Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewi çagyrdy. Ministr ýolbaşçylyk edýän düzümindäki edaralaryň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde güýzlük bugdaý ekişine we «ak altyn» hasylyny ýygnamaga taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak işleriň, şol sanda sanly ulgamlary ornaşdyrmak arkaly tehniki taýdan hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada aýdyldy. Ekerançylary tohum bilen üpjün etmegiň meseleleri hasabatyň esasyny düzdi.
Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň ähli kadalaryny nazara almak bilen, suwdan rejeli peýdalanmagy üpjün etmek boýunça ylmy esasda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan suw howdanlarynda we beýleki suw desgalarynda, şol sanda dag içindäki suw ýygnanýan ýerlerde, şeýle hem «Altyn asyr» Türkmen kölünde ýeterlik suw gorlarynyň bardygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, bu işleri mundan beýläk-de ylmy esasda dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda işleriň ýagdaýyny barlamak maksady bilen welaýatlar boýunça guralan iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk görmek ýokary depginde dowam edýär. Ekerançylar ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, oba hojalyk tehnikalary taýýarlyk hatarynda goýuldy.
Häkimlere zähmet rugsady
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine şu günden zähmet rugsadynyň berilýändigini belläp, wise-premýere sebitleriň ýolbaşçylarynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi welaýat häkimleriniň orunbasarlarynyň üstüne ýüklemegi hem-de olaryň ýerlerdäki işleri bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgedip guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňky döwürde häzirki zaman awtobuslaryny we beýleki ýolagçy ulaglaryny satyn almagyň hasabyna agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly wezipelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Pudagyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Işleriň talabalaýyk derejede ösdürilmegine yzygiderli ähmiýet berilýändigine garamazdan, häzirki tomus möwsüminde şäher awtobuslarynyň bökdençsiz hereket etmeginiň ünsden düşürilýändigini tassyklaýan anyk maglumatlar bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýlelikde, şu tomus möwsüminde jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi boýunça bellenilen tertipnamalarynyň bozulan ýagdaýlarynyň bolandygyny belläp, milli Liderimiz bu işleriň günübirin düzedilmegini talap etdi.
Şeýle hem milli Liderimiz häzirki döwürde paýtagtymyzda giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdyp, gurluşyk kompaniýalarynyň işgärlerini gatnatmak üçin ýöriteleşdirilen ulaglaryň bolmalydygyny ýa-da degişli şertnamalary baglaşyp, şolara awtobuslary kärendä bermek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we topluma täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdarynyň bardygyny aýdyp, şolaryň maksadalaýyk peýdalanylmagyny, aýratyn-da, degişli tehniki toparlaryň bankomatlaryň sazlaşykly işine gözegçiligini yzygiderli ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň döwrüň talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.