GENEL

“Bir Ahwala Duş Boldum, Pikir Onda Pikre Batdy…”

Nämüçindir, haçandan bäridir bilemok adamlaryň aňynda gyz bilen oglanyň, aýal adam bilen erkek kişiniň arasynda dostluk diýen gatnaşygyň bolup bilmejekdigine baky ynam ýaşaýar?! Elimizi ýüregimiziň üstünde goýup boýun alalyň! Siziň durmuşyňyzda garşylyklaýyn jynsyňyzyň wekiline dogana bolan hem däl, kakaňa-ejeňe bolan hem däl, ýanýoldaş hökmündä göz öňüne-de getirip bilmejek, emma kyn günüňde ilki gözöňüňize gelýän adam bolandyra?! Iň gyzykly ýeri-de erkek kişiniň we aýal adamynyň arasyndaky dostluk düşünjesi iki zenanyň, ýa-da iki erkek kişiniň dostlugyndan has tapawutlanýar. Sebäbi jynslar aýry-aýry bolanlygy sebäpli bu ýerde basdaşlyk diýen düşünje düýbünden inkär edilýär. Iň gyzykly ýeri-de hat-da är-aýal hem biri-birine basdaşlyk edip bilýär, ýöne erkek bilen aýal adamynyň dostlugy muňa ýol bermeýär. Zenan maşgala ýakyn jorasynyň ýanynda hem aýdyp bilmedik, hiç haçan aýdypda bilmejek syrlaryny erkek kişä arkaýyn ynanyp bilýär, erkek kişi bolsa dostunyň ýanynda ömürylla boýun alyp bilmejek hakykatyny aýal adam bilen paýlaşyp bilýär. Çünki bu iki ynsanyň dünýäni kabul edişi düýbünden başgaça. Köp halatlarda erkek kişi üçin ejizlik bolup görnen iň sadaja hakykaty hem zenan maşgala üçin beýik batyrlyk bolup görünýär. Ýa-da tersine aýal adamynyň joralaryndan gizläp ýören beýik mertligi erkek kişiniň aňynda adaty zenan ejizligi bolup sypatlanýar. Garaz fizikanyň kanuny ýaly gapma-garşylyklar çekişýärler. Durmuşyň bu hakykatyna şeýle bir mysallar kän welin, adamlaryň özleri bu mysallary hakykatdan hem görüp bilenoklar, ýa-da “Her kim öz garyşy bilen ölçär” diýlişi ýaly içinden başga-başga pikire gulluk edip şol nädogry pikiri bilen hem netije çykaryp ýaşaberýär. Has ýaşlykdan döredijilik dünýäsine girip gidenligimdenmi, nämemi özümä şeýle pikire, ýagny zenan maşgala bilen erkek kişiniň arasynda dostluk gatnaşygy bolup biler diýen gulluk edýän. Mysal üçin şahyr täze bir goşgy ýazdy. Ol şol goşgyny ýanýoldaşyna okap berip bilenok. Belki ýanýoldaşy onuň goşgusyna düşünýän däldir, a belki-de ol bu goşga şonuň düşünenini isleýän däldir. Ýazyjy bolsa hemişe özüniň hakyky okyjysyny, diňleýjisini gözleýär. Şeýle pursatda seniň şo:ol dostuň dadyňa ýetişýär. Ol saňa beýleki jynsyň wekili hökmünde şol goşgynyň özünde galdyran täsiri hakda saňa düýbünden ýat, emma ruhy taýdan juda ýakyn adam hökmünde baha berip bilýär. Bu baha bolsa şahyr üçin hökmany zerur bahadyr. Beýik-beýik watandaşlarymyzdyr, daşary ýurt şahyrlaryň döredijiliginde bu ahwaly açyk suratlandyrýan goşgular näçe diýseň bar. Belli rus şahyrlary Marina Swetaýewanyň, Anna Ahmatowanyň Aleksandr Bloka bagyşlap ýazan goşgularyny okap şeýle ýürekdeşligiň döredijilik adamsy üçin neneňsi gymmatdygyna has-da akyl ýetirýärsiň. Bu ähli ýerde-de şeýle näme üçin işe ýaňy başlan ýaş buhgaltere ýaşytdaşy bolsada öz işiniň ussady bolup giden hünärmen işdeşi kömek bermeli dälmişin?! Näme üçin işden has giç gaýdyp garaňka galan zenan işdeşini erkek kişi hökmünde işdeş ýoldaşy ugratmaly dälmişin?! Näme üçin adamlar adaty günlerde-de gülki bilen, henek bilen birek-biregiň göwnüni götermeli dälmişin?! Şeýle edilse çekilýän zähmetem, durmuş kynçylyklaram has aňsatlaşýar ahyry. Biz nämeden gorkýarys aşyk bolmakdanmy?! Ýok gadyrdanlar söýgüniň şertleri beýle bir ýöntem hem däl. Onda bize kesämizden garaýan adamlaryň gybatlaryndan howatyr edýärismi?! Düýbünde garalyk bolmadyk zada garalyk sürtselerde ýokmaýar muny durmuş köp gezekler subut ede-ede gelýär. Onda biz näme üçin öýde, okuwda, işde, ýolda özümize tänyş-u, nätanyş adamlaryň tüýs ýüregimize jüňk bolan degişmelerine gülmekden özümize zor salyp saklanýarys?! Ýa-da kyn güne düşüp biziň goldawymyza, ünsümize mätäç bolan adamlara ol aýal, bolmasa erkek bolany üçin iki sany ýyly sözümizi aýtmaklygy gelşiksiz hasaplaýarys. Meniň pikirimçe-hä gelişiksizlik hemmeleriň tüýs ýürekden gülüşýän mahallary illeriň keýpini bozup ýüzüňi “köneldip” aşa agrassyrap oturmakmyka diýýän. Egerde ol ýa-da beýleki adam özüniň garşylykly jynsyndan çalaja ünsi, aladany kabul etmeklige özüni oňaýsyz duýýan bolsa diýmek şol adamynyň özünde bir gep bolmaly. Muňa başgaça psihologiýanyň dilinde aýdylanynda “kompleks” diýilýär. Öz düşünşim boýunça “kompleksiň” nähili bolýanlygyny düşündürmäge çalşaýyn. Ine mysal üçin aýagy ýok adama sen tüýs ýüregiňden çykaryp, oňa adaty adam hökmünde garap bir çemen gül berseň, ol adamda özüne şikesli bolany üçin şeýle hezzet edilýär diýen pikir döreýär. Seniň bolsa beýle pikir ýele ýanyňdan-da geçýän däldir. Emma näsag adamlar örän tiz özlerini jemgyýetden daşary adam ýaly hasap edip başlaýarlar. Käbir erkek kişiler hem, aýal adamlar hem şeýle. Olar adaty ýaşaýşynda degerli ünsdir, aladany duýup görmänleri üçin olar hakdaky sähelçejik ünsem olary kyn ýagdaýa salýar. Olar men şeýle nebsagyrgynç, ejiz, naçar, garry, özüni oňarmaýan ýaly görünýärmikäm diýen ýaly birtopar bolgusyz pikirleriň girdabyna gark bolýarlarda, häzirki tüýs lezzet alaýmaly durmuş hakykatynyda deňlerinden ötürýärler. Ýaşaýyş bolsa şeýle bir hezil, şeýle bir hezil…

Dünýäde şeýle bir adamlar bar, olary göreniňde, olaryň saňa garaýşyny, tüýs ýüregi bilen etmek isleýän hemaýatyna syn edeniňde iň doň ýüregiňem gün düşen gar kimin eräp gidýär. Bilgeşleýin, ýa-da bilmezlikden şol adama ýetiren zyýanyňa garaşman durkaň gaty ullakan ýagşylyk bilen gaýtargy berýän bu adamlar seni bir tarapdana düşnüksiz pikirlere duşurýar, bir tarapdan bolsa ýakymly haýran galmaklyk täsirine düşürýär. Durmuşda ýagşylyk bilen, ýagşy gylyk bilen ýaşamak kyn hem bolsa juda ýakymly duýgy. Şeýle adamlara toý-meýlisiň «ýüregi» diýýärler. Bu adamlar hemişe, hemme ýerde gereklenýän ynsanlara öwrülýärler. Hemem şeýle sagdyn pikirli, ýagşy niýetli adamlaryň aramyzda ýaşaýanlygy üçin jemgyýetimiziň umumy piker düşünjesi gün-be-günden ýagşylaşjakdygyna, ýagtylanjakdygyna ynanýarsyň…

 Gülşirin HANOWA.
   
Aşgabat şäheri

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı

4. Korkut Ata Türk Dünyası Film Festivali Ödül Töreni Düzenlendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın diplomatik misyonlarında basın ataşesi görevi oluşturulacak

Türkmenistan’da kabine değişikliği