GENEL

Üstünlikler dünýäsi

Islendik adam üstünlige ýetmegi arzuw edýän, isleýän bolsa gerek. Eýsem, üstünlik näme? Üstünlik diýilen düşünje näme üçin adamlary beýle özüne çekýär? Üstünlige nädip ýetmeli? Şu we şuňa meňzeş ençeme sorag ynsan oglunyň bu parlak söz barada pikirlenip başlan pursadynda ýüze çykyp biljek ençeme soraglaryndan käbirleri. Her bir zat barada pikir ýüwürdeniňde, esasan hem sözler äleminde, şol zadyň anygyna ýetmek, manysyna doly we dogry düşünmek üçin ilki bilen onuň aslyna, gelip çykyşyna göz aýlamaly we her tarapdan synlap görmeli bolýar. Onda geliň, «Üstünlik» atly magnitlik häsiýeti we gözleriňizi lowurdaýan ýalpyldysy bilen alyp barýan bu närsäni öz derňew stolumyza alanyňda, yşygymyzy şoňa ugrukdyryp başarnygymyzyň ýetdiginden, elimizde bar bolan gurallar bilen derňemäne başlalyň.

«Üstünlik» — kök sözi «üst». Ýagny, «üst» — bir zadyň ýokarky bölegi, ýokarky ýüzi ýa-da ýokarsy. «Ün» goşulmasynyň goşulmagy bilen «üstün» sözüni emele getirýär. Bu söz, esasan, “gelmek, bolmak” ýaly işlikler bilen ysnyşykly sazlaşykda. “Üstün” diýen sözüň ters haly “asgyn”. Onda “üstün bolmak” söz düzümi “bir zatdan ýa-da birinden asgyn bolmazlyk, aşagynda ýa-da yzda galmazlyk” manylaryny berýär. Şol “bir zatdan” ýokarda bolan, asgyn bolunmadyk halatynda bolsa “lik” goşulmasy goşulyp, “üstünlik” diýen sözüň üsti bilen üste çykan zadyň hal-ýagdaýyny görkezýär. Şu aýdylanlardan ugur alsak, “üstünlik” sözüň göni manysynda seniň şu wagtky nokadyňdan öňdäki ýa-da ýokardaky duran nokada ýetmegiňi aňladýar. Ýagny, A nokatdan B nokada ýetmeklik – bu üstünlik.

Aýdylanlary şu durmuş mysalynyň üsti bilen düşünmäge çalyşalyň:

Heniz ýaňy emedekläp ýören Ýeňiş atly çagajyk ilkinji ädimlerini ätmegiň arzuwynda. Onuň häzir uly bir maksady bar. Olam ylgamaklyk. Ol daş töweregindäki çagalary synlap, olar bilen deň derejede ylgasy, bökesi gelýär. Bu arzuw-hyýal ony hiç gününe goýanok. Ýöne ol heniz aýak üstünde hem durup bilenok ahyryn. Onda ol ilki bilen aýak üstünde durmaga çalyşmaly boljak. Içinden şeýle pikirler geçýärkä, birdenem mähriban ejesiniň ony elinden tutup iki aýagynda saklany ýadyna düşdi. Şonda ol özüni edil ylgaýan çagalaryň arasynda göz öňüne getiripdi. Düýnjigem eziz kakasy ony diwarda goýup bir sellem aýakda duruzmaga çalşypdy. Ýöne kakasynyň eli Ýeňişjikden aýrylan badyna injikdir butlarynyň güýji heniz ony uzak saklamaga ýeterlik däldigi sebäpli, patylap ýere düşdi. Şonda agyrysyna çydaman baý aglap-da. Ylgamak üçin bolsa ilki aýakda durmaly. Ýene aýaga galsa ýykylsa näme?! Ýene aglamaly-da?! Entegem, mähriban ejesiniň gyzgyn gujagy onyň agyrysyna, agysyna dermandy. “Şu zenanyň näme gudraty barka meni beýle rahatladýan?!”, “Agyrsa-da ýene synanşyp göreýin. Ylgamaklyga barýan ýol şu bolsa, onda ol muňa deger”. Çagajyk diwara ellerini goýup, dyzynyň we gollarynyň güýjüniň üsti bilen aýaga galdy… Günler geçdi, hepdeler geçdi.

…Indi ol diwardan tutunyp aýakda durup bilýär. Bu Ýeňişjige aňsat düşmändi. Ençeme gezek ýykylmalar, agyrylara döz gelmeler, içindäki gorkular… Ýöne ol muny başarypdy. Indi 4 aýakda däl-de 2 aýakdady. Beýleki çagalaram 2 aýak ulanýardylar. Ýöne olar diwardan ýapyşyp hereket edenoklar ahyryn.  Onuň esasy maksadynyň baş şerti özbaşdaklykda-da. Indi bolsa çagajyk ellerini diwardan aýyryp aýaklarynyň üstünde bir-iki ädim ätmeli. Ol ellerini diwardan aýyraýsa, “ýykylma” atly nägehan dur. Ýykylsa bedeniniň bir ýeri agyrjak… Ýene başdaky kynçylyklar. Elbetde, wagt hemem yzygiderli synanyşmak gerek. Parhy ýok. Ýeňiş bu zatlaryňam hötdesinden geler…

…Ýeňişiň gözlerindäki hyjuw, ýüregindäki arzuw, tutanýerliligi, yzygiderli synanyşmalary onuň baş maksadyna ýene bir ädim ýakynlaşdyrypdy. Ol indi özbaşdak ýöräp bilýär. Hawa, biraz tagaşyksyzrak bolsa bolubersin. Mundanam baş alyp çykar… Gün aýa, aý güne nobat gezegini berip, hepdeler aýlar geçdi. Ýeňişjik baş maksady bolan ylgamak arzuwyna hem ýetdi. Özem özi bilen deň ýaşda bolan Arzuwjykdanam ir ylgamaklygy öwrendi.

Ol düýnjigem aýakda durmaga çekinýärdi. Wah, şol günleri aýtsana. Ejesidir kakasy ol aýakda duranda-da, birinji ädimi ädende hem el çarpyp begenipdiler. Hawa, indi ol olara ýetdirdenogam. Şunça ýyllap içinde saklan ylgama höwesini birnäçe günde çykarmak isleýän ýaly “ýöremek” diýen zady hem ýatdan çykarar bolarly. Ýogsam, käwagt şeýle bir ylgaýar welin, ýoluna seretmän büdräp ýykylýan halatlaram az däl, ol şonda-da ylgap oýnap ýör. Arasynda ýykylyp tirsegini sypjyrdyp aglap gelýän wagtlaram bar… Zyýany ýok, ol indi başga maksatlaryň yzynda kowalap ýör ahyryn.

Hawa, Ýeňişjik öz gorkusyna asgyn gelmedi. Tutanýerliligi hemem sabyry bilen, yzygiderli synanyşmalary bilen, ýykylansoň ýamaşgandan galma başarnygy bilen, ençeme türgenleşmelerden, birnäçe sepgitlerden soň öz esasy maksadyna ýetdi. Ony ýene aýaga galdyran alawlanyp ýanýan hyjuwy, ganatlap uçýan arzuw-hyýalydy. Umytdan hiç düşmedi. Ýykylsa-da galdy. Her galyşda maksadyna bir ädim ýakynlaşdy. Her etdi hesip etdi, öňde goýan maksadyna ýetdi. Köp kynçylyklardan üstün geldi. Uly maksadyna ýetmek bilen uly üstünlige ýetdi. Ýöne uly üstünlige ýetmek üçin ilki kiçi üstünlikleri gazanmaly boldy.

Şeýlelikde, Ýeňişjigiň baş maksadyna tarap ýola çykan pursady, ýagny emedekläp duran wagty A nokat diýip alsak, onda B nokat ýetilmeli sepgit, ýagny “Ylgamaklykdy”. Ol baş maksady bolan B duralga ýetýänçä A1 (ýapyşyp aýakda durmak), A2 (özbaşdak aýakda durmak), A3 (bir-iki ädim ätmek), A4 (köpräk ýöräp “AA1 nokatdan BB1 nokada” barmak), A5 (erkin ýöremek) we şuňa meňzeş kiçi maksatlaryna, üstünliklerine ýetmeli boldy. Bu kiçi ýeňişler ony uly ýeňişe, baş maksadyna alyp barýan ýollardy. Ýeňişjik her gezekde bir basgançakdan başga basgançagyň üstüne çykmaklygy başardy. Ol özüniň öňki ýagdaý-halyndan üstün çykdy. Kämilleşdi. Täze belentliklere galdy. Ol öz ýöräp bilmezlik döwrüni yzda galdyryp, ondan üstün çykdy, gorkusyna boýun bolman, öňki ýagdaýyny, täze ýagdaý bilen çalyşdy. Onuň her kiçi üstünliginde daşyndakylar el-çarpyp begendiler. Öz ýaşdaşlaryndan hem geçmegi başardy.

Mysaldan görnüşi ýaly, A nokatdan B nokada ýetmek üçin ýantorbaňda birnäçe “gurallar” gerek eken. Olar isleg, maksada okgunlylyk, tutanýerlilik, sabyr-kanagat, yzygiderli zähmet, ynam, umytlylyk, ruhdan düşmezlik, batyrlyk, töwekgellik duýgusy, ugurtapyjylyk we ş.m. Onda Üstünligiň syry – şu häsiýetleriň sende jemlenmeginde. Üstünligiň garşydaşy bolan Şowsuzlyk A nokatdan B nokada ýetmezlikde däl, umytdan düşmekde, ýaltalygyňa ýeňilmekde, maksadyňdan ýüz öwürmekde, geçilmeli ýoldan asgyn gelmekde. Eger maksadyň uly bolsa, ýoluň uzak bolar. Üstünlik maksadyň göwrümine, ölçegine görä uly hem, kiçi hem bolup biler. Ýeňişjigiň bu geçen ýolunda daşyndakylaryň hem goldawynyň bolşy ýaly, käwagt dogry ýoldan gitmekligimiz üçin esli ýollary geçen, köpi gören ýolbelet hem gerek bolup biler. Käbir halatda bolsa, sepgide ýetmegiň şertleri hem, kanunlary hem bolup biler.

Durmuşymyz görüp bilýän adam üçin ululy-kiçi üstünliklerden doly. Birinji harpy ýazyp bilmeklik, kitap okap bilmeklik, bir dil öwrenmeklik, okuwy tamamlamaklyk, ýokary okuw jaýyna girmeklik, ýa-da işe durmaklyk, durmuş ýolundaky päsgelçiliklerden geçip bilmeklik, ýaramaz endiklerden ýüz öwürip bilmeklik, nebsiňden üstün gelmeklik, basgançaklardan ýekän-ýekän ýokary galmaklyk we ş.m. Sanasaň sogaby kän diýleni. Şonuň üçin “Men şowsyz” diýip gynanma, edenim bolanok diýip ruhdan düşme! Gal aýaga, täzeden synanyş! Aýaga galmagyň özi eýýäm üstünlik. Çünki, Sen ruhupesligiňden üstün çykdyň! Ählimiz üstünlikli bolanymyz üçin şu dünýä indik. Millionlarça “bäsdeşiňizi” ýeňip, ene düwünçegine birinji baryp, hut Siz mynasyp bolduňyz dünýä inmäge. Belki-de, şol üstünlige ymtylyş bizi ýaşadýandyr dünýäde?! Başlangyjy üstünlik bilen başlan okyjym, üstünlikler hemraň bolsun!

Jebran HUDAÝBERDIÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy 

Ýene-de okaň

Fitch Ratings Türkmenistan’ın kredi notunu arttırdı

Türkmen gençler Çin ve Macaristan’a üniversite eğitimine gönderilecek

Aşkabat Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na hazırlanıyor

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak

Büyükelçi Mövlamov Pakistan petrol bakanını Türkmenistan’a davet etti

Türkmenistan ile BAE Dışişleri Bakanları Abu Dabi’de buluştu