Türkmenlerde “Sabyr soňy sap altyn”, “Sabyrly gul dura bara şat bolar” ýaly atalar sözi bar. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu sözler çuňňur mana eýe. Durmuş wakalaryna sabyrlylyk bilen garap, tutanýerli zähmet çekseň, soňunyň sap altyna barabardygy biziň hemmämize mälim. Başyna baran işiňde üstünlige eýe bolmagyň esasy syry bolsa aýdyň pikirler, geçiljek ýollar bilen berk baglanşyklydyr. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitarap ýurt bolanyna 25 ýyl dolýar. Şol geçilen ýyllara nazar aýlanyňda, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli gaty uly işleriň durmuşa geçirilendigine ýürek buýsanjyň, eziz Watanyňa bolan çäksiz söýgiň artýar. Bu üstünlikleriň aňyrsynda bolsa türkmeniň gan damarlarynda tirpildeýän sabyrlylyk häsiýeti joş urýar. Ol joşgun bagtly pursatlara, hawa, hawa, aýratyn durmuşyň bagtly pursatlaryna goltgy berýär. Olar daş-töweregimizde bolup geçýän wakalara biçak şatlanmaga, söýmäge, üýtgeşik bir zada geň galmaga mejbur edýän pursatlar. Şeýle pursatlara duşmak, olardan ruhy ylham almak üçin bolsa hemişe aýak üstünde bolmak gerekdir diýip pikir edýärin.Türkmen halky Döwlet garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygy alandan soň, ony berkitmek üçin milli Liderimiziň baştutanlygynda jan aýamaň zähmet çekdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda bedew bady bilen öňegidişlikler gazanyldy. Bitaraplyk syýasaty netijesinde halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk, özara hyzmatdaşlyk we birek–birege ynanyşmak, ähli ulgamlarda durnukly ösüş, dünýä ülňülerine laýyk ösen tehnologiýanyň we sanly ulgamyň giňden durmuşa ornaşdyrylmagy, obadyr kentleriň şäher bilen bäsleşmegi, täze döwrebap obalaryň, medeni- durmuş binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň köpüsiniň Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilmegi, milli däp-dessurlarymyzy özünde jemleýän küştdepdi tansynyň, “Görogly” dessanynyň, ähli döwürlerde özüniň nepisligi, gözelligi bilen dünýä halklaryny haýrana galdyran ajaýyp türkmen halysynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilmegi, goja Hazaryň kenaryny ýakalap oturan, kalbyňy ertekiler dünýäsi bilen çoýýan “ Awaza” milli syýahatçylyk zolagy we ýene-de köp-köp desgalar… bu gazanylan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistan Watanymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar.
Durmuşda üstünlige ýetmegiň ýollary barada gürrüň açylanda, bir wakany gürrüň beresim gelýär.
Golaýymyzda bäş çagaly Güljeren atly gelneje ýaşaýardy. Birdenkä onuň adamsy agyr kesele duçar bolup, aradan çykdy. Kiçijik çagalar bilen galan Güljeren gelnejä her kimiň ýüregi gyýylýardy, nebsi agyrýardy, sebäbi ol hiç ýerde işlänokdy. Şeýle ýagdaýda çagalary nädip kemala getirmeli? Bu sorag diňe Güljeren gelnejäni däl, eýsem goňşy-golamlary hem biparh goýanokdy, olar oňardygyndan ol maşgala ýardam edýärdiler. Ýöne, näme, Taňrynyň güni darydan köp diýlişi ýaly, “Iliň bereni dadymlyk, özüňki doýumlyk” bolaýýarda. Günleriň geçmegi bilen Güljeren gelnejede zenan tutanýerliligi, azaphonlygy oýanan ýaly boldy, ol dogumlandy. Megerem, ol Gurbannazar şahyryň “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýen jümlelerine daýanandyr?! Ol bir gün ejemiň ýanyna geldi-de:
— Altyn goňşy, öýde süýjülik bişirip, dükanlara paýlasam bolmazmyka?—diýip, maslahat saldy.
— Dogry pikir, Güljeren, sen asylam biş-düşe ökde ahyryn, gaýynyň pahyr barka, her gelende seniň bişirýän tagamlaryňy öwerdi. Bişiriber, ynha, meniň çagalarymam dükanlara aýlanyp, haýsy süýjüligiň kime, näçe mukdarda gerekdigini bilmäge kömek ederler. Menem tanyş-bilişlere, kärdeşlerime aýdyşdyraryn. Yhlasdyr erjellik bilen ýapyşsaň, bitmejek iş ýokdur –diýip, ejem onuň pikirini goldady.
Güljeren gelneje ilkibaşda birazrak süýjülik bişirip, mekdebiň ýanynda ýerleşýän dükana tabşyrdy. Emma ondan öňem ol dükana süýjülik tabşyrýanlar bar bolansoň, Güljeren gelnejäniň bişirýän tagamlaryna kän üns berenem bolmady. Haryt basym zaýalanýan önümleriň hataryndadygy üçin, wagty geçensoň alyp gaýtmalydy. Bu ýagdaý birnäçe günläp dowam edýär.
— Be-e, birgiden zadym yrýa bolýar. Çagajyklarymyň agzyndan kesip, bu iş edenime bir degjekmi? Başga näme iş bilen meşgul bolsamkam?—diýip, Güljeren gelneje kän kelle döwýär. “Howlukma, sabyrly bol, kanagat et” diýip, özüne teselli berýär. Ýene-de ejemiň ýanyna gelýär. Ejem internet sahypalaryndan süýjüligiň täze görnüşlerini, olary taýýarlamagyň usullaryny tapyp berýär.
— Süýjüligi uly etmän, bir adam iýer ýaly edeli. Hem-ä bahasy arzan bolar, hemem iýmäge amatly bolar –diýşip, täzeligi önümçilige ornaşdyrmaga howlugýarlar. Täze usul alyjylary özüne çekýär. Okuwa, işe barýanlar dükandan adaty süýjülikden tapawutly täze süýjüligi satyn alýarlar. Onuň daş keşbi, tagamy beýlekileriňkiden üýtgeşik bolýar. Dilden-dile geçip, haryda höwesekler köpelýär. Toý-märeke etjekler Güljeren gelnejä buýurmalar esasynda süýjülik taýýarladýarlar.
Şeýlelikde, Güljeren gelnejäniň bişirýän süýjülikleri sähel wagtyň içinde isleg köpelip, adygýar. Bişirip ýetişse, alyjysy ýeterlik bolýar. Soňra ol ýanyna birküç sany kömekçi alýar. Uly howlynyň töründäki sekiniň üsti kiçijik sehi ýadyňa salýar. Biraz wagtdan howlynyň töründäki aşhanany giňeldip, içini hem arassaçylyk we tehniki şertlere görä abzallaşdyrýarlar. Ejem hasapçylyk ugrundan işleýändigi sebäpli, Güljeren gelneje oňdan süýjülik bişirende çykýan çykdaýjylary we ondan gelýän girdejileri hasaplap bermegini haýyş etdi. Ejem agşamlaryna oturyp, onuň bu haýyşyny bitirýärdi. Irden turanymyzda ejemiň göwnühoş halda Güljeren gelnejä bir zatlar gürrüň berýänini, onuň bolsa ýüzünde şatlyk alamatynyň peýda bolýandygyny görýärdik. Güljeren gelnejäniň çagajyklarynyň hem wagty hoşdy. Diýmek, işler üstünlikli dowam edýärdi.
Wagtyň geçmegi bilen şäher merkezindäki seýilgähiň gapdalynda Güljeren gelnejä süýjülik bişirip satar ýaly ýörite kafe üçin ýer bölüp berdiler. Ol ýerde çagalar üçinem aýratyn stollar bardy. Süýjülik bilen çaýdyr kofe, lezzetli içgiler hem içip bolýardy. Güljeren gelnejäniň başlan işinden göwni suw içýärdi. Ol çagalaryny ýetmezçiligi duýmazdan kemala getirmek, olara atalarynyň berip ýetişmedik mährini siňdirmek, öý-ojagyna bolan yhlasy, söýgüsi bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçmek üçin tutanýerliligi özüne ýoldaş edindi. Turuwbaşdan işjanlylygy, zähmetsöýerligi, sabyr-kanagatlylygy bilen çeşme ýaly akyp ýatan ukybyna daýandy. Ukybyň zähmetiň gözbaşydygyna göz ýetirdi. Şu häsiýetleri özünde jemläp bilmegi onuň ýüreginde joşgun döretdi. Ol joşgun bolsa, gaýgy-hasraty, ýaltalygy, umytsyzlygy ýeňip geçmäge kömek etdi. Bagtyýar kalbyny ertirki gün ýüzüni nähilidir bir bagtyň şöhlesi çoýjak ýaly duýgular gaplap aldy.
Bu durmuş. Adam hemişe arman-ýadaman gözlegde bolsa, üstünlik oňa hemra bolar. Täzelikleri özüň gözlemeli, döretmeli. Gowy görýän zadyňa öýkünjek bolup, ömrüňi oňa sarp etmeli däl. Üstünligiň açary bolan sabyrlylygy elden bermejek bolmaly. Goý, “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýylynda işjanlylygy, tutanýerliligi bilen üstünlik gazanýanlar köpelsin!
Rahymberdi ÇARYÝEW, harby esger