DÜNYA

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Diplomatlar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň DIM-niň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerindäkki işjeň hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Diplomatlar şeýle-de iki döwletiň halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlarynyň we bu edaralaryň dürli düzümlerine dalaşgärlikleriniň özara goldanylýandygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar.

Iki döwletiň işjeň parlamentara hyzmatdaşlygynyň subutnamasy hökmünde taraplar 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Beýik Britaniýanyň Birleşen patyşalygynyň Lordlar Palatasy bilen Parlamentara dostluk toparyny aýratyn belläp geçdiler.

Hyzmatdaşlygyň önjeýlilige gönükdirilendigini nazarda tutmak bilen türkmen tarapy Ilçä onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine gönükdirilen işinde hemmetaraplaýyn kömekleri bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak