GENEL

Maksatlar birigip myradyňa gowuşýar

Ýakynda “Biznes reklama” gazetinde şeýle sözleme duş geldim: “Kemçiliklerimiziň bardygyna garamazdan, gowşak taraplarymyzy bilip, şoňa görä güýçli taraplarymyza üns bersek, hemişe üstünlik gazanmaga mümkinçiligimiz bardyr”. Awtoryň bu terjimesi meniň ýandepderçämdäki şeýle şowsuzlygy ýadyma saldy:

“…Gazet redaktory Disneýi işden boşadýar. Disneý olardan sebäbini soranda “Sende döredijilige bolan talant ýok” diýen jogaby alýar. Disneý aga lapykeç halda öýlerine dolanyp gelýär we uzak pikirlenmelerden soň birnäçe kompaniýalar döredip görýär. Bary şowsuz tamamlanýar. Iň soňunda näme edendir öýdýäňiz?! Biziň Disneý agamyz “Gar gyz” multfilmini surata düşürýär. (Ind-ä ýadyňyza düşen bolsa gerek). Gepiň keltesi häzirki çagalaryň köpüsi onuň ajaýyp multfilmleriniň täsirine ulalýarlar. Ynanaňyzokmy? Onda baryňda körpejelerden sorap görüň, olar Disneýiň multfilmleriniň gahrymanlarynyň ýedi arkasyna çenli sanap bererler. Disneý ömrüniñ ahyryna çenli 30 sany Oskar baýragyny aldy”.

Siz her hepdäniň ahyrynda soraglara jogap beriň! Geçen hepde nämeleri öwrendim…? Hepdäniň iň uly üstünligi…? Bu hepdäniň iň ýatda galyjy wakasy nämedi we näme üçin? Men wagtymy boş geçirdimmi, şeýle bolsa-da näme üçin?! Daşky görnüşe üns beriň, islendik wagt täze üstünlikler we garaşylmadyk duşuşyklara taýýar boluň! Öz durmuşyňyzdan nalamaň! Nirede ýykylan bolsaňyz sessizje  ýeriňizden turuň, baryň we gerekli hereketleri ediň! Nädip hereket etmäge özüňi mejbur etmeli diýýäňmi? Ilki bilen, rahatlygy öz mümkinçiligiňiziň çägi hökmünde kabul etmegi başarmaly. Soňra, islemeýän zadyňyzy özüňize zerurdygyna ynandyryp, özüňizi şol işe mejbur etmäge synanyşmaly! Meselem, syýahat ediň! Iň bolmanda ýylda iki sapar hiç hili barmadyk ýa-da bolmadyk ýerleriňize baryň, syýahat size özüňizi tapmana kömek eder! Özüňizi ýalňyşmana goýuň, geçirilen ýalňyşlardan gerekli bolanyny alyň! Ýalňyşlyk — rowaçlanmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri berýär. Öz şahsyňyzy rowaçlandyryň, siz kim? Özüňizden başga hiç kim bilen bäsdeşlik etmäň! Kararlary öziňiz kabul ediň, başga adamlaryň pikirlerine görä pikirlenmäň! Özüňizi mejburlamaň, dünýä gaty uly, onda anyk siziň görnüşiňiz we ýylgyrşyňyzdan bagt alýanlar bar! Her gün azyndan ýarym sagat rahat bolup, dynç almany we dykgaty bir ýere jemlemäni öwreniň. Eger-de siziň meýilnamaňyzdaky ýaly bir zatlar amala aşmadyk bolsa, ýylgyryň! Bernard Şouň belleýşi ýaly “Durmuş — özüňi gözlemek däl, özüňi döretmek başarnygydyr”. Ýadyňyzda bolsun, eger-de islän zadyňyzy alyp bilmeseňiz, belki onda hem bir amat bardyr. ÝOK diýmäni öwreniň, ony  aýtmakdan gorkmaň, her bir aýdylan sözüň dogrulygy, peýdalylygy we mähribanlygy üçin bahalaň! Gybat we ýalanlar, şikaýatlar… Ýok, ýook, ýoooook…! Eger ýok diýmek islemeseňiz, onda sessiz galyň! Oýlanyp görüň karar kabul etmezden öň onuň gymmatlygyny bahalaň, eger siz kimedir juda gaharlansaňyz, oňa jogap bermezden öň 24 sagat garaşyň! Garaşsyz bolmak we öz-özüňi dolandyrmagy öwreniň. Siziň bagtyňyz diňe başgalaryň siz bilen nähili arabaglanyşykda bolmagy dälde, belki size bagly bolmalydyr. Özüňizi we başgalary hormatlaň! Sizi gyzyklandyrmaýan işlere goşulmaň, başgalaryň sözleri we pikirleri bilen durmuşa seretmäň, özüňiziň saýlawyňyzy unutmaň! Diňe öz täsir edýän töweregiňizde hereket ediň! Siz täsir edip bilmedik zatlaryňyz hakynda alada etmäň. Her gün arassa howada boluň, howanyň erbetliginiň ýa-da gamgyn bolmagyňyza seretmezden, arzuwlaryňyza we niýetleriňize ynanyň! Wagt çyzyksyz, olaryň hemmesini amala aşyrmak mümkin. Düşünjäňizi rowaçlandyryň! Gözleriňizi açyň we siz öz sözleriňiz, hereketleriňiz üçin jogapkärçilikli boluň. Siziň sözleriňiz gaty uly güýje eýedir. Eger bir iş üç minutdan kem wagty talap edýän bolsa, ony şol wagt ýerine ýetirmeli. Ony ertire goýmaň ol uzak wagt galmagy mümkin. Size günüň dowamynda 1440 minut wagt berilýär. Ýöne bir iş etmek üçin 10 minut wagt sarp etseňiz we olam başa barmasa, “bul-a bolmady” diýip, galan 1390 minudyňyzy gaharlanyp geçirmäň! Ýene-de bir mysal: “Tomas Edisona mydama mugallymlary “Sen örän akmak, hiç zady öwrenip bilmeýäň” diýer ekenler. Olam öýkeläp kellesini gujaklap oturar eken. Ahyr soňy ol elektrik lampasyny oýlap tapyp bütin dünýäni haýrana goýýar. Işleýän elektrik lampasyny oýlap tapýança 1000-den gowrak näsaz lampa döredipdir”. Geljekde üstünlikleriňize ýetmek üçin saglyk gerek bolýar. Öz saglygyňyza serediň ol ýeke-täk. Sport oňa kömek eder, ony barlap görüň. Içki dynçlyk we uýgunlygy tapyň, adamyň hakyky güýji impulslarda däl, belki rahatlykda ýüze çykýar. Geçmişde bu hakykady kabul ediň. Ol indi ýok, geçmişden tejribeleriňizi alyň we ony goýberiň. Üstünlikleri belläň her bir zadyň öz ýeri bar. Şu ýerde ýene-de özümiň ýandepderçämdäki şeýle setirleri gürrüň bereýin:

– Mark Zuckerberg 23 ýaşynda iň ýaş baý adam bolýar.

– Bill Gates 13 ýaşynda ilkinji programmasyny ýazýar, 21 ýaşynda “Microsoft” programmasyny düzýär, 23 ýaşynda Ýaponiýada öz edarasyny açýar, 32 ýaşynda iň ýaş baý adam bolýar…

Ýöne sen şu ýaşyňa çenli näme iş etdiň?! Nämeden çekinýäň? Gorkydanmy?! Gorkyny ýeňmegi başar, gorky ýönekeý hyýaldyr. Ikirjiňlenme-de, şu sekuntdan başla. Eger başa barmasa, gynanma! Sabyr et. Belki, dowam edýän şowsuzlyklar indiki ädimiňe şowlulyk gönezligi bolar! Hiç haçan bes etme… Çünki, maksatlar birigip myradyňa gowuşýandyr!

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

Geografiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı