GENEL

Baýry bibliografyň ýatlamasy : Giriş

Türkmenistan garaşsyzlygyny gazananyndan soň, Sowet hökümeti döwründe goňşy gündogar ýurtlar bilen birsyhly bolmadyk ýa-da düý-bünden alnyp barylmadyk medeni gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikler  ýola goýlup başlandy. Soýuz döwürde olaryň kitaphanalary bilen kadaly kitap alyş-çalyş işini alyp barmak asla mümkin hem däldi. Köp asyrlyk taryhy we medeni umumylyklary bolan Eýran, Türkiýe we Owganystan ýaly ýurtlara Türkmenistandan ugradylýan we olardan bize ugradylan kitaply göndergiler, köplenç, barmaly edaralaryna gowuşmaýardy:  Soýu-zyň gümrükhana gullugy olary geçirmeýärdi. Bu ýurtlarda neşirýat we kitaphana işleriniň goýluşy we çözülişi bilen tanyşmak üçin olara gulluk sapary bilen gitmek barada pikir hem edip bolmaýardy. Bu ýagdaý XX asyryň 90 ýyllarynyň başlaryna çenli dowam etdi. Şonuň üçin, Soýuz döwletiniň dargamagynyň we Türkmenistan garaşsyzlygyny gazananynyň yzysüre, 1991-nji ýylda Eýranyň kitapşynaslyk we bibliografiýaşynaslyk işi boýunça göşrnükili alymy, ylmyň bu pudagy boýunça düýpli eserleriň awtory Hüseýn Samediniň Aşgabada gelmegi garaşylmadyk wakalaryň biri boldy. H.Samedi öz döredijiligi, Eýranyň iri kitaphanalary we olaryň goýberýän wagtlaýyn hem-de retrospektiw bibliografik görkezijileri bara-da gyzykly gürrüňler berdi, özüniň ylmy işleri bilen tanyşdyrdy, olaryň käbirlerini Türkmenistanyň YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasyna sowgat berdi [36,37,38,49]. Şeýle eserleriň biri–„Mazenşdaranyň bibliografiýa-sy” atly iş bolup, ol Eýranyň bu welaýaty boýunça pars dilinde neşir edilen ähli edebiýatlary öz içine alýan 2 jiltden ybarat düýpli görkezijidir [37,38]. Ikinjisi Abdulla Garagözli Hemedaniniň „Türkmen diary” atly kitabydyr [49]. Eýranda ýaşaýan türkmenleriň medeniýetiniň taryhy bo-ýunça wajyp çeşme hökmünde onuň golýazmasyny H.Samedi çapa taý-ýarlapdyr we neşir edipdir.

  Soňky ýyllarda hem H.Samedi Türkmenistana birnäçe gezek gelip git-di. Her sapar özara söhbetdeşlik mahaly, gürrüň Eýranda arap elipbiýinde türkmen dilinde kitap neşir edilişi barada barýardy. Şeýle kitaplary neşir etmek bu ýurtda metbeçilik işiniň ýola goýlan döwrüniň yzysüre başla-nypdyr. G.Araslynyň berýän maglumatlaryna görä, Töwrizde „Fizulynyň diwany” 1828–1882-nji ýyllarda 12 gezek, onuň „Leýli we Mejnun” poe-masy 1848–1869-njy ýyllarda 7 gezek çap bolup çykypdyr [17.S.37]. 1947-nji ýylda Tähranda Magtymguly Pyragynyň çaklaňyrak goşgular ýygyndysyny Molla Mürze Abdyllahy ilkinji gezek çap edipdir [44]. Şol döwürden bäri bu ýurtda arap elipbiýinde türkmen dilinde kitaplar yzygi-derli neşir edilip gelinýär.

 Söhbetdeşligimiziň birinde men H.Samedä bu tema boýunça Magtym-guly Pyragynyň türkmen, rus we SSSR halklarynyň dillerinde neşir edili-şiniň taryhy barada rus dilinde çap edilen makalamy görkezdim [15]. Makalanyň yzyndan ol neşirleriň bibliografiýasy hem berilýärdi, ýöne onda Magtymgulynyň eserleriniň eýran neşirleri çeşmeleriň elýeter bol-manlygy sebäpli hasaba alynmaýardy. Şeýle-de bolsa, ol bu makala bilen gyzyklandy we ony Eýrana alyp gitdi. Biraz wagt geçenden soň, bu maka-la H.Samediniň redaksiýasy bilen neşir edilýän „Mazendaran topragynda” atly makalalar ýygyndysynyň nobatdaky 3-nji goýberilişinde Leýla Jinşä-niň terjimesinde pars dilinde çap edildi [50]. Bu meniň Eýranda neşir edilen ilkinji işim boldy.

 Şol bir wagtyň özünde, H.Samedi 1991-nji [36] we 1993-nji [37,38] ýyllarda neşir edilen iki sany düýpli işinde Türkmenistanyň çäklerinden daşarda 1917-nji ýyldan öňki döwürde nusgowy şahyrlarymyzyň arap elipbiýinde öz asyl nusgalarynda çap edilen kitaplarynyň bibliografik görkezijilerini hem ýerleşdiripdir. Şeýlelikde, ol Türkmenistanda köplere belli bolmadyk edebi mirasymyzyň köne basma neşirleriniň üstünden perdäni syryp, okyjylar köpçüligine ýetiren ilkinji daşary ýurtly alym bolupdyr.

 H.Samediniň Türkmenistana gelmezinden ep-esli wagt öň, Eýranyň belli türkmen hünärmen kitap neşir edijisi Myratdurdy Gazynyň (1928–2017) döredijiligi bilen bolan gaýybana tanyşlyk hem bu ugurda önjeýli gatnaşyklaryň biri boldy. Bu tanyşlyk M.Gazynyň aladasy bilen ýüze çykypdy. 1973-nji ýylyň güýzünde M.Gazy Türkmenistanyň YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyna hat üsti bilen ýüzlenip, özüne XVII–XIX asyrlarda ýaşap geçen türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň akademiki neşirlerini ibermeklerini haýyş edip-dir. Ol bu eserleri arap elipbiýine transliterasiýa edip, Eýranda ýaşaýan türkmen ilaty üçin neşir etmegi maksat edinipdir. „Jenap Gazy, Siziň türkmen edebiýatyny öwrenmegiňize we onuň ýadygärliklerini neşir etmäge höwes bildirmegiňize näme sebäp boldy” diýip, bu kitap neşir edijä Eýranyň türkmen Žurnalistiniň beren soragyna ol şeýle jogap berip-dir: „Meniň türkmen edebiýatyny, dilini we medeniýetini öwrenmäge uly höwesim we yhlasym bardy. Men türkmenleriň Magtymguly, Misgin-gylyç, Kemine ýaly köp sanly beýik şahyrlarynyň bardygyny bilýärdim. Olaryň şygyrlary synagdan geçip, halkyň arasynda giňden ýaýrapdyr, bagşylarymyz olary aýdym edip aýdýarlar. Emma, [Eýranda] olaryň eser-lerini toplap, çap edýän edara ýokdy, kitap görnüşinde-de olar halka ýeti-rilmeýärdi. Türkmensähranyň ilaty ol eserlere mätäçlik çekýärdi. Bu ýag-daýy nazara alyp şahyrlarymyzyň eserlerini neşir etmegi ýüregime düw-düm. Türkmenlerde „Yhlasa–myrat” diýen nakyl bar, her bir işe yhlas bi-len ýapyşsaň, onuň yzynda üstünlik bar. Hudaýa şükür, meniň hem yhla-sym ýerine düşdi. Köp kynçylyklaryň bolandygyna seretmezden, 1340/ 1961-nji ýylda beýik Magtymguly Pyragynyň şugla saçýan kiçiräk goş-gular ýygyndysyny neşir etdim. Bu meniň işimiň başlangyjy boldy” [45,47]. M.Gazynyň türkmenistanly alymlara ýüzlenmesiniň düýp sebäbi, Eýranda türkmen şahyrlarynyň golýazmalaryny ýygnaýan we olaryň döredijiligini öwrenýän ylmy-barlag edarasynyň we degişlilikde, bu me-seleleri özbaşdak çözmäge taýýarlykly ýokary derejeli ylymly-bilimli işgärleriň ýoklugy ýa-da ýetmezçilik edýänligi bolupdyr.

 Ýokarda ady agzalan institutyň direktory, akademik B.Çaryýarow (1922–1991) M.Gazynyň haýyşnamasyny maňa berdi. Men şol wagtlar Türkmenistanyň YA-nyň MYK-nyň direktory wezipesine ýaňy bellenip-dim. Sowet döwründe, aýratyn hem XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda Türkmenistanda döredijilik işgärlerini yzarlamagynyň täze tolkunynyň başlanandygyny göz öňünde tutsaň, şeýle haýyşy ýerine ýetirmek howp-syz hem däldi. Ýagdaýyň agyrdygynyň mysaly hökmünde XVIII asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadynyň „Be-hiştnama” atly eseriniň üstüniň açylyşy we neşir edilişi bilen bagly bolup geçen wakalara ýüzlenmek mümkin. Bu eser uzak döwrüň dowamynda hemişelik ýitirilen hasaplanylyp gelinýärdi. 1966-njy ýylda Türkmenista-nyň YA-synyň kabul eden iş meýilnamasyna laýyklykda golýazma we daşbasma kitaplary gözläp tapmak boýunça ylmy işgärleriň dürli wela-ýatlara döredijilik sapary döwründe Türkmenistanyň günorta-günbataryn-da ýerleşýän Esenguly etrabynyň orta mekdebinde türkmen edebiýaty dersini okadyp gelen we ep-esli wagt bäri zähmet dynç alyşynda bolup ýören ýaşuly mugallymyň öýünden „Behiştnamanyň” daşbasma neşiriniň ýeke-täk nusgasy ele salnypdyr we ol barada Türkmenistanyň we öňki Soýuzyň merkezi metbugatynda ginişleýin habar berlipdir [6,7,8,12,13]. Täze tapylan ýadygärlik öwrenilen mahaly, onuň 1914-nji ýylda türkmen magaryfçysy we ahun Gurbanberdi Hojageldi ogly Gürgeniniň (1864–1929) Buharada öz serişdesiniň hasabyna neşir edendigi anyklanypdyr. Ol ony 2000 nusgada çap etdiripdir. Oňa seretmezden, haçanda, 1982-nji ýylda Aşgabatda Döwletmämmet Azadynyň „Wagzy-Azat” we agzalyp geçilen „Behiştnama” poemalaryny we goşgularyny öz içine alýan „Saý-lanan eserleri” kirillisada we arap elipbiýinde çap edilen mahaly [2,18], bu kitaby çapa taýýarlamaga we neşir etmäge gatnaşan adamlara respub-likanyň partiýa ýolbaşçylarynyň görkezmesi boýunça berk käýinç ber-lipdir we onuň 20 müňden ybarat tiraŽy bolsa ähli ýerden ýygnalyp, ýok edilipdir. Onuň bir nusgasyny M.Annagurdow öz hususy kitaphanasynda saklap gelipdir. Ol häzir Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň gazna-synda T–2/41114 şifr bilen saklanýar. Şahyryň bu neşire girizilen käbir goşgularynda dini äheňleriň bolmagy ýurdy dolandyrýan reŽim üçin alymlara şeýle temmi bermäge esas bolupdyr.

Dowamy bar….

"Türkmenistan bilen Eýranyň kitap alyş-çalyş işiniň taryhyndan" atly ylmy işden parça

 

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri