GENEL

«Awstraliýa açykda» çempion ― Jokowiç!

Serbiýaly tennisçi Jokowiç 2014-nji ýylda geçirilen «Fransiýa açykdan» bäri ilkinji, umumylykda bolsa 8-nji gezek «Grand Slam» finallarynda iň esasy garşydaşy ispaniýaly Nadaly 3:0 ýeňip, «Awstraliýa açygyň» çempiony boldy. Şeýlelikde, ol tapgyryň Awstraliýada geçirilýän finallarynda ýedinji gezek çempionlyga gowuşmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde-de ýekelikdäki ýaryşlarda «Awstraliýa açygyň» iň köp ýeňijisi bolmagy başaran Jokowiç «Grand Slam» tapgyrlaryndaky ýeňşiniň sanyny 15-e çykardy. Iň esasy bäsdeşi bilen geçiren 53 duşuşygynyň 28-nji ýeňşinde ýeňiş gazanan serbiýaly tennisçi tutuş karýerasy boýunça 73-nji çempionlygyna gowuşdy.

«Awstraliýa açykdaky» ilkinji we ýeke-täk çempionlygyny 2009-njy ýylda gazanan Nadal bolsa ýene-de arzyly sepgide ýetip bilmedi. Bu duşuşyk Nadalyň 25, Jokowiçiň bolsa 24-nji «Grand slamydyr». Tennis dünýäsiniň iki ägirdi biri-biri bilen mundan öň iň soňky gezek 2014-nji ýylda «Fransiýa açykda» duşuşypdylar. Häzirki wagtda «Grand slam» tapgyrlarynda erkekleriň arasynda iň köp çempion bolan tennisçi şweýsariýaly Rojer Federerdir. Onuň 20 çempionlygy bar. Ikinji orundaky Rafael Nadalyň 17, şu gezekki çempion Nowak Jokowiçiň bolsa 15 çempionlygy bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan yabancı ortaklarla bir dizi anlaşma imzaladı

Türkmenistan ile Türkiye Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Türkmenistan ilk Orta Asya Ticaret Bakanları toplantısına katıldı

Türkmenistan, Orta Asya’da yeni güzergâhlar için çalışma grubu oluşturulmasını önerdi

Türkmenistan ile Suudi Arabistan hac sezonunun düzenlenmesini kararlaştırdı

Türkmenistan İletişim Bakanı Dijital Konsept-2028’i tanıttı: Yapay Zekâ ekonomisi, 5G, Trans-Hazar kablosu