GENEL

Üstünlik maşgaladan başlanýar…

Geliň, siziň bilen biraz syýahat edeliň. Bu syýahaty bolsa çagalygymyzdan başlalyň. Çagalygymyz örän ajaýypdy, şeýlemi? Biz, ene-atalarymyzyň ezizleridik. Bizi, elleriniň aýasynda sakladylar. Ejemiz bir çemçe iýmegimiz üçin, bir tabak nahar bilen yzymyzdan ylgaýardy. Kakamyzyň bolsa işden gelerine garaşyp, işden gelende bize näme getirendigini bilmek üçin ylgap öňünden çykardyk. Syrkawlan wagtlarymyz bolsa, maşgalamyzdakylaryň hemmesi biz bilen bile syrkawlaýan ýalydy. Biz, elmydama ene-atalarymyza öýkünýärdik. Olaryň edenlerini ederdik we şolar ýaly bolmak isleýärdik. Olar biziň gahrymanlarymyzdy. Biziň pikirimizçe olar, şol döwürde dünýäniň iň akylly we güýçli adamlarydy.

Mekdebe gadam basan pursadymyz hemmämiz üçin başga bir tolgunma bolan bolsa gerek. Käbirlerimiz ilkinji günlerde mekdebe öwrenişip bilmän, ejelerimiziň biziň bilen synpda galmagy üçin aglapdyk. Soň bolsa gysga wagtyň içinde mekdebe öwrenişdik.

Indi gahrymanlarymyz ene-atalarymyz däl-de, mugallymlarymyzdy. Olaryň aýdan her bir sözi biziň üçin kanunydy. Olar dünýädäki iň akylly, iň bilimli we medeniýetli adamlardy. Biz, öýde hemişe olar hakda gürrüň ederdik. Käwagt ejemiz ýumuş buýranda etmesegem, mugallymymyz aýdanda derrew ederdik. Ýyllar biri-birini kowalap geçdi. Orta mekdebi tamamladyk we ýokary okuw jaýyna girdik. Indi mugallymlarymyz öňkiden köpdi. Mugallymlar barada pikirlerimiz üýtgäp başlady. Bu döwürde dostlarymyz bilen has köp wagt geçirýärdik. Biz, elmydama diýen ýaly, olar bilen bile bolýardyk. Maşgalamyzdan soňra, mugallymlarymyz hem şol döwürdäki hereketlerimizde täsirini ýitirip başladylar. Indi dostlarymyzyň arasyndaky iň özüne çekijileri bize täsir edýärdi. Şol wagt dostlarymyzyň diline düşmezlik üçin olar näme etse biz hem ederdik. Emma, bu döwür, hezilliklerden başga-da käbir kynçylyklary ýüze çykaryp başlady. Mugallymlarymyzyň we ene-atamyzyň diýenini etmezlige, hut şu döwürde başlapdyk. Maşgalamyz şol döwürde nähili içgysgynçdy. Hemme zadymyza goşulýardy. Bu bolsa bizi biynjalyk edýärdi. “Bize hiç wagt düşünmeýärler” diýip, pikir edýärdik. Gatnaşýan adamlarymyza-da goşulup, henizem bize çaga ýaly garaýar diýýärdik. Agzaýan zatlary diňe okuw, telewizora köpräk tomaşa etsek ” Indi ýat, ertir okuwa gitmeli” diýýärdiler. Elbetde, maşgalamyz bize düşünmeýärdi! Hawa, olar henizem şeýle. Häzirki wagtda orta ýa-da ýokary okuw jaýynda okaýan bolsaňyz, şol bir zatlary başdan geçirýänsiňiz.

Maşgalamyz, hakykatdanam, pikir edişimiz ýaly, bize buýruk berip, bizi manysyz durmuşda ýaşatmak üçin barmyka?

Maşgalamyz, biziň ýolumyza ýagty saçýan güneş ýalydyr. Olaryň bizden has köp durmuş tejribesi bar. Hatda sowatsyz we ýokary bilim almadyk ene-atalaram bizden has köp ýaşandyklary üçin, bize tejribe mekdebidir. Olar pelegiň birnäçe külpetlerinden geçdiler. Biziň başymyza gelip biljek birnäçe zady, olar bizden has öň başdan geçirdiler. Elbetde, bu wakalardan köp sapak aldylar.

Bu nukdaýnazardan hiç bir ene-ata çagasynyň erbetligini islemeýär. Jogapkärçilikli we merhemetli bolan ene-atalarymyz, diňe biziň ýagşylygymyzy, bagtymyzy, üstünligimizi isleýär…

Alymlaryň geçiren gözleglerine görä, hat-da haýwanlaryň hem öz maşgalasyny goramak üçin jan çekýändikleri ýüze çykaryldy. Biz, adam ogly hökmünde, şeýle mähirli gatnaşyklara, jaýdar nesihatlara örän mätäçdiris.

Şonuň üçin ene-atalarymyza we maşgalamyza hormat goýmalydyrys. Olaryň her bir aýtýan öwütdir-ündewlerini yhlas bilen ýerine ýetirmelidiris. Olaryň başyndan geçiren tejribelerinden peýdalanmalydyrys. Şeýle etmek, bize, isleýän maksatlarymyza aňsatlyk bilen ýetmäge ýardam berer.

Maşgalamyzyň, bize berýän nesihatlary, durmuşyň kynçylyklaryndan goranmaga ýol görkezýär. Olaryň talap etýän düzgünleri, bizi, erbetlikden, durmuşymyza ýowuz täsir etjek ýalňyşlyklardan goramak maksady bilendir.

Indi bolsa size hakyky bolan wakany gürrüň bermekçi.

Çuňňur pikire batyp ulagyny dolandyryp barýan Maksadyň, ulagynyň yzynda ogly, öňünde bolsa kakasy otyrdy. Az salymdan bolsa ulag haýallady we bir binanyň öňünde saklandy. Maksat ulagdan düşdi-de, yzky gapyny açyp ogluna:

“Oglum, biz geldik! Indi bolsa ataňy bolmaly ýerine ýerleşdirip geleli” diýdi. Bu aralykda goja, eýýäm bolýan zatlary aňdy. Bular, üç bolup, gapysynda uly harplar bilen “Garrylar öýi” diýip ýazylan binanyň içine girdiler. Gojany üçünji gatda ýerleşýän otaglaryň birine saldylar.

Maksat: “Wagtymyz az, ataň bilen hoşlaş, basymjak gideli” diýip, kiçijik ogluna ýüzlendi. Çaga, atasyny terk etmek islemedi, emma Maksat kakasy bilen hoşlaşyp  eýýäm otagyň gapysyna tarap ugrady. Oglanjyk bolsa: “Ata, men seni ýygy-ýygydan görmäge gelerin!” diýdi we atasynyň elinden öpdi. Gözlerinden iki damja ýaş daman atasyny otagda galdyryp, kakasynyň yzyndan ylgady.

Maksat örän biynjalyk bolup, bu ýerden çaltjak gitmek isledi we derrew maşynyny otlady. Oglanjyk ýene yzky oturgyçda oturdy we olar öýlerine tarap ugradylar. Az wagtdan soň çaga pessejik ses bilen:

“Kaka!” diýdi. Kakasy ony eşitmedi. Çaga bu gezek sesini birneme ýokarlandyrdy we:

“Kaka!” diýdi. Kakasy: “How oglum” diýip jogap berdi.

“Adamlar garransoň garrylar öýüne eltilýärmi?” diýip, oglanjyk pikirli we gaharjaň kakasyndan sorady. Eden hereketi sebäpli wyždany ynjan Maksat, biraz ýuwdundy we ogluna näme jogap berjegini bilmedi. Jogap bermek üçin bir zatlar hakda oýlananda, çaga bilesigelijilik bilen başga bir sorag berdi:

“Kaka! Men hem sizi garranyňyzda garrylar öýüne eltmelimi?”

Maksat birden aklyna aýlandy. Bar güýji bilen ulagyň togtadyjysyna basanyny özi hem duýman galdy. Bu eden herekedi, ulagyň tas heläkçilige uçramagyna sebäp bolupdy. Maşyny bir gapdala sowdy we derrew yzyna aýlandy. Oglanjyk bolýan zatlara örän geň galdy. Maksat hiç zat gürlemedi. Çaga bolsa nädogry bir zat sorandyr öýdüp, dymdy.

Garrylar öýüne gaýdyp geldiler we ylgap üçünji gata çykdylar. Ýaňyja giden gapysynyň öňüne gelende, çagajyk ylgap baryp atasynyň oturan otagynyň gapysyny açdy. Atasy bolsa penjireden seredip durdy. Çagajyk derrew atasynyň boýnuna böküp, ony gujaklady we: “Men ýygy-ýygydan gelerin, diýip aýdypdyma ata” diýdi. Soňra otaga Maksat girdi. Goja henizem çemodanyndaky goş-golamlaryny boşatmandy. Maksat ýuwaşlykdan gelip, kakasynyň elinden öpdi we ondan ötünç sorady. Goja bolsa, gözünden akýan göz ýaşlaryny saklap bilmedi. Ýuwaşlyk bilen Maksadyň arkasyna kakdy we: “Gynanma oglum! Seniň geljegiňi bilýärdim. Sebäbi men, kakamy garrylar öýünde saklamandym” diýdi.

Ata-babalarymyzyň aýtýan bir sözi bar: “Näme ekseň, şonam orarsyň”. Dünýäde hemme zat iki taraplaýyndyr. Ýagşylyk edeniň ýagşylyga, ýamanlyk edeniň bolsa ýamanlyga duçar bolýany adaty zatdyr. Birine ýagşylyk ýa-da ýamanlyk eden adam iru-giç munuň garşylygyny görýär.

Her kim bu durmuşy gowy görýär. Durmuşdan zeýrenýänlerem, has köp ýaşamagyň ýollaryny gözleýär. Bu dünýä, maşgalamyzyň kömegi bilen gelendigimizi ýadymyzdan çykarmalyň. Ejelerimiziň bizi, dokuz aý göwresinde götermegi, ukusyz geçiren gijeleri, lapykeç günleri, ýadaw agşamlary… Eneleriň, biz üçin etýän tagallalary, hiç haçan sanamak bilen gutarmaýar…

Söýgüli Pygamberimiz olaryň beýikligini şeýle düşündirýär: “Jennet eneleriň aýagynyň aşagyndadyr”.

Atalarymyz hem biziň üçin azap çekýär. Iýmän iýdirýär, geýmän geýdirýär. Çörek pul tapmak üçin, agşama çenli ýakynlaryndan aýrylýar.

Hawa, ene-atalarymyza aýtjak sözlerimiz, berjek jogaplarymyz, alyp barjak garaýyşlarymyz, diňe mähirden doly bolmalydyr. Sebäbi olar, ömürlerini bize bagyş eden adamlardyr.

Her kim, bir gün ene-ata bolar. Her kim, bir gün garrar. Senem şeýle! Ine, şol gün çagalaryňyzyň size nähili seretmegini isleýän bolsaňyz, siz hem ene-atalaryňyza şeýle serediň.

Ýaşyňyz bir çene baranda:

“Käşgä, ejemiň şo sözüni diňlesedim, käşgä, kakam ýaşaýan bolsady, bu soragy şondan sorasadym” diýjegiňiz gürrüňsizdir.

“Ejem ýanymda bolsady, başymy onuň dyzlarynda goýsadym, ol hem saçymy sypap meni söýsedi!” diýip, ejeňiziň mährine zar bolarsyňyz. Olary gynandyran pursatlaryňyzy ýada salyp, örän ökünersiňiz. Ýaşyňyz ulalansoň, ene-ataňyza başga göz bilen seredersiňiz. Olaryň, biziň gahrymanlarymyzdygyna täzeden düşünersiňiz. Kä wagt, mekdep döwrüne täzeden dolanan ýaly bolarsyňyz. Emma, ene-atalaryňyzyň ýanyňyzda däldigine göz ýetirersiňiz. Eýýäm bu pany dünýe bilen hoşlaşandyrlar ýa-da sizden başga bir ýerde ýaşaýandyrlar. Durmuşda üstünlik gazananlar, sözlerini “Käşgä” bilen däl-de, “Şükür” bilen başlaýanlardyr.

Ene – atalaryňyzyň we maşgalaňyzyň gadyryny biliň! Şeýtmek bilen siz, durmuşdaky islän maksadyňyza ýetip bilersiňiz.

Gyzylgül GARAÝEWA.

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy.

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı