýarlanylyp,  1929-njy ýylda Aşgabatda neşir edilen “Türkmen Diliniň Gırammatykasy. Sarf-Nahuw” diýen kitaby. Bu türkmen dilinde çykan ilkinji türkmen grammatikasy hasaplanylýar.

3.Türkmen atalar sözi bilen baglanyşykly işleri

  1. M. Geldiýewiň taýýarlan Makal we Matallar Ýygyndysydiýen kitaby (Aşgabat, 1925)

Bu kitapda ilkinji gezek türkmen atalar sözlerine we nakyllaryna degişli nusgalar berlipdir.

Muhammet Geldiýewiň işlerine degişli käbir çeşmeler habar suratlarynda berilýär.

Gysgajyk ömrüniň on bäş ýylyny türkmen diliniň dürli meselelerine bagyşlan Muhammet Geldiýew diňe Türkmenistanda däl, eýsem Türk dünýäsinde tanalýan alymdyr. Aradan çykan gününiň segsen dokuzynjy ýylynda “türkmen dil ussasyny” – Muhammet Geldiýwi hormat  ýatlaýarys.

Ýene-de okaň

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri

Türkmen Tarafsızlığının edebiyattaki izleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da İran’ın Agrofood Fuarı açıldı

İran Enerji Bakanı Abbas Aliabadi’nin Aşkabat ziyareti

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Afganistan’a ziyaret gerçekleştirdi

Japon şirketleri Türkmenistan’da yeni üre tesisi kuracak