GENEL

Baýlyga baş bermedik adam

ABŞ-nyň Men ştatynda ýaşaýan 65 ýaşly traktorçy Bobbi Stýuart, tüýs, bagty getiren adam. Onuň lotoreýasyndan iki gezek uly mukdardaky utuş çykdy. Häzir ol millioner, ýöne bu ýagdaý ony traktordan düşmäge iterip bilmedi diýip, «Daily Mail» neşiri ýazýar.

Şu ýylyň maý aýynda 1 million dollar utan traktorçy dört aý soňra ýene-de 100 müň dollar utdy. Ýöne munça baýlyk oňa zerreçe-de täsirini ýetirip bilenok. Ol häzir hem Kennebankport diýlen ýerdäki horaşaja öýünde ýaşaýar. Işe-pişesi bolsa ýene-de traktor sürmek.

«Durmuşymda özgerişlik duýmadym. Öň nähili ýaşan bolsam, häzir hem şeýle ýaşaýaryn» diýip, ol Žurnalistleriň sowallaryna jogap berýär. Stýuardyň öz aýtmagyna görä, meýdan işleriniň juda köpdügi sebäpli, ol ilkinji utuşyny almak üçin diýlen wagtdan bir hepde giç barypdyr. Ol häzir hem öz öwrenşenje arzan bahaly naharhanasynda garbanýar.

Ol utan pullaryna ne täze traktor, ne-de öý aldy. Iller ýaly bütin dünýä syýahata-da çykmady. Puldan dogry peýdalanmak üçin aklawçynyň ýa-da maliýe işgäriniň maslahatyndan hem ýüz öwürdi.

Tersine, ol puluň bir bölegini üç perzendine bölüp berdi-de, olara bu serişdeleri isleýşiçe ulanmaga rugsat berdi. Ýakynda bolsa onuň ogullarynyň biri Greg hem lotoreýadan 250 müň dollar utdy.

«Tanyş-bilişlerim menden kakaň täze öý satyn alsa bolmaýarmy?» diýip soraýarlar. Ol şeýle bolmagyny isleýär, wessalam» diýip, Greg gürrüň berýär.

Ýene-de okaň

Aşkabat’ta, Türkmenistan’ın özel sektörünün başarısına adanan fuar açıldı

Türkmenistan Dışişleri Bakanı’nın Katar ziyareti

Aşkabat’ta ilk kez düzenlenecek Uluslararası Moda gösterisi Fashion TV’de yayınlanacak

“Bäherden” Seramik Ürünler Fabrikası Açıldı

AB Komiseri Jozef Sikela: Türkmenistan ile ortaklık güçlendiriliyor

Aşkabat’ta, Türkmenistan’da Uluslararası İngiliz Üniversitesi’nin kurulması görüşüldü