GENEL

ÜSTÜNLIK GAZANMAGYŇ IKI ŞERTI: maksat eýesi bolmak we ugurtapyjylyk

                            Geçmişde wagtyňyzy nähili boş geçiren hem bolsaňyz, üstünlige ýetmek üçin entek ullakan bir “ertire” eýedigiňizi ýatdan çykarmaň.

(Denis Waitely)

www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda berlen, üstünlik gazanmagyň ýollary, hekaýalary we ol baradaky gyzykly maglumatlary okanymdan soň, şu güne çenli ýaşan ömrümde üstünlik gazandymmy diýip, öz-özüme sorag bilen ýüzlendim. Dogrusy ilki bilen, sözi okanymdan, üstünlik gazanmak bilen maddy zatlara eýe bolmak barada düşünje aňyma geldi. Asyl görüp otursam, bu sözüň çygry örän giň eken. Işde, durmuşda, maşgalada ýa-da söýgüde üstünlik gazanmak, edeniň ugruna bolmak, işiň şowuna bolmak adamy ganatlandyryp, durmuşa höweslendirýän zat eken. Köp adamlara bularyň ählisinde üstünlik gazanmak başartman hem biler. Emma ählimiz üçin bir günde jemi 24 sagat wagt berilýär. Şol wagty tygşytly peýdalanyp, öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin hereket edişimize bagly bolup durýar.

Durmuşda ähli adamyň her güni üstünlik bilen jemleýändir diýip biljek däl. Çünki, beýle bolananynda, islän zadymyz islän wagtymyz edip bilsek, ýaşaýyşyň, belki gyzygy hem bolmazdy.

Üstünlik gazanmak, durmuşda öz ornuňy tapmak babatda şu wagta çenli ençeme kitaplar ýazyldy. Biz olaryň ençemesini okandyrysam, näme edeniňde arzuwlaryňa we maksatlaryňa ýetjekdigiňe bilseňem, ol işi ertir, ýa ondan soňky gün başlajakdygymyza öz-özümizi ynandyryp, arkaýyn gezipýäris. Has dogrusy, anyk maksat eýesi bolmak we sadaja ýylgyryş ýaly ýönekeýje edip biläýjek zatlarymyzy soňa goýmak bilen arzuwlarymyza, maksatlarymyza ýetmek hem-de üstünlik gazanmakdan her gün bir ädim yza daşlaşýarys.

Maksadyňyz ýokmy? Maksat – Siziň özüňiz!

 Häzirki wagtda habarlar jemgyýetiniň ösmegi, syýahat  ýol serişdeleriniň çalt depginlerde özgermegi adamlara rahatlygy we aladasyzlygy berýär. Bu bolsa ynsanyň pikirlenmek we öz aňynda geljegine laýyk meýilnamalary we maksatnamalary ýöretmek isleglerini elinden aldy. Şonuň bilen baglyklykda, adam düşünmegi we pikirlenmegi başgalaryna goýmak, özleriniň bolan zatlary bilen oňmak, iň erbedi-de, özleriniň nämede bolsa bir zatlary edip bilmejekleri, ol işleri edýänleriň özlerinden has güýçlidikleri barada pikir etmeklerine getirdi.

Habar beriş serişdeleriniň belleýşi ýaly, öz isleglerini öz elleri bilen başgalaryň ellerine beren adam öz-özüne “sen erkinsiň, erkin boldugyň üçin şeýle düşünýäň” diýlip, erkinlik perdesiniň aňrysynda gizlenen, gynansak-da ähli zady bolmalysy ýaly kabul etmek we öz maksady bolmadygy sebäpli, başgalaryň maksady bolup, olaryň ellerine düşmegidir. Oňa indi maksatsyzlykdan, başarmaklykdan söz açsaň, maksatsyzlygyň, islegsizligiň garşysyna ýaltalyk etmek, duran ýerinde galmaklygy üstünlikli işleri başaranlaryň özleri ýaly adam bolduklaryny ynandyryp bilmersiňiz. Ýa bolmasa, hyýal bilen maksady çalyşýandyklary daş-töweregi ýykyşdyrmakda, üstünligiň beýlekileri ezmek bilen bagly bolan zatdygyny, hakyky üstünlige gabat gelmedigi wagt bolsa öz ykbalyny günärkärleýändirler.

Anthony Robbins: “Adam işýakmaz, bikär doglan däldir. Emma, özleriniň ylham çeşmesini joşdurup biljek güýçleri we niýetleri ýokdur” diýýär. Indi biraz pikirleniň! Durmuşyňyzda şu wagta çenli nämedir bir zady zor bilen isläp gördüňizmi? Hökman islänsiňiz. Ol ýagdaýyňyzy ýatlaň, gezip ýörkäňiz, ýatyrkaňyz, oturan wagtyňyz her wagt ol niýetiňiz beýniňizde işläp durandyr. Çünki, beýni siziň näme isleýändigiňizi bilenden soň, ol siziň meseleleriňizi çözmek üçin işleýändir.

Öňküler aýdýalar-a, “Nirä gitjegini bilmedik gämä hiç bir tupan päsgel bermez” diýip. Şonuň üçin maksadyňyz näme bolsa, bolsun niýetiňiz arassa hem ynamly bolsun. Ýogsam, beýlekileriň maksatlarynyň içinde bolandygyňyzy özüňizem bilmersiňiz. Şuny aýdyp bilerin: “Häzirki kyn ýagdaýlarda nämeler edip bilerin, ertirki günüm entek kepil däl”. Hawa, siziňki dogry, emma şuny bilmegiňiz gerek. Gündiz ýakylan şemleriň ýagtylyk saçmaga peýdasy degmese, gije ýakylan şemler töweregi aýdyň ýagtyltýandyr. Onuň üçin siz hem öz içiňizdäki energiýany daş-töwerege şugla saçmak üçin edil şu wagty pursat biliň. Ertir belki giç bolar. Aýratyn şuny belläýin, eger-de biri size şu zatlary etseň, bu üstünliklere ýetersiň diýip güwä geçse, ähli energiýaňyzy we ukyp-başarnygyňyzy şol maksada ýetmek üçin sarp ederdiňiz. Hiç bir adam size ol maksada ýetmegiňiz üçin aýratyn öňüňize böwet bolmaz.

Maksadyňyz belli bolsa, ynamly boluň, dünýä çekilip, size oňa ýetmek üçin ýol berer. Edil şu wagt eliňize galam we kagyz alyp ýa bolmasa kompýuteriňizi açyp,  iş stolyňyzyň başyna geçip, maksatlaryňyzyň zerurlygyna seredip, ýazmaga başlasaňyz nähili bolar.

Hakykatçyllygy nazara alyp, maksatlaryňyzy taýýarladygyňyza ynanýan bolsaňyz, ol uly maksadyňyz sebäpli, siziň işlemek ukybyňyz artar. Çünki, indi siziň sarp etjek boş wagtyňyz bolmaz, wagtyňyzy gowy şekilde geçirip, has gowy eserleriň üstünde işläp, ýokary basgançaklara galmak üçin jan çekersiňiz. Başardygyňyzça, ol işi edip biljekdigiňize ynanarsyňyz. Edip bilýän adamlaryň ýekeje tapawudynyň maksat eýesi bolandyklaryna düşünersiňiz.

Nirä gitjegini bilmeýän we hyýallarynyň arasynda bogulan ençeme ynsan bardyr. Olaryň ählisiniň birmeňzeşligi maksat eýesi bolmadyklarydyr. Gaýtam, tersine oňa derek müňlerçe bahana tapmaklarydyr. Egerde siz nirä gitjegiňizi bilýän bolsaňyz, taýýarlyklaryňyzy oňa görä edersiňiz, islegleriňize ýetmek üçin näme gerek bolsa, ony edersiňiz.

Indi siz maksadyňyza ýetmek üçin beýlekileri günäkärlejek jümleleri ulanmarsyňyz, öňüňizdäki böwetleri ýeke-ýeke aşarsyňyz. Öz üstünligiňizi başgalary päsgel bermän edip bilersiňiz. Özüňizi jemgyýete peýdaly iş edýän adam hökmünde sylanýandygyňyzdan we ynsanlyga hyzmat etmekliginiň lezzetini tüýs ýüregiňiz bilen duýarsyňyz. Indi sizi hiç kim öz maksatlaryňyzy etmeklikden ýüz döndürdip bilmez. Çünki, siz indi hakyky üstünligi we ondan lezzet almagy öwrendiňiz. Belki ýalňyşlygam edip bilersiňiz, şol ýalňyşlyk üçin öňki eden ähli işleriňizi hem görmän bilerler we günäkärler. Belki, käwagt siz ýalňyz galarsyňyz, emma bu sizi maksatsyz goýmaz.

 Ugurtapyjylyk

 Her bir çykgynsyz ýagdaýyň hem hökman bir çykalgasy bardyr. Kyn ýagdaýyň hem çynymyz edip, ugruny gözlesek hökman bir alajyn taparys. Emma ýürekden şol ýagdaýdan çykmak üçin ýapyşmaly. Ugurtapyjylyk bolsa, islendik ýagdaýdan derrew baş alyp çykyp bolar. Onuň üçin agyr fiziki işi etmek hökman däl, sözüň güýji bilen hem edip bolar.

Talyp wagtymyz institutdan daşyndan sagatlaýyn okatmaga gelýän ýaşuly, halypa žurnalist mugallymymyz bardy. Onuň dersinden bir gezek aýlyk jemlemesinde ählimiz iň ýönekeý sowala nädogry jogap beripdiris.  Onuň gaty gahary geldi ählimize şol mowzuk boýunça nutuk ýazmagy tabşyrdy. Men bolsa, ol gün okuw sapaklarymy gutaryp, gerek kitaplary almak üçin onuň iş ýerine bardym. Ýanyna giremde agras ýüz bilen garşy aldy. Sözi nädip, niresinden başlajagym bilmedim. Derrew oňa, “Siziňki ýaly okyjylaryň köp okan, şeýle hem hiç ýitip gitmejek eserleri men hem ýazmaklygy arzuw edýärin. Emma zähmet bilen deň derejede, Ylahy zehin hem gerek” diýdim-de, onuň ýazan eserleriniň atlaryn aýdyp, käbirlerini gürrüň berdim. Irdenki umumy sapakda bilmedik sowaly bolsa, okap öwrenjekdigimi, degişli kitaplary bermegini haýyş etdim. Halypa mugallymmyzyň gar ýagyp duran ýüzi, ýagtylyp gitdi.  Sebäbi, men onuň eşidesi gelýän zatlaryny aýdan bolmaga çemeli.

Üstünlik gazanan adamlaryň bary diýen ýaly, durmuş ýolunyň başyndaky ýeňip geçen kynçylyklaryny ýatlamaklaryny has gowy görýärler. Ol mugallymym hem şeýle adamlaryň hilinden bolup çykdy. Çagalykda döredijilige bolan höwesi, okamak üçin daşary ýurtlara gidişi, ilkinji ýazan hekaýalary, garaz, işini birýana sowdy-da täzeden meniň bilen  döredijilik söhbetdeşligini gurady. Men onuň ähli gürrüňlerini uly höwes bilen diňledim. Bir eseriniň gahrymany hakyt göz öňümde hem janlanýardy. Gyzykly söhbetdeşlikden soňra, mugallymym maňa gerek bolaýjak öz kitaplarynam berip goýberdi. Soň eşidişime görä, menden başga-da talyplar baran eken mugallymyň ýanyna, ýöne olara nutuga degişli maglumatlary kitaphanadan tapyň diýip goýberipdir. Men ol wakada, hakykatdan hem mugallymmyzyň döredijilik älemindäki baý tejribesini göz öňünde tutup, meniň hem geljekki döredijilik işgäri bolmalydygym üçin aýdypdym. Ol görüp otursam, kiçijek bir ugurtapyjylyk bolupdyr.

Şuňa meňzeş ýagdaýlarda iki ýa bir sözlem bilen adamyň aňyna göni barýan ýoly tapmagy başarsaň şeýle hem gürrüňdeşiň mertebesini ýürekden ykrar edip bilseň mesele nämede bolsa öz-özünden çözüliberýän eken.

Şu ýerde şujagaz waka bilen kybap geläýjek dünýä belli adamlaryň käbir aýdanlaryn mysal edip getirmekçi. Professor Uilýam Jeýms: “Adam tebigatyna juda mahsus bolan häsiýetleriň biri, olaryň özlerine mynasyp baha berdirmäge tüýs ýürekden ymtylýandyklarydyr” diýip belläp geçýär. Deýl Karnegi bolsa, “Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nähili täsiriňi ýetirmeli” diýen kitabynda: “Eger biz adamlardan hiç zada hantama bolman, olaryň artykmaçlyklaryny ak ýürekden ykrar etmesek, olaryň bagtly bolmaklaryna azda-kände hemaýat bermesek, onda biziň baryp ýatan egoist boldugymyzdyr” diýip belläp geçýär.

***

Üstünligiň görnüşleri her dürli bolup biler. Esasy zat maksat eýesi bolmagymyz we kiçijek üstünlikleri hem ýürekden duýup başarmagymyzdyr. Eger şeýtsek, ol adaty bolaýmaly ýaly kabul edýän kiçijek üstünlikler has  uly üstünliklere ruhlandyrar. Özgerişlik ilki bilen öz içimizden, aňymyzdan başlanmaly.

Gülälek ÝÜZBAŞYÝEWA, žurnalist

Ýene-de okaň

Birol Güven: Türk dünyası ile ortak filmler üretme projemiz var

Uluslararası Korkut Ata Film Festivali Aşkabat’ta başladı

Irak, Türkmenistan ile diplomatik ilişkileri yoğunlaştırmayı ve daimi bir büyükelçi atamayı planlıyor

Türkmenistan ile Kırgızistan, Hazar Denizi üzerinden kargoya yönelik tercihli tarifeleri görüştü

BDT Yol İnşaatçıları Hükümetlerarası Konseyi’nin 48. toplantısı Aşkabat’ta yapılacak

Bakan: Türkmen gazının Azerbaycan topraklarından geçmesi mümkün