GENEL

Üstünliklerdäki syrly ýollar

Üstünlik bu hemmämiziñ bilşimiz ýaly öz öñüñde goýan maksadyña ýetmekdir,ýöne bu hemişe şeýlemika?! Bilşimiz ýaly,üstünlige eliñi jübiñe sokup ýetip bolmaýar, onuñ üçin hökman eliñ ýaralanmaly,beýleki merdiwanlardan tapawutlylykda bu merdiwanda ýykylmaly ýöne ajysyna çydap dowam etmeli. Sebäbi eger dowam etmeseñ onda ýykylyp ýene täzeden başa gelýärsiñ. Başa geleñsoñ bolsa şol ýolda bar siñdiren zähmetiñ barysyny puja çykarýar. Muny bolsa hiç kim islemez. Merdiwanlardan gaýtmajak bolmaly , hawa dogry birnäçe adam sizi ýykjak bolup biler hatda bu ýerde iñ uly duşmanyñyz özüñizem bolup bilýäñiz. Nädip diýmegiñiz ahmal ýöne şeýle.Adamlaryñ kän diýenlerine üns berip otyrmalam däl. Esasy zat öz daşyñy gowy adamlar bilen gurşamaly. Sebäbi erbet howa birnäçe baş aýlanalara sebäp bolup biler.Ilki üstüñden gülerler,belki ýazgararlar, ýöne iñ soñunda alkyşlanjak ýene-de sen. We adamlara göriplik etme iñ soñunda ýitiren ýene sen bolarsyñ. Göripleriñ bar bolsa begen sebäbi bu seniñ bir ädim öñdedigiñ alamaty. Olara hoşamaý ýakynlaş goý olaram soñ senden görelde alsyn,eger-de seniñ ýüzüñe bir erbet häsiýetiñ bardygyny aýtsalar diñle. Bu meniñ bolşum diýme ilki aýnada özüñi düzelt. Başgalary bilen özüñi deñeşdirme, özüñi özüñ bilen deñeşdir. Has gowy ‘Seni’ etmäge çalyş. Durmuşda käbir adamlar olar diñe nusgalyk almak üçin, käbirleri bir zady aýdyñ görkezmek üçin durmuşymyza çykýarlar, ýöne käbirleri bar olar mydama biziñ ýanymyzda garañky ýolumyzy aýdyñlaşdyrýarlar parlak ýyldyz kimin. Bu adamlaryñ gadyryny bilmeli olar hiç haçan biziñ erbetligimizi islemeýärler we mümkin boldugyça olar bilen köpräk wagt geçirmeli olar saña islendik mowzukda hem kömekçi bolup bilýärler. Geleli özüñe. Sen özüñe sözüñi geçirip bilmeli, özüñi zorlamaly, özüñi tanamaly. Bir işi näme maksat bilen etýäniñi bilmeli,ilki bilen niýetiñi kesgitlemeli. Erbet niýet bilen edilen zatlar soñy erbetlige eltýändir. Şol sebäpli esasan başanyñda köp üns bermeli. Bir işiñ iñ kyn bölegi ony başlamakdadyr,başlamaga bolan isleg bilen ony başlamak düýpgöter aýry zatlar. Başlanyñdan soñra bolsa ony dowam etmek gerek. Aý ýadadym diýip duranyñ bilen hiç haçan öñe gidip bilmeýärsiñ sebäbi eger-de şol nokatda durup wagtyñy ýitirjek bolsañ munça eden zadyñ nirä gitmeli?!Bu ýollary geçýänler köpdür welin adam bolup çykýanlar azdyr. Alym bolup bilersiñ ýöne adam bolmasañ onça okan kitaplaryñ saña haýry ýok diýmekdir. Adamçylyk okuwda ýa-da işde alýan derejäñe bagly däl-de öz terbiýäñe bagly. Derejeler diñe höweslendirmek üçin berilýär,ýöne ylym bu durmuşda kynçylyklar bilen ýüzleşip bilmegiñ üçin berilýär.Hawa onsoñ şol bar taýýarlan kopýalaryñ hemmesi bideregine taýýarladygyñ bolýar hem halaldan çykýañ hem-de özüñe ezýet etýäñ. Şoña beren wagtyñ iñ bolmanda 1/3 bölegini okap geçiren bolsañ has uly utuş gazanýarsyñ. Wagtyñy seniñ maksatlaryña we özüñe hiç haçan peýda bermejek zatlara sarp etýäñ. Her bir işe kynçylyksyz çemeleşmek diñe wagt ýitgisidir. Kynçylyksyz üstünlige ýeten adam bar bolsa ynanmaly däl. Sebäbi bu ýollar kötel ýollar. Bir zady isleýäñmi bir zadyñy bermegi başarmaly. Üstünligi isleýän bolsañ onuñ ugrunda hiç bir zähmetiñi gaýgyrmaly däl. Üstünlik bu ýöne-möne zat däl,her bir üstünligiñ öñünden tölenmeli tölegi bolýar. Bu bolsa ýetjek maksadyña görä kesgitlenilýär. Töleg her görnüşdede tölenip bilner,synaglar bilenem. Hatda bu ýollarda ýykylyp aýakgap galmaga başarmak hem synag bolanlygy sebäpli hemme zady bolşy ýaly kabul etmeli. Özüñe wagt gazanmagy başarmaly,hemme işi şol bir wagtda etjek bolmak hiç kime peýda bermeýär. Gaty ýakynlaşybam ýadadym azajyk dynjymy alaýyn diýseñ şonça-da uzaklaşýarsyñ.Wagtyñy rejeli peýdalanmaly, bu dünýä bir sapar gelýäñ şol gelen wagtyñy biderek zatlar bilen güýmenip geçirmeli däl.Esasy zat hem köp wagt gazanmakda-da däl,ony peýdaly ulanyp bilmekde. Näçe köp wagtyñ bolsa-da şony bähbidiñe ulanyp bilmeýän bolsañ ne peýda. Adamlaryñ aglaba bölegi öz wagtlaryny kino görüp geçirýärler,ýöne muny etmek bilen öz wagtlarynyñ aglaba bölegini ýitirýärler. Hawa görmegem gowy zat welin çenini-çakyny bilmeli. Başgalaryñ durmuşy bilen başagaý bolup ýörmeli däl,ilki özüñkä seretmeli. Eýsemde beýniden gowy režissýor barmy näme? Kitaplary okap hekaýalary suratlandyryşyñ ýaly öz gelejegiñ planyny gur. Geçmişde ýaşaly däl, sebäbi bu günüñ pursatlaryndan peýdalanyp bilmeýäñ. We maksada ýetmeseñ gynanmalam däl.Asyl üstünlik aslynda seniñ gazanjak üstünligiñde däl-de gazanjak tejribäñde ýatyr.Şol sebäpli asyl nämäniñ nämedigine düşünmeli. Wakany içgin-içgin gözden geçirmeli,belkide bir ýerlerde ýalnyş goýberen bolup bilersiñ,goýbermedigem bolup bilersiñ. Eger-de bir zady alyp bilmeseñ gynanma iñ gowysy bolup geler nesip bolsa. Nesibede diýlip bir zat bar welin oñam nesip edişi diñe seniñ eliñde. Häsiýet diýibem bir zat bar welin,üýtgetmegem seniñ eliñde. Gowysy bolma,ADAM BOL!Bu dünýä adam bolmak maksady bilen gelme sebäbiñ bardyr. Daşyndan hernäçe adam ýaly görünýänem bolsañ ruhuñ adamyñka meñzesin. Galan hemme zat saña goşmaça olaryñ hemmesini düzeldip bolýar. Iñ ýönekeý mysal egzamina girýäñiz kopýa çekýäñiz, 5-lik alýañyz. Ýöne bir zat belli sen durmuş atly synagdan ýykyldyñ. Onsoñ şonuñ ýaly zatlary geçip esasy zady geçip bilmän köp adam ýalñyşýar. Halal işlediñ,ýöne 3-lik aldyñ. Ony düzedip bolýara,tema gürrüñ berersiñ artykmaç ýumuş ýerine ýetirersiñ bahañy düzedip bolýar. Durmuş bahasyny bolsa düzedip bolanok. Kopýa çek ýöne şu ýagdaýda gowy adamlaryñ häsiýetinden kopýa çek,olardan görelde al,ana şonda iñ gowy kopya şol.Iñ uly üstünligiñ seniñ adam bolmagyñ.Ýoluňyz açyk we saýlaw Siziňki! Üstünlikler!!!

Täçjemal PIRLIÝEWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen dil dersleri çuñlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji mekdebiñ IX “A” synp okuwçysy.

Ýene-de okaň

Fitch Ratings Türkmenistan’ın kredi notunu arttırdı

Türkmen gençler Çin ve Macaristan’a üniversite eğitimine gönderilecek

Aşkabat Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na hazırlanıyor

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak

Büyükelçi Mövlamov Pakistan petrol bakanını Türkmenistan’a davet etti

Türkmenistan ile BAE Dışişleri Bakanları Abu Dabi’de buluştu