GENEL

Üstünligiň ädimleri

Üstünlik näme? Elbetde bu soraga her adamyň öz garaýşy, pikiri bardyr. Meniň pikirimçe, ynsan durmuşda öz öňünde goýan arzuw-maksatlaryna ýetende üstünlik diýip hasaplaýar.

Menem bu mowzugyň açylmagy bilen öz joramyň, Meňliniň durmuşyndan bir mysal getiresim geldi. Mümkin bu aýdyljak zatlar köpler üçin şeýle bir uly, üýtgeşik üstünlik ýaly görünmezem. Ýöne, men onuň durmuşda tijenip, yhlas bilen öňe ýöreýänini göremde, bu üstünligiň bir görnüşi diýip hasapladym.

Men Meňlini çagalykdan bäri tanaýan, ol dogruçyl, päk ýürekli, zähmetkeş we zehinli gyzlaryň biridi. Ol her bir tabşyrylan işi jany-teni bilen ýapyşyp, yhlas bilen ýerine ýetirýärdi. Ol goňşy mekdepde okaýardy, ýöne ýolumyz bir bolansoň biz hemişe mekdebe bile giderdik. Mekdepde bolup geçen wakalary ol maňa zola gürrüň bererdi. Meňli mekdepde göreldeli okaýardy, hemme derslerini diňe bäşlik baha bilen okap gutarypdy.

Ol şeýle arzuwçyl gyzjagazdy, onuň bir arzuwam daşary ýurt dillerini öwrenmekdi. Ol iňlis dilini öwrenmäge şeýle bir höweslidi. Mekdepde hem ol iňlis dilini okapdy, ýöne ol onuň üçin ýeterlik bolmandy. Meňli daşyndan goşmaça sapak alasy gelýärdi, kurslara gatnasy gelýärdi, emma bu mümkinçiligi Meňliniň maşgalasy berip bilmeýärdi. Onuň maşgalasy ulydy. Maşgalany ekläp-saklamak üçin onuň ene-atasy ertirden-agşama zähmet çekip işlemeli bolýardy; we şol sebäpli olar Meňliniň hem onuň doganlarynyň okuwyna kän bir üns berip baranokdylar. Bu ýagdaýa gyz düşünse-de, bu ony gynandyrýardy. Gyzyň ene-atasynyň ýanyna baryp, “men goşmaça sapaga gatnajak” diýmäge dili çatmaýardy. Ýöne meňliniň arzuwy bardy: iňlis dilini gowy edip öwrenip, onda suwara gepläp bilmekdi. Ol şeýle netijä geldi; ol daýzasyna gatnap tikim-çatym etmegi öwrendi. Şeýdip ol gelin-gyzlaryň köýneklerini tikip, ilki zähmet çekmäge başlady. Meňli ilkinji zähmet çekip alan ujypsyzja gazanjyny toplap, “sözlik” kitap satyn alypdy. Onuň begenjinden meniň ýanyma ylgap gelip şol sözlügi getirip görkezeni, henizem meniň ýadymda.

Indi Meňli özüne gerek kitaplary satyn almaga mümkinçiligi bardy. Indi ol höwes bilen alan kitaplaryny okap iňlis dilini öwrenýärdi. Şunuň bilen bilelikde onuň tikinçilik käri hem hasda gowulanyp başlady. Indi Meňlini ökde tikinçileriň biri diýip hasap etseňem bolýardy. Gyzyň müşderleriniň sany we öz zähmetinden alýan gazanjynyň möçberi hem artýardy. Ol maňa hemişe: “meniň üçin esasy müşderlerimiň göwnünden turmak, soňra bolsa öz gazanjym” diýerdi.

Meňli ýene gazananja pullaryny toplaýardy. Indi onuň kurslara ýazylmana mümkinçiligi bardy. Bir gün gidip dil merkezindäki kursa ýazylyp gelipdi. Onuň ejesi, kakasy öz gyzynyň şeýdip jan edip ylgap ýörşüne begenýärdiler. Gyz kursda okan döwürleri beýleki talyplardan öz tertibi bilen, öz bilimi bilen saýlanýardy, sebäbi ol kursa barmazdan ozal özbaşdak iňlis dili kitaplary köp okapdy. Kursda alynýan testlerde Meňli iň ýokary ballary alýardy. Şol kurs merkeziniň içinde kiçiräk kitap satylýan bölümçesi bardy we ol ýerde her hili daşary ýurtlaryň iňlis dili kitaplary satylýardy. Meňliniň şol kitaplaryň içinden has halan kitaplary bardy. Şol kitaplary şeýle alasy gelýärdi, emma ýene-de pul ýetmezçilik meselesidi. Ähli gazanjyny ol kurs okamana geçiripdi. Her haçan şol kitaply tekjäň ýanyndan geçende “wah şol kitaplar mende-de bolaýsadyda” diýip arzuw edip geçerdi.

Bir gün bu dil merkezinde ähli toparlaryň gatnaşmagynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşigiň biri iňlis dilinde düzme ýazmak bäşleşigidi. Meňli hem şol düzme ýazmak bäsleşigine gatnaşyp, “dostluk” temada düzme ýazypdy. Birnäçe günden soň bu bäsleşigiň netijesi belli boldy. Meňli üçin garaşylmadyk pursatlaryň biri bolup, ol bu bäsleşikde birinji orna eýe boldy we şol arzuw edip ýörenje kitaplary bilen sylaglandy. Ol şeýle bir, şeýle bir begenipdi. Şeýle pursatlar gyzy hasda öňe ymtylmana itergi berýärdi.

Soňra ýene bir uly bäsleşik geçirilipdi. Bu bäsleşikde öz çagalaryna goldaw bermek üçin okuwçylaryň ýakyn hossarlary hem gelipdiler. Bu sapar, ýolbaşçy mugallym Meňlini toparyň kapitany edip belläpdi, sebäp mugallymyň gyza bolan ynamy ulydy. Meňli ol ynamy ödäp, öz toparyna birinji orny almana mümkinçilik berdi. Birinji orny alan toparyň agzalary orta çykarylyp baýraklar bilen sylaglanypdy. Şonda kimsiniň ejesidir, kimiň kakasy ýa dogany gelip gutlaýardylar. Emma şeýle bagtly, şadyýanlyk pursatda Meňliniň bir ýanynda gussasy hem bardy, sebäbi yzyndan hiç bir hossary barmandy, ne-de ýakyn jorasy. Gyz kakasynyň, ejesiniň işdedigi sebäpli gelmediklerine, jorasynyňam bir iş sebäpli gelip bilmedigine, olara öýke-kine etmän, olaryň ýagdaýyna düşünmeli bolýardy.

Gyz “ýeňişli, ýeňlişli pursatlary” diňeje öz ýanyndan begenip, gynanyp goýmaly bolýardy.

Meňli kurslaryny ýokary ballar bilen gutaryp, dil merkezi tarapyndan bir hususy kärhana terjimeçi bolup işe goýberildi. Indi gyzyň öwrenýän dilini hasda ösdürmek tejribesi ýokarlanýardy. Ol indi ýokary okuw jaýyna synanyşmak isledi. Ol iňlis dilinde okalýan ýokary okuw mekdepleri bilen gyzyklanyp, taýýarlanyp başlady. Ýöne bir gezekde synaglardan geçmek oňa başartmady. “Utulan göreşden doýmaz” diýlişi ýaly, Meňli hem öz maksadyna ýetmek üçin birnäçe ýyllar synanyşmaly bolupdy. Ahyry ýylyň bir ajap gününde ykbal oňa ýylgyryp bakdy, bu sapar tabşyran synagy gyz üçin şowly boldy. Ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň iňlis dilinde okalýan bölümine tabşyrypdy we şol uniwersitetiniň talyby bolmak Meňlä nesip etdi.

Ol hemişe: “Ynsanyň esasy güýji – onuň bir zady ýüregi bilen islemeginde jemlenýär” diýen ýörelgä ynanyp gezýärdi.

Talyp bolup uniwersitetde okaýan gyzyň öňünde ýene uly-uly arzuw-maksatlary bar. Şolara ýetmek üçin ýadawsyz zähmet çekip, okap ýörenine gözüm ýetýär.

Meňli, durmuşynyň görkezýän päsgelçiliklerini, töwekgelçiliklerini, goldawsyz we pulsuzlyk pursatlaryny başyndan geçirenine garamazdan, bilini berk guşap öz maksatlaryna tarap barýar.

“Ajysy bolmadygyň, süýjisi bolmaz! Kynlyk bilen ýetilen her bir zadyň gadyram başgaça bolýandyr.”

 Mahym AMANOVA, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri