GENEL

Bäsleşik: Iň gowy taýýarlykly sanitar topar

Düýn  paýtagtymyzdaky "Galkynyş" sport toplumynda Aşgabat şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň sanitar toparlarynyň arasynda geçirilen  “Iň gowy taýýarlykly sanitar topar” atly bäsleşik geçirildi.  Sanitar toparlarynyň esasy ýerine ýetirýän wezipesi ilatyň janyna tebigy adatdan daşary  howp abananda şolara lukmana çenli ilkinji kömegi bermekden ybaratdyr. Bu bäsleşige Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýa institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institunyň şeýle hem Türkmenistanyň InŽener-tehniki we ulag kommunikasiýa institutynyň talyp ýaşlary öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşik jemi 4 şertden ybarat bolup, onuň birinji şerti her topardan iki sany talyp emin agzalara sanitar toparyna degişli zerur bolan enjamlardyr serişdeleri görkezmek we düşündirmek boldy. Soňra ikinji şerti her topardan bir talyp soragly bije çekip nazaryýetde düşündirmeli. Üçünji şerti bolsa, her toparyň ýolbaşçy talyplary soragly bijäni çekip, amalyýetde tiz wagtyň dowamynda şikes alan näsaga tiz kömegini etmekden ybarat boldy. Bäsleşigiň soňky şerti bolsa, her toparda iň çakgan talyplar çykyp, gaza garşy serişdäni tiz wagtyň dowamynda dogry şekilde geýmekden ybarat boldy. Ýaryş ýaryş bolýar, onda ýeňijem bolýar, ýeňilenem bolmaly bolýar. Şeýlelelikde, bu bäsleşikde 171 utuk bilen   Magtymguly adyndaky   Türkmen Döwlet uniwersitetiniň sanitar toparynyň talyplary 3 orna mynasyp boldy. 178 utuk bilen Türkmenistanyň nebit we gaz uniwersitetiniň sanitar  toparynyň talyplary 2 orna mynasyp boldylar. 188 utuk bilen bolsa, Halkara Ynsanperwer   ylymlary  we  ösüş uniwersitetiniň sanitar toparynyň başarjaň talyp ýaşlary 1 orna eýe  bolmagy başardylar.  Şugün bolsa, Türkmenistanyň nebit we gaz uniwersitetinde ýeňijiler dabaraly ýagdaýda hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandyrdylar.

Aýşirin Alyýewa,

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

4. Korkut Ata Türk Dünyası Film Festivali Ödül Töreni Düzenlendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın diplomatik misyonlarında basın ataşesi görevi oluşturulacak

Türkmenistan’da kabine değişikliği

TÜRKSOY Kıdemli Memurlar 4. Toplantısı Aşkabat’ta yapıldı

Türk Dünyası Sinema Zirvesi Aşkabat’ta düzenlendi

Birol Güven: Türk dünyası ile ortak filmler üretme projemiz var