GENEL

Bill Gates barada “Microsoft Word” bilen ýazmak

“Facebook” kompaniýasynyň esaslandyryjysy barada ýazan “kitap seljermämiziň” gyzyklanma döredendigini nazarda tutup, kitap baradaky täze seljerme işlerini dowam etdirmegi makul bildik. Bu gezek gürrüň Bill Gates barada bolar!

Dünýäniň  iň baý adamlarynyň biri bolan (käbir maglumatlara görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji, käbirinde bolsa ikinji orunda durýar) Bill Gates barada aslynda hemmämiz bir zatlar eşidendiris. Bu gezek Türkiýäniň “Pegasus” neşirýaty tarapyndan 2017-nji ýylda çäp edilen we awtory Daniel Smith bolan “Bill Gates gibi düşünmek” (“Bil Gates ýaly pikirlenmek”) kitabyny seljerdik. Kitabyň hakyky ady:”How to Think Like Bill Gates. Ýagny “Bill Gates ýaly pikirlenmek”.

Bu kitap biziň kitap tekjämizde umumy kitaplaryň sanawynda 87-nji, biznes kitaplarynyň sanawynda bolsa b-37-nji sanawda hasaba alnadygyny bellemek islýäris.

Bill Gates 1955-nji ýylda Waşington ştatynyň Sietl şäherinde hukukçy maşgalada eneden dogulýar. Bill Lakeside adyndaky ýörite taýýarlyk mekdebinde okaýar. Ol okuwçy döwründe mekdebiň kompýuter gurnagynyň agzasy bolýar we ilkinji programmasyny 1968-nji ýylda, ýagny 13 ýaşynda ýazýar. Diýmek, üstünlik tötänlik däl we üstünlige giden ýoluň ilkinji ädimleri kiçi ýaşlardan başlanýar. Ýadyňyza düşýän bolsa, Mark Zuckerberg hem ilkinji programmasyny şol ýaşlarda ýazan eken. Bill Gatesiň gelejekde bilelikde “Microsoft” kompaniýasyny esaslandyrjak dosty Paul Allen hem şol mekdep gurnagynyň agzasydygyny bellemek gerek.  Bu iki dost 1970-nji ýylda bilelikde “Traf-O-Data” programmasyny ýazýar we bu olara birnäçe müň dollarlyk gazanç getirýär.  Edil Mark ýaly Bill hem dünýäniň iň abraýly uniwersiteti bolan Garward uniwersitetine (hukuk taýýarlyk bölümine) okuwa girýär. Emma ol hem edil Mark ýaly Garwarddaky okuwyny gutarman, öz kompaniýasynyň gurmagyň küýüne düşýär we Garwarddan çykýar. Garward uniwersiteti 2007-nji ýylda Bill Gatese “hormatly diplom” berýär.

Bill Garward uniwersiteti tarapyndan özüne “hormatly diplom” berliş dabarasynda eden çykyşynda häzirki döwürde ýokary bilim almagyň zerurlyk bolup durýandygyny belläp, özüniň uniwersitetde yzygiderli okuwyna dowam etdirmändigine garamazdan, öz-özüni ýokary derejede ýetişdirmek üçin Garwardda birnäçe ýörite sapaklar alandygyny nygtap geçýär.

“Microsoft” 1976-nji ýylda, ýagny Bill 21 ýaşyndaka gurulýar. Stewe Jobsuň belläp geçişi ýaly, “Programma üpjünçiligi firmasynyň näme zatdygyny entek hiç kim bilmeýärkä, Bill programma üpjünçiligi firmasyny esaslandyrdy”. Ösüş ýoluna başlaýan täze kompaniýa eýýäm 1978-nji ýylda Ýaponiýada öz edarasyny açýar we şol ýyl kompaniýanyň girdejisi 1 million dollardan geçýär. Şu seljermäni ýazmaga mümkinçilik döredýän “Windows” ulgamy baryp, 1985-nji ýylda bazara çykýar. “Word” we “Excell” ýaly programmalar bilen tanyşmak üçin 1989-njy ýyla çenli garaşmaly boldy!

1987-nji ýylda, ýagny 32 ýaşyndaky Bill şol döwre çenli öz başarnygy bilen milliarder bolan taryhyň iň ýaş baý adamy bolýar. Ýadyňyza düşýän bolsa, Mark bu derejä 23 ýaşynda eýe bolýar. Bill 1992-nji ýylda “Forbes” neşiri tarapyndan ABŞ-nyň iň baý adamy yglan edilýär. 2019-njy ýylyň noýabr aýyndaky ýagdaýa görä, Bill Gatesiň baýlygy 107 milliard amerikan dollaryna deňdir. Häzirki döwürde  150 müňe golaý işgäri bolan “Microsoft” kompaniýasynyň ýyllyk dolanyşygy bolsa, 125 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

1994-nji ýylda Melinda Gates (French) bilen durmuş guran Billiň 1996-njy ýylda gyzy (Jennifer) dünýä inýär. Ogly Rory bolsa, 1999-njy ýylda eneden dogulýar.  Ýene-de bir gyzy Phoebe bolsa 2002-nji ýylda dünýä inýär.  Bill we Melinda Gates gazanasy häzirki döwre çenli dünýäniň dürlü künjeginde milliardlarça dollarlyk haýyr-sahawat işini amala aşyrdy.

Ýokaryda Bill barada gysgaçyk maglumatlar berdik. Geliň indi Billi üstünlige ataran ýoly seljermäni synanyşaýlyň! Dünýä belli şeýle şahsyýetler barada okanyňda bularyň bir topary çagalygynda örän garyp ýagdaýda ýaşap, soň baýlyga ýeten bolsa, käbirleri doglanda “gyzyl diş” bilen dogulýar. Adwokatyň ogly bolan Bill özüne bagyş edilen mümkinçilikleri netijeli ulanyp, gelejekdäki başarnygynyň esasyny kiçi ýaşlardan düşäp başlaýar. Bu ýerde ene-atasyna uly orun düşýär. Mysal üçin, Bille ertesi gün okuw bar bolsa, şol gün telewizor seretmek gadagandy. 1986-njy ýylda söhbetdeşlikleriň birinde Bill şeýle diýýär: “Telewizory ýigrenýän diýip biljek däl, emma, telewizoryň beýni  köp işledýän guraldygyny hem aýdyp biljek däl”.

Billiň  maşgalasynda wagt gürrüň etmek, kitap okamak we oýun oýnamak bilen geçirilýär. Oýun barada Bill şeýle diýýär, tomuslary baýdak ýaryşy, ýumurtga zyňyp tutmak we baýdak tutmak ýaly bäsdeşligi ösdürýän oýunlary köp oýnaýardyk. Küşt hem kiçijek Billiň durmuşynda uly orun tutýar.

Billiň üstünlik gazanmak syrlaryny seljersek, onuň arman-ýadaman zähmet çekmegi, täzelikçi bolmagy we örän akylly we işeňňir topara eýe bolmagydyr.  Bill 24 sagatlyk  zähmet düzgünine boýun egmeýändiklerini we  birnäçe gün durman programma ýazýandyklaryny belläp geçýär. Billiň işgär barada hem şeýle pikirleri bar. Akylly işgärleri işe almak barada ýokary ukyba eýediris, şonuň üçin akylly işgärler bilen işleşmekden birahat bolmazlygy ündeýär.

Kitap okamak bolsa Bill Gates üçin aýratyn orna eýedir. ‘Bill Gates ýaly okamak” sözüni söz bolsun diýip aýdylmadygy hakykat.  Billiň şahsy “www.gatenotes.com” saýtynda Bill Gatesiň okan we maslahat berýän kitaplar barada maglumatlar ýerleşdirilendir. Ýetginjeklik ýyllarynda her gün azyndan 1 sagat kitap okamagy özüne endik edinen Bill diňe kitap däl, dürli gazet-Žurnallary hem yzygiderli okaýardy we dünýägaraýşyny giňeldýärdi.  Bill Gatesiň “iň gowy biznes kitaby” öwgüsine eýe bolan  “Biznes Täsinlikleri” kitaby biziň kiçijik kitap tekjemizde öz ornuny tapdy we gelejekde ol kitap baradaky seljermäni hem size ýetireris diýip umyt edýäris. Billiň maslahat berýän ýene bir biznes kitaby bolan “Akylly Maýadar” kitabyny hem bizden alyp bilersiňiz.

Diňe kitap okamak bilen çäklenmän, eýsem hakyky kitabyň aşygy hasaplanýan Bill Gates 1997-nji ýylda özüniň Gates kitaphana gaznasy arkaly kitaphanalara 200 million dollar möçberinde haýyr-sahawat edipdir. Şol ýyl Gatesiň kompaniýasy hem 200 million dollarlyk haýyr-sahawat işini amala aşyrypdyr.

Seljermämiziň ahyrynda Bill Gatesiň Täze ýyly garşylan wagtymyzda maslahat berýän 5 kitabyny size ýetirýäris:

1 – Growth From Microorganisms to Megacities, Vaclav Smil.

2 – Prepared What kids need for fulfilled Life, Diane Tavenner.

3 – An American Marriage, Tayari Jones.

4 – These Truths, Jill Lepore.

5 – Why we sleep, Matthew Walker.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’ın Ekonomik Başarıları Fuarı

Türkmenistan Uluslararası Atom Enerjisi Kurumu Genel Konferansı’na katıldı

Türkmenistan Alman şirketlerle ortak projeler gerçekleştirilecek

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Rusya ve Çin Büyükelçileri ile görüştü

Bakan Meredov ABD Büyükelçisi ile “C5+1” formatını görüştü

“Kudo Kudo” restoranı Türkmenistan’da yeni şubesini açtı

Ata Watan Eserleri