GENEL

Üstünlige ýetmekden ozalky bir ädim

Üstünlik  bir tarapdan seredeňde hiç wagt başaryp bilmejek ýaly, ikinji tarapdan bolsa ýönekeýje sähelçe jan etseň bolaýjak ýaly görünýär. Aslynda ol kynmy ýa-da aňsat??? Megerem muny üstünlige ýeten adamlardan baryp sorasaňyz hem käbiri aňsat diýse käbiri her hili ýollar bilen kyn diýer. Ilkinji nobatda üstünlik sözi agza alynanda şübhesiz göz öňümize Steve Jobs, Bill Geyts we Jeff Bezos ýaly ýa-da şulara meňzeş meşhur şahsyýetler göz öňümize geliberýär.

Üstünlik ilki bilen biziň ýönekeýje arzuwumyz bolman,eýsem hökmany suratdaky etjek özümiziň beren kararymyz bolmaly. Ine şu hem üstünlige ýetmegiň ýönekeýje başlangyjydyr. Biziň her bir edýän işimiziň arkasynda hökmany suratda üstünlik diýen düşünje  bolmaly. Eger sen hakykatdan hem üstünlige ýetmek isleseň soňky demiňe çenli oňa bolan kararyňy özgertmeli dälsiň. Adam köp işläp, kämilleşmeli we dünýä garaýşyny beýgeltmeli. Dünýäde täze bir zat açylsa, ýene üstüni açmaly iki sany zat döreýär. Biz olaryň ählisi öwrenip bilmeýäris, bu tebigatyň kanuny.

Men esasy ýene bir zady belläp geçesim gelýär. Biz orta mekdepde, uniwersitetdir institutlarda kitaplary okap agdarýarys, sebäbi üstünlige ýetmek  biziň aljak bilimimize bagly bolar diýip pikir edýäris. Dogry bularyň hem üstünlige ýetmek üçin täsiri uly ýöne uly üstünliklere ýetmek üçin  öz hünäriň ökdelikden daşaryn hem, ýerlikli geplemäni, özgelere öz garaýyşlaryňy imrindirmegi we öz pikirleriňdir nesihatlaryňy wagyz etmegi şularyň üsti blien hem özüňi ile tanatmagy başarmalydyrys. Bu hakda “Tesla” kompaniýasynyň dolandyryjysy Elon Maskyň şeýle aýdan sözi bar: “Bilimlileriň we asyllylaryň tapawudyny bilmegi başarmalysyňyz. Men Garwardy gutaramok, ýöne meniň elimde onlarça Garward uniwersitetini gutaranlar işleýär”.

Üstünlige ýetmek üçin biziň häzirki derejämiziň ýa-da ýagdaýymyzyň hiç hili täsiri ýokdyr. Isle biz baý bolaly isle garyp, ýa obada ýaşaýanlygymyz ýa-da şäherde. Üstünlik diňe özümiz üçin gerekdir, şonuň üçin hem biz hökmany suratda bahana däl-de, mümkinçilik gözlemelidiris.

Maksat Reýimow, Kerki etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 10-njy syn okuwçysy.

Ýene-de okaň

Bakan Bayraktar İstanbul Energy Forum’da Türkmenistan Devlet Bakanı Maksat Babayev ile görüştü

Türkmenistan’da dünyanın en büyük sahasında yeni doğalgaz akımı alındı

Fitch Ratings Türkmenistan’ın kredi notunu arttırdı

Türkmen gençler Çin ve Macaristan’a üniversite eğitimine gönderilecek

Aşkabat Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na hazırlanıyor

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak