GENEL

Uzak ýaşamagyň syry

Adamlaryň hemmesi bolmasa-da, köpüsi uzak ýaşamak isleýär. Iň bolmanda, meniň gatnaşyp ýören adamlarym-a şeýle. Doglan günlerde ýa-da täze bäbek doglanynda hökman uzak ýaş dilenilmegi hem bu islegiň halk içinde nähili güýçlidigini görkezýän bolsa gerek.

Bir gezek bir dostuma, «Uzak ýaşamagyň syryny aýdaýynmy?» diýdim. «Aýt!» diýdi. «Uzak ýaşamak üçin maksat tutunmaly. Uludan-uly bolmaly özem». Ol birden gülüp goýberdi. Birhili bolup gitdim. Sebäbini soradym. «Haý, senem-aý. Uzak ýaşamagyň syry diýseň, menem käşir iýmeli, kelem iýmeli diýen ýaly bir zat aýdarmykaň öýtdüm-laý» diýdi.

Häzirki wagtda uzak ýaşamak barada «peýdaly maslahatlardan» kän zat ýok. Alymlar munuň üstünde yzygiderli işleýärler, täzeden-täze üstünlikler hem gazanýarlar. Ýöne, men bu barada däl, uzak ýaşamagyň syryny başga bir tarapdan açyp görkezmekçi.

Il içinde şeýleräk bir aýtgy bar: «Etsem-petsemi bolan adam garramaýar».

Bir goňşymyz bardy. Ýaşy ýetmişi kowalap ýören garry daýza. Onuň heniz öýlenmedik ogly bilen durmuşa çykmadyk gyzy bardy. Ikisiniň hem ýaşy otuzdan agandy we ikisiniň hem bir saý-sebäp bilen «kör düýeleri köprüden geçmändi». Günlerde bir gün garrynyň öýünde goşa toý boldy: ilki ogly öýlendi, gyzy hem şonuň bir hepde yz ýany durmuşa çykdy. Şondan üç aý geçip-geçmän hem, garry ýanyny ýere berdi oturyberdi… Köp wagt geçmän hem dünýäsini täzeledi.

Ýene-de bir tanşymyň kakasy aradan çykypdy. Ýaşy ýaňy kyrkdan agan. Adam üçin kyrk ýaş dagy kän zatmy?! Ýöne ol şojagaz ömründe hem köp zatlary etmäge ýetişipdir. Çagalarynyň biri ýokary okuw jaýyny gutaryp, durmuşyň bosagasyndan ätledi, ýene ikisi ýokary okuw jaýynda bilim alyp ýör, uly ogluny göçürmek üçin jaýy taýýar… Belkem, ol adam: «Çagalarym üçin şu zatlary edip bilsem, onsoň armanym ýok» diýip hyýal edendir.

Meşhur ýazyjy Çary Aşyryň Beýik Watançylyk urşy ýyllary hakda ýazan «Meýletinler» romanynda şeýleräk bir epizod okapdym: Urşuň gyzgalaňly pursatlarynda komandir Pirli gije diýmän, gündiz diýmän duşmana garşy söweşýär. Garly ýeriň aşagynda gazylan garymlarda ýatyp-turýar.

Şeýle kyn şertlerde bolmagyna garamazdan, kesellemedik, ölmedik adam, uruşdan sag aman dolanyp öýüne gelen uçurlary sarylama keseline ýolugýar duruberýär.

Aslynda, ol sarylama keseline öňden duçar bolupdy… Ýöne ol ony duýmady. Sebäbi onuň maksady bardy. Ol nemes basybalyjylaryny kowup ýurtdan çykarmaly. Ine, şol maksat hem ony ýaşadýardy…

Işlesem, bilmesem öler-galarym,

Ajalam birsellem golaýma gelmez.

  1. Ezizow

Şuňa meňzeş mysallar durmuşda näçe diýseň bar… Bize düşeni netije çykarmak…

Okan kitaplarymyň birinde şeýleräk bir zada duş gelipdim: «Allatagala adama örän kän zat berdi we ýene-de bermek üçin islemegi hem berdi». Häli-häzire çenli tanaýan meşhur adamlaryňyzyň hemmesi maksat goýmakdan başladylar… Islendik maksat goýsaňyzam, ýetjegiňiz ikuçsyz. Şonuň üçinem, uzakdan-uzak maksatlar goýmak gerek. Milliarderleriň biriniň aýtmagyna görä: 100-200 ýyllyk planlar goýuň öňüňizde, goý olary sizden soň agtyklaryňyz, çowluklaryňyz dowam etdirsin…

Aşyr SAPAR, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Fitch Ratings Türkmenistan’ın kredi notunu arttırdı

Türkmen gençler Çin ve Macaristan’a üniversite eğitimine gönderilecek

Aşkabat Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na hazırlanıyor

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak

Büyükelçi Mövlamov Pakistan petrol bakanını Türkmenistan’a davet etti

Türkmenistan ile BAE Dışişleri Bakanları Abu Dabi’de buluştu