GENEL

Ömrüň manysy

Üstünlik… Görýän weli, şu ajaýyp söz tutuş adamzadyň kalbyny elendirip, soraga salyp, olaryň durmuş çarhyny goýman aýlaýan bolmaga çemeli. Göräýmäge, oňa eýe bolmak  beýle kynam däl. Ýöne etmeli işleriň, ýetişmeli närseleriň seni basmarlap, öz erkiňe goýmaýanlygynda, sen edil, üstünlikden el çeken deý saralyp-solýarsyň. Edil güýz ýapraklary ýaly.

Kalbyňda ýeňşe ýetmek, oňa eýe bolmak  duýgusy dyňzap dursa-da, nämedir bir zat seni ondan alaýjak ýaly gorky döredýär. Ýok, beýle diýsem harsydünýälik, nebsewürlik bilen  çalyşma göriň. Eýsem, könelerimiz aýdypdyr-a  “Ajygan ölmez, alňasan öler” diýip. Muňa aňryýany bilen düşünsek-de, käte ýürek hiç karar tapanok. Hamana her bir günüňi şo-ol bir gaýtalanýan hysyrdylar bilen  “okaýaň, iýip-içýäň, işleýäň, ene-ataňa kömekleşýäň, dost-ýarlaryň bilen söhbet açýaň” we ýene-de şol pisint durmuş  öwrümleri bilen geçirýän  dek. Sen öz günleriňi  ýüregedüşgünç, örän manysyz geçirýän ýaly öz-özüňden närazy bolýarsyň. Öz-özüň bilen ikiçäk galyp, kelläňde  berç tutup giden sowallaryňa jogap tapjak bolup eglenýärsiň.

Ilki bilen-ä orta mekdepde okaýarkaň, maňa-da ýokary okuw mekdebinde okamak bagty miýesser edäýsedi diýen arzuwlar bilen ýaşaýaň. Ol arzuwlar beýniňde gurçuk deýin gaýmalaşyp, seni öz erkiňe goýuberenok. Ine, ahyry bir günem arzuwyňa ýetip, üstünlik gazanýarsyňam welin, Hudaýjana seni ýalkap, il deňinde okap ýörenligiň üçin  alkyş baryny aýdýarsyň. Pikir edýänsiň, üstünlige ýetdim diýip… Emma bütin barlyga göz ýetirip, olaryň seniň üçin azlyk edýändigine düşünýärsiň. Ýene-de üstünligiň gapysyny kakyp, ondan birnäçe eşretleriň hözirini görmäge howlugýarsyň. Sebäbi, meniň pikirimçe-hä, durmuşymyzy hasylly edýän, oňa many çaýýan biziň ýeten üstünliklerimiz bolsa gerek. Bütin ömrümiz, ýaşaýşymyz üstünlik bilen baýlaşýar. Elbetde, üstünlikleriňizi diňe bir ýeten derejeleriň, hormatly atlaryň ýa-da şöhratyň, abraýyň bilen düşündirmek ýalňyş bolsa gerek. Çünki her bir ynsanyň zehini başga, başarnyklary dürli-dürli bolýar.

Haýsydyr bir zadyň üstünde dümtünip, onuň üçin  arman-ýadaman işleýän, şol zatdan many gözleýän ynsana  üstünlige tarap gapylaryň girelgeleri açylýar duruberýär. Sebäbi pyçagy ýitilemeseň, kütek bolşy ýaly, bilýän zatlaryňy gaýtalap durmasaň,onda seniň  öz-özüň ýetjek üstünlikleriň bilen  hoşlaşýaň oturyberýäň. Üstünlige ýetjek bolup, zähmet çekýänler kähalatlarda, oňa nädip ýetendigine-de düşünmeýärler. Birdenem, şowlulyk olaryň gapysyny kakanda, olar şeýle bir begenýärler, şeýle bir joşýarlar, aýdyp-diýer ýalam däl. Onsoň ol ynsanlary öz işlerinden saklap, haýsydyr bir başga işe ugrukdyrsaňam, olar barybir öz ugrunda kämilleşen bolup, tüýs üstünligiň özüni öz elleri bilen gazanýar oturyberýärler. Ýöne munuň üçin öz işiňe bolan söýgi örän wajypdyr. Çünki işiňize söýgi bilen ýapyşsaňyz,yhlas bilen göreşseňiz, iz üstünlige eýe bolup bilersiňiz. Aslynda, meniň düşünişimçe üstünlik – bu ýagşylyk etmek, öz käriňi çyn ýürekden söýmekdir. Üstünlik bu güýçdir, ynamdyr, gaýratdyr we söýgüdir. Siz oňa ýetesiňiz gelýärmi, onda daş-töweregiňizi synlaň. Eger kömege mätäç adamlar bar bolsa,olara eliňizden gelenini gaýgyrmaň. Çünki ýagşylyk nuruny paýlaýan ynsanyň kalbynda üstünlik gazanmak höwesi güýçli bolýar. Elbetde, kömek etjek bolup elewräp ýörmegem dogry däldir. Bu düşnükli. Sebäbi beýle etseňiz, öz edip biljek işleriňizi ýerine ýetirmän  ryswa galaýmagyňyzam gaty mümkindir.

Has dogrusy, üstünlik bu siziň özüňize bolan  güýçli  ynamyňyzdyr. Töwekgel bolmaga çalşyň. Ynam bilen ýapyşdyňyzmy, onda  siz muny ýeňiş bilen tamamlarsyňyz. Töwekgel bolmasaňyz, bu siziň öz günäňiz. Ilkibada her kimem dagdan pese iner. Oňa  çäre ýok. Durmuşyň ýaradylyşy şeýle-dä. Onsoňam, üstünligiň  ilkinji kerpiçleri şowsuzlyklardan durýar ahyry. Biziň her birimiz şeýdip-şeýdip, durmuşyň çarkandakly ýollarynda, öz tejribelerimizi toplamaga mümkinçilik gazanýarys. Kerim şahyr aýtmyşlaýyn:

Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler

Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler

Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,

Sen öküz dek ýere garşy yňyp git.

 

Tüýs jüpüne düşen jümle. Hakykatdanam, hiç  kimem  birinji gezekde bal ýalanok. Şonuň üçinem öňüňizden çykan böwetlerden ejizlemän, gaýtam olardan birnäçe tejribeleri öwredýän durmuş ýolunyň bardygyny, bir göz öňüňize getirip gördüňizmi? Bir zady etmän öküneniňizden, ony ýerine ýetirip, nämedir bir düşünje barada öwreneniňiz  zerur dälmi, eýse? Sebäbi öz etmedik zatlaryňyz üçin öz-özüňize  igenip, öz-özüňizden nägile bolmak siziň beýniňiziň kadaly işlemegine zeper ýetirip biler. Siz özüňizi gereksiz hasaplaýan bolsaňyz, onda durmuşam size berk gaýtawul berer. Çünki, sen  özüňi öňe çykarmasaň, özüňi özüň ykrar etmeseň, görkezmeseň, onda kimiň size kömegi deger? Elbetde, hiç kimiň. Gadamlaryňyzy öňe goýup, ädimleriňizi ynamly ätmek, basgançaklara beýik ýeňşe bolan ruh bilen dyrjaşmak siziň özüňize bagly. Munuň üçin  bolsa, kelebiň ujuny ýitirmän, ugruňyzy anyk bir ýere baglap, şoňa tarap omzamak galýar.

Ýöne bir zada anyk düşündim. Üstünlige söýgüsiz ýetmek şeýle bir çetin. Başararsyňyz öýdýäňiz, ýöne başardaýmaz. Çünki, köp tejribeli ynsanlaryň durmuşyna ser salanymyzda-da olar üçin söýgi-üstünligiň açary bolup hyzmat etdi. Ata-eneň, dost-ýarlaryň, dogan-garyndaşlaryň seni söýgi bilen gurşap, daşyňda hozanak bolup ýörkä, sen neneň oturyp biljek? Aýratynam seni kemala getiren mähriban käbäň. Ol seniň  ýeňişleriňe özüňden beter begenýär ahyr. Oňa ýetmegiňe senden has köp alada edýär. Eger sen olary begendirip biläýseň, jennetiň gapylary seniň öňüňde açylar duruberer. Hut şeýle duýgulary başdan geçireniňe  özüňem ynanyp bileňok, hatda. Parhy ýok, ol uly ýeňişmi ýa-da kiçi. Olar seniň ýeten derejäňe, kiçijik üstünligiňe-de edil çaga deýin buýsanýarlar,hamana diýersiň, sen bir dagy alyp gaýdan ýaly aňyrdan. Onsoň, olaryň  begenç gözýaşlaryny görüp durkaň, şaýat bolup durkaň ýene-de dünýäde ýeňişlere, üstünliklere ýetäýsem diýen umyt bilen ýaşaýaň. Dogry, aşa ham-hyýala baglanybermekdenem hüşgär  bolmak gerek. Ýöne ynsan diýeniň arzuwçyl, umytly bolanda  ýagşy. Siz nämä mynasyp, ilki şoňa göz ýetiriň. Bilşimiz ýaly üstünlik sowgat berilmeýär, ol diňe irginsiz zähmetiň netijesi esasynda gazanylýar. Zehinli ýazyjymyz Bazar Şalyýew aýtmyşlaýyn:

Zähmet çekmän, öz bagtyna ýeten ýok,

Käte utulmazdan, diňe utan ýok.

Halal işläp, kanagatly bolmasaň,

Çakdan hars urubam, bagtyn tapan ýok.

 

Durmuşda hasapsyz ýeke zat ýokdur,

Netije yhlasyňa göräräkdir

Säwlik, hatarlarňa ökünmez ýaly

Batyrgaýlyk,töwekgellik gerekdir.

Bu manyly setirler tüýs kalbyň töründe orun alyp,hut özi-de üstünlige seni atarýan ýaly. Dogrudanam üstünlik uly zähmeti talap edýär. Ilki bilen sen nämä ukyply,haýsy işi etseň,dogry netije gazanyp bilersiň.Şol dogrusynda oýlanyň. Öz-özüňize sorag beriň. Bu jahanda eden we etmedik işleriňiz  barada pikirleniň  we amala aşmadyk arzuwlaryňyzy  durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli güýjüňizi bir ýere jemläp,ony ýerine ýetirmäge yhlasyňyzy  gaýgyrmaň. Esasy zat hiç haçan sussupes bolmaň. Elmydama ruhubelent bolup, ýapyşan işiňizi soňuna çenli gutarman, goýbolsun etmäň. Ruhubelent bolmaga ýykgyn ediň. Çünki ruhubelentlik siziň  kyn işiňizi aňsat eder.

Ýene bir belläp geçmeli esasy ýagdaý bolsa, wagty netijeli ulanmagy özüňizde terbiýelemekdir. Üstünlik wagta bagly bolan beýik ýeňişdir. Wagt bolsa ötegçi, bir ýerde durmaýar. Ömür paýawlap barýar. Düýnjik ýalydy gulpaklyja ak mekdebiň gapysyndan  ätlänimiz. A  indi görýäňmi… ondan näçe ýyllar geçdi. Şady-horramlykda, keýpi–sapalykda wagtyňyzy ötürýän bolsaňyz, onda şu pursatdan başlap, ondan netijeli işleri amala aşyrmaga birnäçe wagtlaryňyzy aýryp goýuň. Ýöne gereginden artyk howlukmagam howply. Esasy zat ony ýerlikli ulanyp, üstünliklerde taplanmak. Mähriban adamlar, durmuşymyzy hasylly, bereketli, manyly etmek isleýäňizmi onda öňüňizde maksat goýup, tutanýerli zähmet çekiň. Şonda ýeňiş, üstünlik siziň hemraňyz bolar. Ýaşlykda nähili zähmet çekseňiz, garran çagyňyz onuň hözirini görersiňiz. Ýeten üstünlikleriňiz siziň kalbyňyza aram berip, biraz ýigdelden ýaly bolar. Goý, ömrümizi ýagtyldýan, oňa tükenmez many çaýýan üstünliklere eýe bolmak her birimize miýesser etsin!

Maýa ALLABERDIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri