Biz islendik wagt öz derejämize garamazdan üstünlige tarap ymtylýarys, çünki üstünlikli bolmak hemmeleriň arzuwy. Menem şeýledim. Özümiň adatça syratlary çekýän ýetginjekligime garamazdan uly-uly üstünlikleri gazanmagyň arzuwyndadym. Özümiň çekýän suratlarym bilen bir gün ähli kişiniň kalbynda orun aljagyma ynanýardym. Ŷöne men bir gezek ýaşululardan şeýleräk gürrüňleri eşitdim: ”Tutan maksadyň myrat tapmagy üçin diňe ynam ýeterlik däldir. Seniň şol maksada ýetmegiň üçin eliňden gelenini gaýgyrman göreşmegiň hem gerekdir. Özem irginsiz. Könelerimiz aýdypdyr ahyryn’’. Onsaňam ýene bir zady unutmaly däl: beýleki üstünlik gazanýanlaryň hiç haýsy hem bu dünýä gelende üstünligi bilen bile dogulmaýarlar, olar hem edil biz ýaly ynsandyrlar. Ŷöne töwekgellik hemişe ynsany beýiklerden beýiklere atarýar. Edil “Töwekgeliň maly tükenmez “ diýlişi ýaly. Ŷene bir bellemeli zat: her bir uly üstünlikleriň başy kiçijik ädimlerden başlanýandyr.
Bu gürrüňler mende uly täsir galdyrdy. Şondan soň meniň özümi alyp barşym has başgaça boldy. Mende üstünlige bolan ymtylyş has-da artdy. Kakamyň :” Mekdebe sowalga” diýip berýän puluna iýer ýaly zat almaga derek surat çekmek üçin gerek bolan zatlary alyp başladym. Mydama edýän pikirlerimem şol hakda bolup ugrady. Hatda şondan soň, gijelerine dostlarym bilen gezmelänimden surat çekenim gözüme has lezzetli göründi. Islendik wagt kim bilen gürleşsem-de, diňe öz çekŷän suratlarym barada, gazanjak üstünliklerim barada gürrüň bererdim. Ŷöne ol gürrüňler hiç kimi gyzyklandyrmazdy. Hatda käbir adamlar maňa: “Seniňem bir çeken suratyň bolarmy ?!“ diŷip sussy basyjy gürrüňleri aýdardylar. Meniň bu arzuwlarymyň hakykata öwrüljegine diňe deň-duşlarym däl, eýsem, maşgala agzalarym hem oňlanokdy. Olar asylha meniň suratkeş bolmagyma garşydylar. Çünki biziň neberelerimizde şu güne çenli medeniýet-sungat bilen iş salyşan ýekeje ynsanda ýokdy. Şonuň üçin olar mendenem suratkeş çykar öýdenokdylar. Haçan-da meniň çeken suratlaryma begenip, maşgala agzlaryma görkezemde, atam şeýle diýipdi: ”Biziň aslymyz şu wagta çenli daýhançylyk bilen eklenipdir. Senem şolardan üýtgeşik sungat adamsy dälsiň. Öz etjek işiňi bil, köşek! Munuň ýaly zatlara kelläňi agyrtmada mal, ýer barada alada et! Seniň geljegiň ana şol zatlara baglydyr”. Bu sözleri diňe atam diýse-de maşgalamyzda ejemden başga ähli kişi oňlaýardy. Emma ejemem sesini çykaranokdy. Ŷöne maşgalamyzda maňa hemmeden beter garşy çykýan agamdy. Ol meniň geljekde haýsy käri saýlajagym barada gyzyklanmaýardy, ýöne meniň sungata düşünýänsirän bolmagym onuň gaharyny getirýärdi. Sebäbi ol sungat bilen ne-hä gyzyklanýardy , ne-de oňa düşünýärdi. Bileni-biteni birä maldy, birem ýerdi. Men mydama mekdepden boş wagtlarym öýde hojalyk işlerine kömekleşýärdim. Mallaryň otuny-suwuny berýärdim. Öýüň töweregindäki baglara serenjam bererdim, suwarardym. Işlerden elim boşaşan soň, sähel wagtam bolsa, otagyma girip, surat çekerdim. Agam bolsa meni golumdan tutup, idirdedip daşaryk çykarardy-da hemmäň gözüniň alnynda gahar bilen şeý diýerdi: ’’Serädiň, bizä işimize ýetişip bilmän ylgaýarys, bu bolsa çaga ýaly öýde wagtyny samsyk zatlar bilen oýnap geçirýär’’. Soňam maňa ýüzlenip batly sesi bilen gygyrardy: ”Näme edere iş tapaňokmy, uzak günüňi şol samsyk suratlar bilen geçirmäňde,hä?! Ŷa sen samsykmy, saňa aýdylan ýokanokmy? Şonuň ýaly, iş tapmaýan bolsaň, ertir ekin meýdanyna git. Hany, onsaň surat çekmäge eliň degermikä?”. Hiç kim onuň diýenine garşy çykmaýardy, çünki meni suratdan näçe uzak bolsam maşgalam şonça-da begenýärdi. Ŷöne şonda-da surata bolan söýgüm menden tanapyny üzmedi. “Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da, syzylyp çykar eken” diŷsem biraz öwündigim bolsa-da,bu hakykatdy. Irden okuwdan, öŷlänem ekin meŷdanyndan sütünim süýnüp öýe gelýärdim. Göýäki hiç zada elim degmejek ýalydy. Ŷöne maksadyň etmek bolsa, ýene-de alaç tapýar ekeniň. Soň-soňlar hatda nahar wagtymam ölçäp, bir minut öň bolsam otagyma ylgardym, surat çekerdim. Meýdanda nähili ýadan bolsamam, hiç hili duýmazdym. Göýäki surat çekemde ähli ýadawlygym el bilen aýrylan ýaly bolýardy. Gijelerine maşgalamyz ählisi üýşüp, çaý başynda süýji- süýji gürrüň ederdiler, gülşüp ala ýaz bolardylar. Agam bolsa telefona güýmenerdi. Kä günler bolsa, dostlaryna oturmaga giderdi. Ŷöne bularyň hiç birisi meniň üçin gyzykly däldi. Hamana dünýäniň ähli lezzeti suratda jemlenen ýalydy. Ŷöne suratdan başga-da, ýene bir zat mende endik bolup galypdy. Olam gazet okamakdy. Her gezek öýümize gazetleriň täze sany gelende hemmeden öň olara men göz gezdirerdim. Ine, bir günem ýene däp bolan endigime görä, öýümize gelen gazetleriň täze sanyna hemmeden öň göz aýladym. Şonda gözüm bir sözbaşyda saklandy. Ol sözbaşyda “Bildiriş” diýlip ýazylypdyr. Men: ”Bu nämäň bildirişi-kä” diýip gyzyklanyp okadym. Bildirişde ýaşlaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşigiň yglan edilendigi barada ýazylypdyr. Men muny beýlekileriň okamagyny islemedim. Sebäbi, eger olar bu barada biläýseler, bäsleşige gatnaşdyrmaga beýle-de dursun, asla suratyň golaýyna-da eltmezdiler. Şonuň üçin men gazetiň bu bölegini ýyrtyp jübüme saldymda, otagyma getirip, okuw torbamyň içki jübüsinde ýygşyrdym. Agşam atam gazetiň şol bölegiň kime gerek bolandygy barada sorady. Emma men hiç hili sesimi çykarmadym. Şol günden soň meniň bar pikirim bäsleşige gatnaşmak boldy. Atamdan, kakamdan mekdebe sowalga pul bermegini haýyş edipdim. Ol pula bolsa surat çekmek üçin kagyzlary, boýaglary, çotgalary aldym. Hemişe bäsleşik barada alada edýärdim. Hatda mekdepde başga ders geçilip duranam bolsa, gözümi şol bir nokada dikip, çekjek suratymyň çeperçiligi, ähmiŷeti barada pikir edýärdim. Şonuň üçinem maňa birnäçe gezek “sapaga ünssiz’’ diýlip çäre görüldi. Gijelerine-de käte sagat giç ýarymdan agýança, surat çekerdim. Kä gijeler dagy gözlerim ukysyzlykdan ýaňa süzülip giderdi . Ŷöne şonda-da şahyr Kerim Gurbannepesowyň: ”Ŷol agyrdyr müň ýanylar–öçüler, bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler” diýen setirlerini ýatlap ýene ruhlanardym. Agam bolsa meniň bilen zol-zol kejeleşerdi. Kä wagtlar bolsa, kakama: ”Ine, ogluňyz sagat giç ýaryma çenli surat çekip, ertirem galmaga ýaranok“ diýip şugullardy. Keçje ýerem men agam bilen bir otagda ýatýardym. Şonuň üçin ol kä gijeler sagat 9:00 boldugy ukysy gelsin-gelmesin çyrany öçürip ŷatýardy. Men bolsa janymyň ýangyjyna ep-esli wagtlap dik oturym hüňürdärdim. Ŷöne hiç wagt sussym basylanokdy. Gaýtam, bolýan ýagdaýlar maňa sapak bolýardy: ’’Bir gün ussat suratkeş bolup, şunuň gözüne görkezmek üçin göreşeýin“ diýýärdim. Günlerde bir günem agşam agam otaga gaharly halda girdi. Egnindäki eşiklerini çykaryp eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Mendenem çyrany öçürmegimi talap etdi. Menem oňa garşylyk görkezdim. Çünki bäsleşige taýýarlan suratlarymyň sähelçe bölegi galypdy. Birdenem agam ýerinden turup gygyryp başady:“Men seniň ýaly işsiz däl , uzakly gün işleýän, men ýadaw, çyrany öçür diýildimi öçür. Ŷatjak men. Suratyňdanam zadyňdanam bizar boldum seň “. Soňam eliniň tersi bilen galamlarydyr boýaglary zyňyp goýberdi. Meniň näçe azap bilen çeken suratymy bolsa böleklere bölüp taşlady. Meniň gözüm daşyna çykaýjak boldy. Näçe yhlasym siňen suratlaryň böleklere bölünenini görüp, ýüregim dilinen ýaly boldy. Gaharym içime syganokdy. Bokurdagym dolup, aglamjyraýardym, agzymdan gelenini sögýärdim. Agamyň eşiklerini her ýana zyňyp üstünden basgalaýardym. “Sen näme etseňem hiç wagt meni saklap bilmersiň“ diýip gygyrýardym. Şol gün ne-hä özüm ýatdym, ne-de agamy ýatyrdym, uzakly gijäni çyrany ýakyp, agama sögünip geçirdim.
“ Ŷykylan göreşden doýmaz “ diýlişi ýaly , agamyň bu hereketi meni has-da öjeşdirdi. Men her näme bolsa-da iň bolmanda agamyň gözüne görkezmek üçin bäsleşige gatnaşmaly diýen karara geldim. Ŷöne şondan soň men suraty gizlenip çekmegi makul bildim . Jaýymyzyň ileri gapdalynda köne zatlary salynýan bir kepbe bardy. Ol kepbä kä wagt bir barlaýmasa barlanokdam. Men onsaň suraty şol kepbede çekmegi makul bildim. Işden sypyndygym hiç kime bildirmän şoňa girerdim . Gijelerine hemme kişi ýatansoň, ýene şoňa girip suraty dowam ederdim. Aradan bir az wagt geçensoň, men suraty tamamladym. Ŷöne indi meniň bar gaýgym ony nädip obaň poçtasyna eltmekdi. Soňam täsin bir pikir kelläme geldi. Mekdepde ikinji dersden soň uly arakesme berilýärdi. Bir gün şol arakesmede men öýümize gaýtdym. Öýe gelenimde öýde hiç kim ýokdy . Olaryň ählisi işe gidipdiler. Howly gulplydy . Emma meniň öz otagymyň penjiresi welin gulply däldi. (Çünki ony irden bilgeşleýin gulplamadym.) Men şol penjireden içeri girdim. Öz otagymdanam beýleki otaga geçip, onuň penjiresindenem howlynyň içine geçdim. Soňam suraty almak üçin kepbä bardym. Birdenem derweze şakyrdady. Men kakamdyr ýa-da agamdyr öýdüp, dodagymy dişledim. Indi näme jogap bererkäm diýip oýlanýardym. Emma howla hiç kim girmedi . Onsaň uludan demimi alyp arkaýynlaşdym. Soňam derrew suraty aldym-da, howla girişim ýaly yzyma çykdym. Penjiräni berkläp, obaň poçtasyna tarap ýel ýasadym. Baryp suraty salgy boýunça ugratdym. Gapdalyna-da adymy, familiýamy, öý telefon belgimizi ýazdym. Mekdebe gelenimde eýýäm üçünji ders tamamlanypdyr. Şol sebäpdenem mugallymlar tarapyndan maňa berk temmi çäresi görüldi. Aradan birnäçe wagt geçdi, bäsleşigiň jemlenýän wagty hem gelip ýetdi. Emma maňa hiç hili habar gelenokdy. Şonuň üçinem men howsala düşüp başladym. Kelläme her hili pikirler gelýärdi. Ŷöne ýene-de özüme ynamyňy ýitirmeli däldigini ündeýärdim. Hemme zady şahyr Gurbannazar Ezizowyň:”Başarsaň bar zady oňatlyga ýor, belkide ýorgudyň ýerine düşer” diýişi ýaly, oňatlyga ýorýardym. Bu aýdylşy ýaly hem boldy . Bir gün irden mekdebe gitmek üçin eşiklerimi geýip durdym. Birdenem öý telefonymyza jaň geldi. Telefony ejem galdyryr meni çagyrýandyklaryny aýtdy.
Men telefona jogap berdim :
-Alo , salam aýdyberiň !
-Salam, siz Rahat Kakajanowmy?
-Hawa diňleýän.
–Sizi gazanan üstünligiňiz bilen gutlaýarys. Siz biziň bäsleşigimizde ýeňiji bolduňyz . Baýragyňyzy almaga ertir gelip bilersiňiz. Birnäçe sebäplere görä, bäsleşigiň jemini gijräk jemledik welin bagyşlarsyňyzda.
Men sesimi çykarmadym. Begenjimden dodagym titreýärdi, gözüm ýaşarýardy. Bu şatlykly habary maşgalamyza buşladym. Emma olar hiç zada düşünmediler. Men bolsa hemme zady olara düşündirdim . Olar maňa käýärler öýtdüm, ýöne hemme zat başgaça boldy. Maşgalamyz meniň surata bolan söýgümiň hiç wagt öçmejegini bilip, ahyry muňa razy boldular. Agamyň bolsa içi ýanmak ýanandyra.
Parahat ATAÝEW, Baýramaly etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.