GENEL

Üstünlik – durmuşyň datly miwesi

Üstünlik!  Bu söz göräýmäge ýönekeýje sekiz harpdan ybarat söz ýaly bolup görünse-de, onuň mazmunyny yzarlasaň, bu jümläniň aňyrsyna ýetseň, eýsem şeýle jümläniň adamlara geljege umytly has-da ynamly garamaga mümkinçilik berýän iňňän köp sabyr talap edýän ganatly jümledigine göz ýetirip bilýärsiň. Eýsem üstünlik näme?

Üstünlik — munuň özi bagtyň açary. Üstünlik — ýagty geljege aýdyň ýol.

Ynsan dünýä inen gününden başlap, durmuşyň ajy we süýji günlerini dadyp, özüçe hemme zatdan baş alyp çykjakdygyna, yhlas bilen synanyşsa her bir zadyň hötdesinden gelip, maksadyna ýetjekdigine umytly garap ýaşaýar. Dogrudan-da haýsy hem bolsa islendik adamy alanymyzda, onda üstünlige bolan ymtylyşy aýdyň görmek bolýar. Aslynda, üstünlige ýetmegiň özi hem ynsan oglunyň özüne bagly dälmi näme? Elbetde üstünlige ýetip bagtyňy tapmakda adamyň öz elindäki zat. Üstünlige ýetmegiň ýollary aňsat däl, ýöne ony gazanmak üçin ynsanyň tutuş ömri sarp edilýär. Ynsan ogly üstünlige ýetmek üçin onuň ilkinji basgançaklaryndan ýuwaş-ýuwaş, ädimme-ädim geçip başlaýar. Şol egrem-bugram çarkandakly ýollarynda olaryň köpüsi bir zady ýatdan çykarýarlar. Ol hem sabyr. Sabyr üstünlige ýetmegiň esasy açary. Sabyrly adamyň öňünde goýýan maksat-myradyna ýetmeklikde görkezýän erjelligi, ukyp-başarnygy ony çarkandakly ýollardan aşyryp bagtly durmuşa atarýar…

Kätelerine men hem oýa batanymda, adamyň durmuşda tutan maksadyna gowuşmagynyň aňrysynda üstünligiň ýatandygyny duýýaryn. Eýsem, üstünligiň altyn açary barmyka? Oňa ýetmek üçin neneňsi ýollardan geçmeli? Üstünlik gazanmak üçin ýüze çykan kynçylyklardan nähili baş alyp çykmaly? Oňa ýetmegiň nähili basgançaklary bar? Ine, şular ýaly soraglar aklyma gelende üstünlik hakda çuňňur pikire çümenimi duýman galýaryn. Aslynda şeýle pikirleri başdan geçirýän diňe men däl bolsam gerek! Beýle soraglara jogap bermek üçin belli alymlaryň gazanan üstünlikleriniň düýp özenine seredeliñ.

Belli nemes fizigi Albert Eýnşteýn seýle diýýär: «Men ähli zady örän zehinli boldugymdan däl, eýsem ýüze çykan meseleleri çözmekden ýüz öwürmedigim üçin başarýaryn». Hakykatdan hem durmuşda arzuwyňy amal etmek üçin düşen ýoluňda seni arzuwyňdan alyp goýmak üçin elbetde dürli kynçylykly ýollar we şowsuz pursatlar ýüze çykýar. Eger şondan baş alyp çykmagy başarsaň, sen hökman üstünlige ýetersiň.

Her bir dünýä belli meşhur adamlaryň durmuşy, olaryň gazanan üstünlikleriniň özeni bilen tanyşsaň, olaryň dürli kynçylyklara hötde gelip baş alyp çykyp, özleriniň ylymda açan açyşlary bilen dünýä ýaň salan derejä, abraý- mertebä ýetendigini görüp, özüňe bolan ynamyň has hem artýar. Mysal üçin Ferrari awtoulagyny döreden italiýaly alym Enzo Ferrariniň adyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Onuň durmuşy ukyp-başarnyk, özüne bolan ynam, şeýle hem üstünligiň ýanynda bir-de dramanyň bolmagyndan ybarat bolupdyr. Enzo çagalyk döwründe gowy durmuşda ýaşaýar eken. Ýöne onuň kakasy we erkek doganynyň 1916-njy ýylda Birinji jahan urşuna gatnaşyp, ol uruşda ikisi hem keselläp aradan çykandygy sebäpli, onuň durmuşynda birnäçe kynçylyklar peýda bolup başlapdyr. Ol heniz 18 ýaşyndaka bedeninde kemçilik bolanlygy sebäpli, ony gulluga hem kabul etmeýärler. Ol iş hem tapyp bilmeýär, hemmeler ony kemsidýär. Ýöne ol şonda-da birjigem ruhdan düşmän, gaýta ýene-de gulluga kabul edilmegini soraýar. Ol gulluk döwründe kesele duçar bolýar, ýöne ol bu keselden saplanyp, hatda bedenindäki kemçiliklerden açylyp  yzyna dolanýar. Uruş gutaransoň ýurduň maddy ýagdaýy kyn bolupdyr. Şol döwürlerde Enzo Ferrari awtomobil fabriklerinde işçi bolup işläp başlaýar. Ol özüne edilen kemsidilmelere gynanýar, ýöne bir tarapdanam özüne bolan ynamy oňa ýaşamaga höwes döredýär. Enzonyň arzuwy gaty uly, ýokary tizlikli bolan maşyny döretmekdi. Ýaşap bütin kynçylyklara döz gelip, öz ýürek arzuwyny amal etmek bilen çäklenmän, Ferrari eýsem dünýäniň iň öňdebaryjy awtomobil markalarynyň içinden biriniň-de döredijisi boldy. Görşümiz ýaly, üstünlige ýetmek üçin özüňe bolan ynam hem uly rol oýnaýar eken.

Ýene-de bir belli sazanda germaniýaly Ludwing Bethoweni alyp görsek onuň ýeten derejesine haýran galýarsyň. Bethowen kakasynyň arzuwy bolanlygy üçin sazçylygy okapdyr, ýagny olaryň maşgalasy kän bir gowy durmuşda ýaşamandyr. Şol sebäpli kakasy oglunyň üsti bilen pul gazanmagy gözläpdir.11 ýaşyndan başlap Bethowen saz çalmagy öwrenmäge başlaýar we ol 13 ýaşynda köşkde sazanda bolup işläp maşgalasyny ekleýär. 17 ýaşynda Mozartdan sazandalygy içgin öwrenmäge başlaýar we  Mozart hem oňa ynam bildirýär, onuň ökde sazanda bolup geljekde dünýä belli meşhur sazanda boljakdygyna ynanýar. Ol şeýle bir ökde sazanda bolup, gaty köp pul gazanýar. Ýöne 30 ýaşlarynda Bethoweniň gulagy eşitmeýän bolup, ol muny hiç kime aýtmak islemänligi sebäpli, hemmelerden gizlin tutýar. Ol gulagy eşitmeýän bolsa-da, dürli ajaýyp ölmez-ýitmez sazlary döredýär. Ol soňabaka pianino seslerini hem eşitmän başlaýar, ýöne Lýudwing Bethowen 9-njy simfoniýasyny ýazyp, halkyň öňünde çykyş edip, olaryň ýene söýgüsine, öwgülerine mynasyp bolmagy başarýar. Halk ony aýakda durup alkyşlaýar. Bethoweniň durmuşyna ser salanymyzda ol dünýä ýüzündäki bütin ýarawsyzlara nusga bolup hyzmat edýär. Lýudwing Bethowen adam çyndanam bir zady ýüregine düwse, hiç bir güýjüň oňa garşy durup bilmejekdigini görkezýär.

Üstünlik gazanmagyň nähili ýollary bar? Geliň, olaryň käbiriniň üstünde durup geçeliň.

* Işlemek üçin oňaýly wagta garaşma. Her wagty işlemek üçin oňaýly bil. Özüňe görä oňaýly bolan wagta garaşsaň, ol hiç bir wagt gelmez.

* Işlemek üçin oňaýly ýer gözleme. Her ýeri işlemek üçin oňaýly bil. Özüňe görä oňaýly bolan ýere garaşsaň, ol ýeri hiç tapman bilersiñ.

* Başlan bir  işiňi gutarman başga bir işe başlama. Gutarylman galan iş başlanylmadyk diýmekdir.

* Gije ýeriňe geçeniňde, özüňe sorag ber, şu gün näme etdigiňe seret, ertir näme etjegiňi pikirlenmäni ýatma.

* Üns ber! Sözleriň we ýazgylaryň gysga, açyk we manyly bolsun.

* Bir zat hakynda bir ýazgy ýa eser ýazmaga karar bermezden öň, ilki bilen, şol hakynda ýazylan eserleri oka. Hemmeleriň bilýän zatlaryny gaýtalap ömrüňi zyýan etme.

Üstünligiň altyn açarlary.

* Ilki bilen öňüňizde bir maksat goýuň.

* Aşa ýuka ýürekli bolmañ.

* Güýç bilen şowsuzlygy biri-birinden aýyryň.

* Geçmişe baglanyp galmaň, diňe ondan sapak ediniň.

* Ezber ussanyň ýanynda kömekçi bolup, işi öwreniň.

* Ýekelikde gezmäň.

* Dostlaryňyza hormat goýuň.

* Mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyň.

* Iň gowylar bilen işleşiň.

* Puly söýüň, ýöne durmuşyňyzdaky ähli zatlary pul bilen baglanyşdyrmaň.

* Maşgala bilen işiňiziň aratapawudyny biliň.

* Halk köpçüligine garşy sylagly boluň.

* Mydama ygtybarly, ynsanlaryň ynam duýýan adamy boluň.

* Özüňize wagt aýryň.

* Duşmanlaryňyz bilen dost boluň.

* Dürli pikirli adamlary diňläň.

* Üstünligiňizi, puluňyzy we şöhratyňyzy götermegi başaryň .

* Birnäçe işi bir wagtda etmäň.

* Geçmişiňiz bilen hoşlaşyň.

* Ýaşap ölüň, ýaşaman ölmäň.

* Işiňizde birinji ýerde boluň.

* Dünýäden öteniňizden soň siziň adyňyzyň unudylmazlygy üçin bir eser ýazyň ýa-da bir iş ediň.

Eger üstünlige ýetmek isleseňiz ilki bilen şol işi hökman başarjagyňyza ynanyň, özüňize bolan ynam bilen siziň alyp bilmejek «galaňyz» bolmaz. Hakykatdanam bir zady ýürekden isleseňiz, oňa ýetip bilersiňiz, «bolýala, bir synanyşyp göreýin, ýöne bu iş bolar öýdemok» diýseňiz, şol iş üstünlige getirmez. Gaýgy-aladaly bolup pikirlenseňiz şowsuz bolarsyňyz, eger gam-gussany unudyp, diňe üstünlik hakda oýlansañyz üstünlige hökman ýetersiňiz. Gorky, ölümden-de beter ynsany öldürer. Ölüm ynsany bir gezek öldürse, gorky ynsany müň gezek öldürer. Şonuň üçin bir işi etmekden gorkmaň, adam durmuşda ýalňyşlyklar edip dogryny tapýandyr. Men hem Siziň durmuşda tutan maksatlaryňyzyň ýol almagyny, arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, üstünligiň hemra bolmagyny arzuwlaýan!

Garaja HAJYBERDIÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı