GENEL

Sagdyn ýaşaýşymyzyň gözbaşy

Biz  özümiz  barada nähili  pikirde  bolsak, şol hem  ykbalymyzy  kesgitleýändir.(Mark  Twen)

 Adamlary  haýwanlardan  tapawutlandyrýan   alamatlaryň  iň  esasysy  hökmünde  adamlar  üçin  pikirlenip  bilmek  başarnygynyň  mahsuslygy  hasaplanýar. Hat-da  iň  ýokary  gurluşly  haýwanlar  hem  pikirlenip  bilmek  başarnygyndan mahrumdyrlar. Çünki ol başarnygyň  döremekligi    zähmet  bilen baglanyşdyrylýar.  Pikirleniş  esasynda  adam  daşky  gurşawa  diňe  bir  uýgunlaşman, eýsem  ony  özüçe  üýtgetmekligi  hem  başarýar. Pikirlenip   bilýändigi  üçin  adam  tebigatyň  berip  bilmeýän  zatlaryny  hem  öndürip  bilýär.Aslynda  adam pikirleriniň netijesinde  ösüşe  gadam basýar, her bir  pikir  gelejegini gurmakda  ýol saýlamaga, täze oýlap tapyşlary etmäge sebäp bolýar.Adam pikirlenip bilýänligi, pikirlenme psihiki proses hökmünde diňe  adama mahsuslygy  üçin hem adamdyr.

Bu dünýäde  adam üçin  dogulmakdan soňky iň uly bagt megerem durmuşda öz ornuňda özüň bolup, öz pikirleriň we onuň netijesinde döreýän öz arzuw maksatlaryň bilen, özgeleriň  pikirlerine garaşsyz ýagdaýda ýaşamak bolsa gerek.Adamyň  ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly sagdyn ruhy (psihiki)  gurşaw şahsyýetiň  kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň  biridir.Sagdyn ruhy   gurşaw  bolsa  sagdyn ruhly adamlar  tarapyndan döredilýär, sagdyn ruh bolsa  adamda  ilkinji  nobatda sagdyn pikirler netijesinde döreýär. “Adam üçin  durmuşda  iň  uly  we  iň  esasy  baýlyk  näme?”  diýip  soralsa hemmäniň hem  ilkinji   nobatda  beden saglygy  diýip  jogap  berjegi  gümansyzdyr.Çünki  beden  taýdan  sagdyn  bolmak sagdyn  ýaşaýşyň  gözbaşy  diýlip  düşünilýär. Emma  beden  taýdan  sagdyn  bolmagymyz  hemme  zady  hem  kesgitläp  durýarmyka!? Onuň  bir  özi  sagdyn ýaşamak  üçin  ýeterlikmikä!?Ýok  elbetde. Sebäbi sagdyn  durmuşda  ýaşamagymyz  üçin  ilkinji  nobatda   adama  ruhy  sagdynlyk  gerekdir. Beden  taýdan  sagdyn  bolmagymyz  ruhy  ýagdaýymyza  hemişe-de  gowy  täsir  edip  durmasa  gerek. Emma  ruhy  taýdan  sagdyn  bolmagymyz biziň  fiziologik  ýagdaýymyzy  hem  gowulandyrmagy  mümkindir. Bu  babatda Wiktor Gýugonyň  “Bedeniň  galasyny  gorap  saklamak üçin, ruhuň galasyny  goramaly” diýen sözlerini ýatlamak  bolar.

Ruhy  saglygymyzyň  gözbaşy bolsa biziň  aňymyzdan  başlangyç  alýar, ol  başlangyjyň  hem  gözbaşy  biziň  beýnimizde  göterýän  pikirlerimiz  bolup  durýar. Nähilidigine  garamazdan (negatiw   ýa-da  pozitiw)  beýnimizde  döreýän  her  bir  pikiriň  özüne  mahsus  strategiýasy-ýörelgesi bardyr. Biz   kesgitli bir zat hakynda pikir etsek beýnimizdäki neýronlara täze programma ýükleýäris.Netijede neýronlar ol programma boýunça işläp başlaýar, soraglara  jogap, maksatlara ýol gözläp başlaýar. Neýronlar arkaly nerw impulslary bilen  informasiýa tutuş bedene ýaýradylýar.Netijede  hereketlerimiz edýän  pikirlerimiz bilen baglanyşýar.Wagt geçdigi saýyn beýnimiz biziň maksatlarymyzy durmuşa geçirmek üçin tutuş bedene yzygiderli impulslar ugradyp durýar we ol proses öňde goýan maksadymyza ýetýänçämiz dowam edýär.Täze pikirler netijesinde neýronlaryň işini, olaryň biri-biri bilen arabaglanyşygyny  “üpjün edýäris”, “dikeldýäris”. “Men muny  başarmaryn”,  “Munuň alajy ýok”, “Bu  mümkin däl” diýip  pikir  etsek neýronlary  şeýle “işjeňlikden”,  we  “arabaglanyşykdan” mahrum edýäris. Netijede arabaglanyşygy  ýiten  neýronlar nädip   informasiýalary  geçirsin, nädip  tutuş  organizmi  herekete  getirsin! Biziň  arzuw  edip, ol  arzuwlarymyzyň hem ynam  we  zähmet bilen  birleşip, üstünlige   ýetmek  ýolundaky  maksatlarymyza  öwrülmegi  ilkinji  nobatda  ol  babatda  edýän pozitiw pikirlerimizden  başlanýar, ýagny pozitiw pikirlerimiz  biziň  üstünliklerimiziň ruhy  esasy  bolup çykyş  edýär.

Ullakan bir  derýanyň suwunyň möçberiniň ýylboýy azlygy ýa-da köplügi onuň goşantlarynyň sanyna bagly däldir.Onuň  suwlulygy diňe olaryň iýmitleniş çeşmesine, ýagny goşantlaryň gözbaşynyň başlanýan ýerindäki ýagýan ýagyşa, gara, buzluga, ýerasty suwuna bagly bolup  durýar.Adamda hem edil şeýledir.Adamyň  maksadyna  ýetmegini, üstünlikli bolmagyny derýa meňzetsek, goşantlary bolsa şol maksada ýetmekdäki  ynam, hyjuw, zähmet, tutanýerlilik, erjellik diýip häsiýetlendirsek, bu özboluşly “goşantlaryň” ýeke-täk çeşmesi adamyň pikirleridir, pikirlenişidir. Diýmek belli bir maksada  ýetmek ilkinji nobatda biziň pikirlerimizden başlanýar.Özümizi özgertmek üçin ilkinji nobatda pikirlerimizi özgertmegimiz gerek.   Belli  amerikan milliarderi  Robert Kiýosaki özüniň “Baý kaka, garyp kaka”  atly  kitabynda   “ Haçanda biz nämänidir  bir zady arzuw etsek oňa  nähili  ýetmeklik hakynda pikir edýäris.Garyplar  aramyzda  hemişe bolýar.Çünki  garyplyk  olaryň pikirlerinden başlanýar  we pikirler  sözler görnüşinde şöhlelenýär.Haçanda olar “Men bu işi başarmaýan” “Bu men üçin däl” diýip pikir edeninde  iň esasy  ýalňyşlygy  goýberýär. Çünki olar  özleriniň  pikirleriniň  önümine  öwrülýär. Siz  öz beýniňizdäki pikirleri  özgertmeseňiz  pul  size  kömek  edip bilmeýär.Biz  köp  pul gazanýan käbir  adamlary  görýäris, emma olarda şol öňki meseleler bolýar.Sebäbi  olar garyplar  ýaly  pikirlenýärler. Eger  siziň  pikirlenişiňiz  garyplaryňky ýaly  bolsa siz  maddy  dünýäde hem garyp  bolup  galyberýärsiňiz” diýip  belleýär. Diýmek üstünlige  ýetmek üçin ilki bilen sagdyn esasly hyýaly döredip bilmegimiz gerek, ony  döretmek üçin sagdyn  pikirlenmegimiz, beýnimizde sagdyn  esasly pikirleri  götermegimiz gerek  eken.  Adam diňe öz pikirleriniň  önümidir, ol näme hakda pikir  etse şoňa  hem öwrülýär, durmuşyna hem pikirlerindäki zady çekýär. Egerde nämedir bir  zada ýetmek isleýän bolsak, oňa  hemişe  ýetmegi başarjakdygymyz baradaky pikirden ugur almalydyrys.Biz  haçanda  beýnimizden ýaramaz pikirleri aýryp taşlan halatymyzda işlerimiziň ugruna bolmak mümkinçiligi  has artýar.

Gadymy Hindistanyň  pelsepewi mekdepleriniň  biri hem  ýoga  mekdepleri bolup, olarda  esasan  “Durmuşda  hakyky  üstünlik gazanjak  bolsaň ilki  bilen  zerur  bolan tärleri işläp düzmeli we “sekiz ölçegli”  ýol bilen  hereket etmeli, ýagny ilki  bedeniň  hereketlerini kadalaşdyryp bilmeli  we özüňi  kämilleşdirmek  üçin  pikirleriňi, içki dünýäňi kämilleşdirmegiň  üstünde  yzygiderli  işlemelidir”  diýlip  öwredilipdir. Ýagny  pikiriň  güýjüne has ir  döwürlerden üns  berlipdir.

Durmuşymyzdaky iň  uly päsgelçilik beýnimizde göterýän negatiw  pikirlerimiz, olary ýeňip bilmezligimizdir, olar esasynda döreýän gorkularymyzdyr. Şu sebäpler bilen bagly hem adam käte sussy pes ýagdaýa düşýär. Bular  ýaly ýagdaýda adam näme etmegi, nähili ýol tutmagy bilmän galýar.Öz durmuşyny başga adamlaryň  durmuşy bilen deňäp görýär we köplenç  öz ýagdaýyndan göwni suw içmeýär.Aslynda bolsa gije-gündiziň  dowamynda berlen 24 sagat wagt, dem alýan howamyz, ýaşaýan gurşawymyz  hemme  adam üçin hem birmeňzeş. Hat-da fiziki taýdan hem tapawudy ýok diýen ýaly.Ýöne kimdir bagtly, üstünlikli, kimler bolsa munuň  tersi.Kimleriň  durmuşy gözel, kimler bolsa diňe gün geçirmek bilen  “meşgul”.Muňa sebäp  näme? Bellik ol her kimiň  maňlaýyna “ýazylan” takdyrydyr, ýazgytdyr?!Üstünlikli  we şowsuz  adamlaryň tapawudy  nämede?! Belki olaryň  iň  esasy tapawudy  pikirlenişindedir?!Elbetde!Gowy özgerişler diňe içki ruhy dünýäden daşky fiziki dünýä tarap  bolýar. Häzirki wagtda bu düşünjeler kwant  fizikasynyň alymlary tarapyndan hem subut  edildi  we tassyklandy.Içki  dünýä  ilkinjidir.Çünki  her  bir  zat we  obýekt fiziki  dünýäde  peýda  bolmazdan ozal ol kimiňdir beýnisinde  pikir, hyýal, gipoteza görnüşinde  peýda bolýar.Soňra  bolsa maddylaşýar, ýagny fiziki  dünýäde  döreýär.Bu  kanunalaýyklyga  esaslanyp  şeýle  netije çykarmak  bolar: Ýagny biz öz  durmuşymyzda diňe  pikirlerimizde bar  bolan zada eýe bolýarys.Isleýärismi  ýokmy, bu hakynda bilýärismi ýokmy saglyk, özara gatnaşyklar, söýgi, pul, iş we başga zatlar  barada her bir  adam özüniň  aň  mazmunyndan gelip  çykyp, öz reallygyny  döredýär. Ilki bolup  pikir  peýda bolýar. Ol sözlerde aýdyňlaşýar.Soňra bolsa hereketlerimizde öz netijesini tapýar.Birnäçe gezek gaýtalanan hereket  endige öwrülýär. Endikler gylyk- häsiýetiň  kemala  gelmeginde kesgitli  rol oýnaýar. Gylyk-häsiýet bolsa adamyň durmuşyny emele  getirýär. Diýmek pikirler  gönüden-göni durmuşymyzyň  mazmunyna täsir  edýär. Mundan şeýle  netije  gelip  çykýar: ýagny  biz öz pikirlerimizi  üýtgetsek durmuşymyz  hem özgerýär. Ajaýyp dälmi?! Pikirlerimiz her  hili özgerişleriň, üstünlikleriň   açarydyr, bagtly  we mazmunly  durmuş geçirmegimiziň  bilmegimiz gerek bolan  möhüm syrydyr. Munuň  üçin her  birimiz özümiziň  dünýä we özümiz  baradaky garaýyşlarymyzy gaýtadan görüp çykyp, netijesizlerini özgertsek   bes.Bu  bir tarapdan aňsat  ýaly  duýulýar. Emma beýleki  tarapdan kyndyr.Kynlygy  şundan ybarat: adam öz durmuşyna täsir  edýän düşünjelere düşünmeýär. Çünki olar  ruhyýetimiziň aňsat böleginde  saklanýandyr.Olara ýörite  maşklar  arkaly adam beýnisiniň  sag intuwitiw ýarym şary arkaly täsir  etmek  bolar mümkin. Esasysy munuň  alajy  bar. Mundan peýdalanmak  we peýdalanmazlyk – bu biziň saýlawymyzdyr. Ýadymyzda saklalyň her birimiz öz durmuşymyzyň  awtorydyrys.

Pikirlerimiz biziň ruhy dünýämiziň subýekti bolup, şol bir wagtda öz material dünýämizi döretmegimiziň esasy obýekti  bolup  çykyş edýär. Pikirlerimiz şahsyýet hökmünde  biziň özboluşlylygymyzy kesgitläp durýar. Öz pikirlerimiz  esasynda biz özümizi döredýäris, sebäbi edilýän her bir pikiriň we onuň esasynda gelinýän her bir netijäniň materiallaşmak häsiýeti bardyr. Biziň  üstünligimiz  ýa-da şowsuzlygymyz  biziň edýän pikirlerimize, pikirleniş  meýdanymyzyň ululygyna  baglydyr.

Pikir diňe özüne çuň duýgy ornaşan wagtynda özüniň güýjüne we ýitiligine eýe bolýar.Dil aýdyňlygy – aýdyň pikiriň netijesidir, aýdyň pikir bolsa hökman aýdyň formany  döredýär.  “ Näme hakda pikirlenýänligiňi aýt men saňa kimligiňi aýdaýyn” diýen jümle ýöne ýerden döremändir. Sebäbi adamyň pikirleri, pikirleniş usuly bilen pikiri daşyna çykarmak usulynyň arasynda aýrylmaz baglanyşyk bardyr, ýagny pikir nähili bolsa, ony daşyna çykaryş  formasy hem şol hilidir. Negatiw pikirlerimiz arkaly  öz başaryp biljek zatlarymyza çäk goýýarys, başarnyklarymyza serhet çekmek esasynda bolsa durmuşymyzy belli  bir galypa salýarys. Ol bolsa bize hiç haçan islegimizdäki ýaly reallygy bermeýär. Netijede öz-özümizi az zatlar bilen kanagatlandyrmaga endik edýäris.

Nähilidigine garamazdan her  bir  pikir  täsir ediji  güýje  eýedir. Jümleden  gelejege  hem. Biziň negatiw ýa-da pozitiw pikirlerimiz geljegimiziň nähili boljakdygyna sebäpkär bolup bilýär. Pikiriň  täsir  ediji  güýje  eýe  bolmagynyň mümkinligi baradaky  çaklamalar  ýapon  alymy  Masaru  Emotoda   tejribe  geçirmeklige  gyzyklanma  döretdi. Ol geçiren  tejribesi esasynda  adamyň  pozitiw  we negatiw  pikirleriniň  nähili  derejede  täsir  ediji  güýje  eýedigini  anyklady.Ol  iki sany agzy  ýapylýan  gap  alyp, olaryň  hersine  deň mukdarda  gaýnadylan  bürünç  salýar. Gaplaryň  gapagyny  ýapyp, olaryň  birine “ Sagbol ” diýen ýazgyny  ýelmeýär  we  ol  babatda  gowy pikirde bolýar, gowy  sözleri  aýdýar. Beýlekisine  bolsa “ Akmak ” diýen ýazgyny ýelmeýär,  ol babatda  erbet  pikirde  bolýar we  erbet  sözleri  aýdýar. Gaplar  4  hepde  dowamynda  pikirler  bilen  “zarýadlanýar”. 4  hepdeden  soň  gaplary  açyp, bürünjiň  hilini  anyklaýar. “Akmak” sözi  ýazylan gapdaky  bürünjiň “Sagbol” sözi  ýazylan  gapdaky  bürünje seredende  has  beter  zaýalanandygyny, ýakymsyz  ysynyň  bardygyny we  tejribesi  arkaly  pikiriň  täsir  ediji güýje  eýedigini  anyklaýar.

Biziň oý-pikirlerimiz fiziki  güýjümize hem uly täsir edýär. Meşhur psiholog Sýu Hedfild özüniň  “Güýç psihologiýasy” atly kitabynda muňa  degişli  anyk deliller getirýär. Ýagny ol 3  sany erkek  adam bilen tejribe  geçirýär.Olara  ynandyrmagyň  fiziki güýje  nähili täsir  edýändigini barlap  görýär. Netijäni bolsa  dinamometr  bilen ölçäp görýär. Tejribäni 3 hili ýagdaýda  geçirilýär. Birinji  tejribede Hedfild tejribä gatnaşyjylara dinamometri bar güýji bilen gysmagy buýurýar. Olaryň  bar  gysma güýji 101 funta barabar bolýar.Soňra synag edilýänleri gipnoz ýagdaýyna düşürýär, ýagny pikir täsiri  esasynda olaryň  juda  ejiz, gowşakdygyna ynandyrýar. Netijede olaryň  gysma güýji 29 funta barabar bolýar, ýagny adaty güýjüň 1/3-ne  deň  bolýar. Hedfild  üçünji gezek tejribe  geçirende synagdakylaryň özleriniň  güýçlüdigine ynandyrýar.Netijede  olaryň  her  biri 142  funta  çenli gysmagy  başarýar.Haçanda  olaryň beýnisi güýç hakynda  pikirler  bilen doly bolanda  olaryň  fiziki güýji 50%-e  çenli artypdyr.Biziň  pikirlerimiz  şunuň  ýaly  deňäp  bolmajak  güýje  eýedir.

Awstriýaly  lukman Georg  Ridder  pikiriň  täsir  ediji  güýjüni öz tejribesinde bolan  bir waka bilen şeýle  teswirleýär: “ Gatnap  bejergi alýan  bir aýal näsagym bardy. Göwreli  wagtynda oňa lukmanlar tarapyndan  “ýatgynyň  boýunjygynyň ragy” diýip  kesel kesgitlemesi goýuldy. Ol 27  ýaşda bolsa-da lukmanlar  keseli bejermek  üçin  ýatgyny aýryp  taşlamaly  diýen karara geldiler. Näsag bolsa muňa  garşy  boldy.Çünki ol öz  göwnündäki ýaly  ýanýoldaş  tapypdy we  ondan perzent görmek isleýärdi. Biz  terapiýany  başladyk  we ol öz ýagdaýlaryny  gözegçilige  almagy  başardy.Tutuş  göwrelilik  döwründe : “Ýatgymda kesel bar bolsa-da  perzendimiň  näsag  bolup  dogulmajagyna  umyt  bilen  ynanýaryn” diýen  pikir onda uly ynam döredipdi.Ýatgydan barlag  üçin suwuklyk alynyp  barlanýar we ol barlag  birnäçe  gezek hem  geçirilýär.Netijeler  bolsa hemişe  hem  kadaly  ýagdaýda  bolýar.  Dogrum  döwri golaýlaşyberende ol  ýenede howatyrlanyp başlaýar. Çünki ol şol  günlerde  näsag  çaga  barada birnäçe  düýşler görýär  we onda şübheli  pikirler döräp  başlaýar. Ahyrky  netijede  çaga dogluş  wagtynda gysylýar. Çagany  hirurgiýa operasiýasy  usuly  bilen  almaklyga giç  bolupdy. Çaganyň  sagdyn dogulmagy üçin  lukmanlar  ellerinden  gelenini  etdiler. Çaga kislorod  ýetmezçiligini  başdan geçirdi.Netijede  çaga hem  beden  hem  ruhy  taýdan näsag  bolup  doguldy. Bu  ýagdaýlaryň  ählisi  pikirleriň  negatiwligi, ýagny  olaryň  gönükdirilen  ýoly  bilen  baglydy. Çünki  her  bir pikir  gowumy  erbetmi öz netijesini görkezýär.”

Kesellänimizde  diňe  dermanlar kömek  berýärmikä ýa-da onda  pikirlerimiz  we duýgularymyz  hem rol oýnaýarmyka!? Lukmanlar pozitiw  pikirleriň  adamda  özüne  bolan  ynam  duýgusyny  döredýändigini, özüne  ynamly  adamlaryň  immunitetiniň  güýçli  bolýandygyny  nygtaýarlar. Pikirlerimiz  biziň  fiziologik sagdynlygymyza we  kesellän  wagtymyzda ulanylýan  preparatlaryň   netijeli  bolmagyna  özüniň  položitel  täsirini  ýetirýär. Käbir  keselleriň bejergisi  babatynda häzirki zaman  lukmançylygynyň  gazanan  ýokary netijeleri hem ejiz  gelýär. Maddy  ýagdaýyny hasaba  almazdan seretsek häzirki  wagta  çenli  bejergisi  tapylan kesellerden hem ýogalýan adamlar  bar. Sebäbi  dermanlaryň  hem 100% derejede täsir  etmegi  ilkinji  nobatda  hassanyň ruhy  dünýäsiniň  sagdynlygy, ýagny onuň  oňyn  pikir-garaýyşlary, özüne  bolan  ynamy  bilen  baglydyr. Häzirki  wagtda  farmasewtika senagatynda dermanlar öz täsir ediş derejesi boýunça dürli kategoriýalarda öndürilýär.Oňa aýdyň  düşünmek üçin ähli öndürilýän dermanlary şertli ýagdaýda 4–A, B, C, D kategoriýa bölüp göreliň.Mysal üçin A kategoriýadakylar 100% derejede täsir edýär.B kategoriýadakylar 75% derejede, C kategoriýadakylar 50 % derejede täsir edýär. D kategoriýada öndürilýän dermanlar bolsa umuman täsir etmeýär, ýagny olar fiziologik ergin ýaly bir zat.Peýdasy hem ýok zyýany hem ýok.Onda ol dermanlar nähili täsir edýärkä?! Çünki näsag adam ol dermany kabul edende özüniň gowulaşjagyna ynanýar,ýagny özüniň pozitiw pikiri bilen öz-özüni bejerýär. Bu bolsa medisinada plaseboterapiýa diýip atlandyrylýar.Häzirki wagtda lukmanlaryň köpüsi özleri hem bilmedik ýagdaýynda plaseboterapiýa bilen meşgullanýar. Emma  näsag  gowulaşjagyna  şübhe  bilen  garasa  hiç   hili  terapiýa  hem  oňa  täsir  edip  bilmez. Özüne  ynamly, pozitiw pikirleri  serinde  göterýän   adamlar az  keselleýärler, olar  kesellände-de tiz  gutulýarlar. Bu  babatda  Artyknur  Nohurow özüniň “Maşgala  psihologiýasy” kitabynda  şeýle  belleýär: “Lukmana  ýüz  tutanda “Öýkeniňde  howply  çiş  döräpdir, kesmeseň  boljak  däl”, ýene biriniň  aýagyna  şikes  ýetip iriňlände (osteomiýelit) “Aýagyňy  kesmeseň  bolanok” diýende näsaglaryň  operasiýadan  ýüz  öwrüp, özlerinde  ýaşaýşa, geljege, sagaljakdyklaryna bolan  uly  ynamlary, ruhubelentlikleri, erjellikleri  bilen bu  derde  garşy  göreşip,ondan  halas  bolýan, ýagny  howply   çişiň ýa-da osteomiýelitiň öz-özünden  ýok  bolýan  ýagdaýlary seýrek  bolsa  hem  hakykatdyr”. Diýmek adam üçin  iň  esasy terapewt onuň  aňydyr, onda  göterýän pikirleridir.

Rim imperiýasyny  dolandyran beýik filosof  Mark Awreliý adamyň pikirini, onuň  netijesini  9 sözde taryplapdyr: “Durmuşymyz- biziň ol hakda  edýän  pikirlerimizden özge zat däldir” Hakykatdan hem. Eger bagt hakynda pikir  etsek, özümizi  bagtly duýýarys. Eger bizi gaýgyly pikirler  gurşap alsa, gamgynlyga  düşýäris. Pikirlerimizi  gorky eýelese gorkýarys. Eger kesel hakynda pikir etsek, kesellemegimiz  şübhesizdir.Saglyk hakda  pikir etsek ol amala aşýar. Şowsuzlyk  hakynda pikir etsek, biz ýeňlişe  sezewar bolýarys.Pikirlerimiz bizi dolandyrýar. Şonuň  üçin pozitiw pikirlenmäge  çalşyň, pikirleriňiziň  sagdyn  bolmagyny  gazanyň. Çünki  her  bir  pozitiw  pikirimizde  özboluşly  bir  ruhy  güýç bardyr. Şol ruhy  güýç  hem özümize bolan ynam  duýgysyny döredýär. Ol duýgy  bolsa biziň  üstünliklerimiziň  gözbaşydyr, sagdyn ýaşaýşymyzyň,  manyly  durmuşymyzyň  iň  esasy  we  iň  ygtybarly  sütünidir!

Azat HIMMETOW, Seýitnazar   Seýdi  adyndaky TDMI-niň geografiýa  we  ony okatmagyň  usulyýeti kafedrasynyň   mugallymy.

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı