GENEL

Üstünlige ýetmegiň ýollary

Kä gün men işe gidemde ulagsyz, pyýada gidýän. Näme üçin diýende — ulagymyň gadyryny bileýin, ýöräýin – saglygym barada alada edeýin, ýol ugruna adamlaryň durmuş pursatlaryny göreýin, özüme alyp boljak pursatlardan sapak alaýyn…. Täze güni her kim özüçe garşy alýar. Men awtobus duralganyň ýanyndan geçip barýan, duralga adamdan doly. Birisi ukusyny doly almanmy näme-pallap dur, birisi gulagyna gulaklyk dakyp aýdym diňläp dur, birisi awtobusyň geljek ýoluna seredip dur(görgüliň boýny agyryp gidendir), iki sany gelin irden bir meseläni çözjek bolýarlar(näme barada gepleşýänlerini bilemok, şonuň üçin gybat gürrüň edýärler diýip günä galjak däl), birisi …

Duralgada duranlaryň käbiri üçin şu gün irräk turup, barmaly ýerine wagtynda barmagynyň özem üstünlik! Ýöne şu gün meniň üçin üýtgeşik gün boldy. Duralganyň golaýynda pyýadalaryň ýöreýän ýodasyndan bir ýaş ene maýyplaryň kreslosynda ogluny alyp gelýän eken. Kresloda oturan 7-8 ýaşlaryndaky oglanjyk ejesine bir zatlar diýdi, ejesem gapdalda duran ýörite ýöremek üçin niýetlenen enjamy oglunyň öňünde goýup, ona kreslodan düşüp, ýörelýän enjama ýapyşmaga kömek etdi. Oglanjyk enjam bilen iki ädim ätdi-de ýylgyryp ejesiniň ýüzüne bakdy.Ýaş ene dyza çökdi, oglunyň maňlaýyndan öpdi, “Sen ýörediň” – diýdi, gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy. Menem göz ýaşymy saklap bilmedim. Şol pursat men Beýik Biribardan “Allajanlarym şu gün men sizden özüm üçin zat dilemäýin, ýöne şu enäniň begenjini dowamly edeweri, şu enäniň dileglerini boş gaýtarmaweri” — diýip dileg etdim. Şol ýaş enäniň ogly bu gün durmuşynda üstünlik gazandy.Belki ol muňa doly düşünýänem däldir, ýöne ony ýöräp bilmek arzuwyna bolan alaw herekede getirdi. Bu waka meniň ýadymdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Meniň esasy işim telekeçileriň, raýatlaryň arasynda dürli ugurlardan wagyz-nesihat geçmek bolandan soň, ýygnaga gatnaşýanlara kä wagt işleriňiz ugruna gitmän ruhy peslige düşeniňizde, şol maýyplaryň kreslosyndaky oglanjygy ýadyňyza salyň, daşary çykyp arassa howadan dem alyň, gowy zatlar barada oýlanyň, pikiriňizi durlaň, “Men bu işleriň hötdesinden gelerin, men muny başararyn!”— diýip ruhlanmagy maslahat berýärin.

Hormatly okyjy “Üstünlik gazanmagyň ýollary” barada Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde:

“Üstünlik” – işde, okuwda we şuňa meňzeşde gazanylan ýeňiş, şowlulyk; “Gazanmak”- güýç sarp edip, bir zada eýe bolmak ýetmek;

“Ýol” – göçme manyda çäre, çykalga, alaç, ugur, bir maksada gönükdirilen ýörelge diýen manylary berýär.

Esasy işim telekeçilik bilen bagly bolandan soň, şol ugurda üstünlik gazanmagyň ýollary barada gürrüň etmekçi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu güne çenli 23 müňden gowrak agzasy bar. Birleşmäniň agzasy bolmadyk telekeçileriň sany bu görkezijiden birnäçe esse köp. Olaryň hemmesi saýlap alan telekeçilik ugrunda netijeli, üstünlikli işläp bildilermikä?!

Hormatly okyjy telekeçilik ugrunda üstünlik gazanmagyň ýollary barada millionlarça gollanmalar, makalalar bar, ýöne men size hakyky geçilen durmuş ýoly ýagny, bir telekeçiniň üstünlige ýetmekde geçen ýoly barada gürrüň bermekçi(Telekeçiniň ady üýtgedildi  we ondan özi barada ýazmaga rugsat alyndy).

Kaka söýgüsinden, terbiýesinden mahrum galan Kerim orta mekdebi gutarandan soň orta hünär okuwyny gutaryp, biçimçi we tikinçi hünäri eline aldy. Nähilide bolsa ejesi Aýsoltan tikin-çatyn etmek bilen maşgalany aýlandan soň, ýaş Kerim hem gelejekde şu käriň özüni hor etmejegine ynanýardy. Birnäçe atelýelerde işläp gördi.Öýüne kömek etmek bärde dursun,gazanany özüne zordan ýetýärdi. Kerim gazanç etmegiň başga ýollaryny agtaryp ugrady. Kimdir biri pylan iş bilen meşgullansaň düşewüntli diýse güp ynanyp, şol işiň yzyna düşerdi. Emma az salymda aýdylanlaryň boş gürrüňdigine şaýat bolýardy. Bir gün Kerim goňşysy Amanyň maşynynyň akkumulýatoryny ussa seretdirmäge bile gitdiler. Ussa akkumulýatora kislota erginini guýup, iki sagat zarýada goýdy. Akkumulýator taýyn bolýança Aman bilen Kerim ussanyň öz işiniň nähili düşewüntliligi barada beren gürrüňini diňläp, çaý içdiler. Şol gün birhili müşderi hem kän geldi. Gaýtjak wagtlary ussa akkumulýator sehini anygrak adam bolsa satjakdygyny, özem puluna garaşjakdygyny aýdanda Kerim içinden “Bu maňa pursat”- diýip düşündi. Iki günden Kerim sehde işläp başlady. Birbada işler gowy giden ýaly bolsa-da, her gün müşderi bolup duranokdy, üstesine-de käbiri tölegiň deregine spirtli içgi goýup gidýärdi. Birnäçe aý işländen soň Kerim sehi almak bilen ýalňyşandygyna göz ýetirdi. Bir gün sehe arassa geýnen, orta ýaşlaryndan geçen bir ýaşuly geldi. Onyň akkumulýatoryny Kerim oňarýança, müşderi bilen ýakyndan tanyşdylar. Ol müşderi abraýly uniwersitediň professory Ata Gurbanowiç eken.

Kerimiň öňünde indi näme etmeli diýen mesele keserip durdy. Men haýsy iş bilen meşgul bolmaly, näçe pikirlense-de bolmady, özi baş alyp çykabilmän soň professoryň ýanyna gidip maslahat soramagy makul gördi. Uniwersitetde Ata Gurbanowiç Kerimi görenden tanady, “O-how ýaş ýigit gel”- diýip hoşamaý garşy aldy. Ata Gurbanowiç Kerimi diňläp, berlen tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde erjellik görkezmäge taýyn bolsa, kömek etmäge taýyndygyny aýdyp şeýle maslahady berdi: Men saňa ýaş ýigit göni bir hepde möhlet berýän. Bir hepdeden sen maňa öz ykbalyňy üýtgedip biljek telekeçilik işi barada 10 sany teklibi ýazyp getirmeli.

Uniwersitetden gaýdyşyn ýolda her näçe pikirlenjek bolsa-da, hiç-hili pikir, teklip kellä gelmedi, ahyry  iki günden soň Kerim “Näme etjegimi bilýän bolsam seniň ýanyňa baryp näme edeýin” — diýip içini gepletdi.

Dowamy bar.

Berlen möhlet doldy, Kerim professoryň ýanyna eli boş geldi.

— Telekeçi bolmagyň aňsat däldigine gözüň ýetdimi?

— Dogrusy maňa entäk bu ýol garaňky.

— Haçan soňky gezek kitap okadyň?

— Mekdepde okamda.

— Düşnükli, sen meniň ýanyma gatnap sapak almaly bolarsyň.

— Bolýa, bolýa.

— Onda näme, bu gün geleniňe görä sen boş gitme, sapak geçeli diýdi.

Ilkinji gezek telekeçi sözi ykdysadyýetçisi Riçard Kantilon takmynan 1720-nji ýylda girizipdir. Onuň  1755-nji ýylda çapdan çykan “Söwdagäriň umumy tebigaty baradaky oçerk” atly ýazan kitabynda, şeýle kesgitleme berlipdir: “Telekeçi – belli bahadan gaýry adamlaryň harytlaryny satyn alyp, soň özüniň harydyny näme bahadan satjagy näbelli bolan, gazanjyna belli bir möçber goýup bolmaýan adam”.

Nesilbaşymyz Oguzhan döwründen bäri telekeçi diýen düşünjäň ýerine alyp-satar, dellal, söwdagär, täjir diýen söz halkymyzda ýörgünli bolupdyr. Söwdagärler ýurdyň içinde söwda işlerini ýöretseler, täjirler bolsa esasan ýurduň daşyndan  harytlary alyş-çalyş edip ýa-da halkyň mätäçlik çekýän harytlaryny, şeýle-de dünýäde täze çykan, geň galdyrýan harytlary satyn alyp bazary doldurypdyrlar. Ol döwürde söwdagärleriň, täjirleriň esasy ulaglary at, düýe, eşek, gatyr bolupdyr. Täjirleriň arkaýyn ýurt aralarynda ýöremegi, iki taraplaýyn bähbitli söwda-satyk etmegi üçin patyşadyr-hökümdarlaryň, hanlardyr-emirleriň aralarynda ylalaşyk bolup, ol ylalaşykda iki tarapyň täjirleriniň ýurtlarda goraglylyk kepilligi ykrar edilipdir. Türkmen täjirleri esasan dünýä belli bolan taýsyz halylarymyzy, on barmagyndan dür dökülýän ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň el işlerini satmakda kösenmändirler, sebäbi olaryň elmydama hyrydarlary ýetik bolupdyr. Elbetde bärde söwda işinden gowy baş çykarýan täjirler, haryda göräde bahanyň hem belli bir derejede ýokary bolmagyny gazanypdyrlar. Türkmen halylary şalar köşklerini, wezirleriň, baý emeldarlaryň öýleriniň törlerini bezäpdir. Şeýle-de ýüň, deri, at esbaplaryny, dowarlary we şuňa meňzeş başga-da ellerinde bar bolan harytlaryndan täjirler ýük urupdyrlar.

Türkmen halk ertekilerinde-de “ … söwdagärleriň kerwenine goşulyp gidiberipdirler. Bular az ýöräp, köp ýöräp, birnäçe menzil geçip, ahyry bir uly şähere baryp ýetipdirler. Bir saraýda düşläp, dem-dynçlaryny alypdyrlar. Ertesi her kim öz işi bilen boluberen. Kimsi zat alýar, kimsi zat satýar” – diýen sözler bilen söwdagärdir-täjirleriň ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berilýär.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde: Telekeçi – her bir zadyň aladasyny wagtynda edýän, her bir zady ýerbe-ýer edýän, söwda-satlykdan, täjirçilikden we ş.m. haýyr, peýda görmek üçin meşgullanýan, iş alyp barýan, önüm öndürýän adam. Söwdagär (söwdagärçilik) – zat satyn alyp, zat satýan, söwda işi bilen meşgul bolýan adam –diýen düşündiriş berilýär.

Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi bilen ykdysadyýetimize saldamly goşant goşýan “telekeçi”, “telekeçilik, “işewür” ýaly hususyýetçilik barada täze düşünjeler, şu günki ykdysady durmuşymyzyň iň ýörgünli düşünjeleriniň biri boldy.

Hususy telekeçi – döwlet salgyt gullugy tarapyndan ýaşaýan ýeri boýunça kanunda bellenen tertipde bellige alnan, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs.

Telekeçilik işi iki görnüşde: hakyna tutma zähmeti ulanmazdan we ýuridiki tarapy döretmezden hem-de hakyna tutma zähmeti ulanmak we ýuridiki tarapy döretmek arkaly – görnüşlerde amala aşyrylyp bilner. Telekeçi Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda gadagan edilmedik işiň islendik görnüşini amala aşyryp biler.

Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda şeýle-de kesgitleme berilýär: Telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) – munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hemem töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik tarapyň – kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak işidir, hususy kärhanaçylyk işidir.

Ýönekeý dilde düşündirilende: telekeçilik – şahsyň öz ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, gazanmak üçin durmuş we iş tejribesine daýanyp, harytlary öndürmek we satmak, hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça töwekgel iş alyp barýan hususy işidir.Telekeçilik işiniň tapawutlylygy özbaşdaklygynda, garaşsyzlygynda, işiň görnüşini erkin saýlamakda. Telekeçilik   işi   bilen   dürli   taraplar   meşgul   bolýar.   Işçi   hem,   kärendeçi   hem, dolandyryjy hem, kärhana eýesi hem telekeçi bolup biler. Şol sanda telekeçilik işini  aýratynlykda ýa-da toparlaýyn görnüşde hem gurnamak bolar. Birinji ýagdaýda aýratyn bir adamyň hususy işi, ikinji ýagdaýda bolsa olaryň toparynyň alyp barýan işi göz öňünde tutulýar.     Hususy telekeçiligiň ösmegi adamlaryň işe, eýeçilige bolan garaýşyny düýpli üýtgedýär. Olarda öz eýeçiliginde bar bolan serişdeleri aýawly saklamaga, olary yzygiderli artdyrmak meýilleri has güýçlenýär. Şu ýerde bir ýagdaýa üns bermek gerek. Telekeçilik işi bilen serişdeleriň eýesiniň özi ýa-da başga bir ygtyýar berlen adam meşgul bolýar. Ownuk telekeçilik şertlerinde serişdeleriň eýesi bolmak we telekeçi wezipesi bir adamda jemlenýär. Iri önümçilik barasynda muny aýtmak bolmaz. Köplenç halatda şeýle önümçilikde kärhananyň eýesi we telekeçi biri-birinden tapawutlanýar. Bu ýerde telekeçiniň wezipesini kärhananyň ýolbaşçysy ýerine ýetirmegi mümkin. Ýöne onuň kärhananyň eýesi bolmazlygy hem mümkin.

Dowamy bar.

Telekeçi bolmak aňsat iş däl. Köp adamlarda telekeçilik barada nädogry düşünje bar. Olar çagalaryna ýokary okuw jaýyna okuwa girmeli, girip bilmeseň hem, bolmanda telekeçi bolarsyň diýýärler. Bu hä dogry, çünki her bir telekeçilik işi açylmadyk bir sungat ýalydyr. Oňa gözýetimi giň, düşünjeli, töwekgel, erjel bolmak zerur. Şeýle-de başlan işiň netijesini görmek üçin sabyrlylyk gerek, bu barada ata-babalarymyz “Işler sabyr bilen biter, bisabyr dünýäden ahmyrly öter” – diýipdirler.

-Sen uly tennis oýnap bilýäňmi?

-Ýok.

Onda dowam edýäris: Bütin dünýäde 50 million çaga tennis oýnamaga başlaýar, olaryň 5 milliony tennis oýnamagy öwrenýär. 500 müňisi professional tennisçi bolýar, 50 müňisi ýaryşlara gatnaşýar, 5 müňisi abraýly ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanýar. Telekeçilik hem edil tennis ýaly, telekeçilige ýüz müňlerçe adamlar başlar, emma güýçli telekeçi bolup, ady belli kärhanany ýöredýänleriň sany azdyr. Ýeri gelende aýtsak telekeçilik işine şowlulyk diýen faktoryň uly täsiriniň bardygyny belläsim gelýär.

Öňde goýlan maksada ýetmekde ilkinji ädimler iň kyn ädimler bolýar. Käbir ýazyjylar bilen söhbetdeş bolaňda, olar kitap ýazmakda iň agyr düşýän zat ony ýazyp başlamak diýýärler. Sen älem gämileriniň uçuşyny gördüňmi? Äleme uçýan älem gämileriniň ýangyjy iň köp sarp wagty hem ýerden aýryljak bolan wagtydyr. Älem gämileri näçe ýokary gitseler şonça-da ýangyjy az sarp edýärler.

Sapagyň ahyrynda Kerim bir hepdeden 10 teklibi taýýarlamak, şeýle-de   kitap okap başlamak, has takygy türkmen ertekilerini okamak barada tabşyryk aldy.

Ertir bir hepde berlen möhlet dolýar, teklip ýok, näme etmeli? Aladadan ýaňa ýassygy ýaplanyp oturşyna uklap galan Kerim gijäň ýarynda tisginip turdy, onuň kellesine her dürli pikirler gelýärdi. Ol ýadyndan çykmaka pikirleri kagyza geçirmekçidi, ýöne kagyz tapmady, wagt ýitirmän tikin maşynyň gapdalynda ýatan galam bilen diwaryň ýüzündäki oboýa ýazyp ugrady. Ýazyp bolandan soň, sagadyň ýaňy üçden işländigini görüp, ýerine geçip ýatdy. Irden turup Aýsoltan ejäň igençlerine gatlanyp, teklipleri bir kagyza göçürip aldy. Kerim öýlän Ata Gurbanowiçiň ýanyna howlukdy. Kerim otaga “Essalamwaleýkim”-diýip girdi, “waleýkimessalam”-diýip Ata Gurbanowiç garşy aldy.

-Tüweleme, ösüş bar. Ýa kitap okap başladyňmy?

-Sag boluň! Hawa, eýýäm bir hepde bäri günde okaýan.

Sowatly bolmak, köp okamak, gözýetimiň giň bolmak, milli däp-dessurlarymyzy bilmek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, gepleşik düzgünlerini bilmek, halallyk, adalatlylyk, ýurduň içinde bolup geçýän ykdysady täzeliklerden habarly bolmak bularyň hemmesi telekeçilik işini üstünlikli alyp barmakda möhüm orny bar.

Professor ýazyp getirilen teklipleri daşyndan sesli okady-da Kerime teklipleri diwarda asylgy duran klas tagtasyna ýazmagy tabşyrdy. Teklipler ýazylyp gutarandan soň, professor Kerime ýazylan teklibiň haýsysyndan gowy baş alyp çykyp biljekdigi barada sorady.  Kerim tikinçilik ugry diýdi. Professor Kerime “Sen öň tikinçilik atelýelerde işgär bolup işlediň, indi bolsa seniň özüň hususy atelýäň bolmaly.Sen bu işi bilýäň, şonuň üçin bu işi başarjakdygyňa men ynanýaryn”-diýip, işi başlamak üçin, nädip biznes plan ýazmalydygyny öwretdi.

Kerim tikinçilik atelýesini ýöretmek boýunça öz biznes planyny ýazyp, professora görkezdi. Ata Gurbanowiç biznes plany makullap, Kerime uly üstünlikler arzuw etdi.

Wagtyň salmy ýok, günler hepdelere dolanýar, hepdeler aýlara. Eýýäm atelýäniň işe başlanyna alty aý geçipdir. Atelýe 2 tikinçi bilen işe başlanam bolsa, eýýäm tikinçiň sany 10-a ýetdi, buýurmalar azyragam bolsa gelip dur.

Kerim halypasy Ata Gurbanowiçden arany üzmedi, habarlaşyp maslahatlaşyp durdy. Atelýeniň hem işleri ugruna boldy. Ýurdumyzda bilim syýasatynda bolup geçen özgertmeleri, has takygy mekdep okuwçylarynyň egin-eşiginiň tassyklanan habaryny alandan Kerim aýgytly hereket etdi. Ol indi 5-10-lap däl, ýüzläp mekdep okuwçylaryň egin-eşigini tikip bazara çykardy. Has ýörgünlisi erkek oglanlaryň dakýan galstugy boldy. Dogrusy şonyň hasabyna Kerim öýlenip, uludan toý tutdy. Häzirki wagtda ol diňe bir telekeçi däl, eýsem oýlap tapyjylyk bilen hem meşgullanýar. Ýeňil awtoulaglaryň tekerlerindäki balansy saklaýan, agramy 5,10,15, 20 gram bolan gurşun ýükjagazlary Kerimiň oýlap tapan enjamynda öndürilen.  Kerimiň bu güne çenli oýlap tapan zatlary sanardan kän.

Umuman telekeçilikde üstünlik gazanmagyň ýollary kän, ýöne iň esasy zat:

— bilýän işiň bolmaly;

— edýän işiňe ýürekden ýapyşmaly;

— ol iş saňa ruhy galkynyş bermeli;

— durmuşda öz şygaryň bolmaly(mysal üçin “Men muny başararyn!”);

— özüňe ynamyň bolmaly;

— maslahatlaşar ýaly halypaň bolmaly;

Dädebaý NAZKULYÝEW, Syýasatçy

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri