GENEL

Kitap-Ýaşaýşyň Gözbaşy

Kitap okan gullar magnydan dokdur —

Magtymguly Pyragy

«Bilim üznüksiz, dowamly, barha ýokarlygyna, belentlige ösýän bolmaly. Bilim ulgamy zynjyr ýaly biri-birine sepleşip gitmeli. Bir halkanyñ üzülen ýerinde, onuñ zynjyrlygy galmaýar. Bilim hem şonuñ ýaly, onuñ öñi ýa-da ardy hakda gürrüñ etmek mümkin däl. Çünki ol bütewüligini ýitirýär, peýdasyz bolup galýar.»

«Ertekiler hakykatdan hem uly zatdyr. Aždarha hakynda edilýän gürrüñ üçin däl, eýsem çagalara berýän öwütleri üçin, ol öwüt hem şol aždarhalary öldürip bolýanlygydyr.»

Aslynda, türkmenler kitapdyr kitaphanalar bilen hemişe bagrybadaşan beýik halklardan biri bolupdyr. Bu ýagdaý öñ hem şeýle bolupdyr, hut häzirem şeýle. Muny içgin öwrenseñ, şeýle ajaýyp täsinlikleriñ üstünden barjakdygyña asla şek-şübhe ýok. Şeýle-de ata-babalarymyz ony öz nesillerine uly baýlyk hökmünde miras galdyrypdyr. Şu ýerde miras diýlende bir zat ýadyña düşýär.

Geçmişdäki milli mirasyna türkmen hemişe añryýany bilen hormat goýupdyr. Gadym döwürlerde türkmenler öz mirasyny gorap saklamak üçin dürli synaglara, hupbatlara döz gelipdirler. Eger ýadyñyza düşýän bolsa, Nurmyrat Saryhanowyñ «Kitap» hekaýasynda Welmyrat aga Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Magtymguly Pyragynyñ golýazmasyny örän kynçylykly döwre garamazdan, miras hökmünde gorap saklamak üçin öz gündelik durmuşynyñ gazanjynyñ ýeke-täk çeşmesi bolan guba düýesini orta goýýandyr. Bu edebi epizodyñ zandynda türkmeniñ milli mirasyna, kitabyna, taryhy beýik şahsyýetlerine bolan hormat, sylag ýatýandyr.

Türkmenleriñ geçmişden gelýän diýseñ özboluşly kitap dünýäsi bar (ony orta asyrlarda gadymy Merwden 18 sany dünýäniñ iñ beýik kitaphanalarynyñ bolmagy hem subut edýär.) Şol dünýäniñ içine aralaşsañ, asla çykmak mümkin däl bolara çemeli. Aslynda türkmen mirasynyñ özi durşuna lükgeligi bilen bir umman diýseñem boljak, ony näçe öwrenip ýetişibilseñ, şonça-da özboluşly hazynalara aralaşýarsyñ.

Ata-babalarymyz kitabyň gadyr-gymmatyna oňat göz ýetiripdirler. Pederlerimizden bize miras galan öwüt-nesihatlar, nakyllar, atalar sözi, ertekiler, rowaýatlar ýerleşdirilen kitaplar munuň anyk subutnamasy bolup durýar. Bu adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak uly hazynadyr. Şol hazynanyň açaryny ele almagyň zerurlygy, onuň adamlaryň durmuşyndaky ähmiýeti barada dürli döwürlerde ýaşap geçen ylym-bilimden ýüki ýetik danalarymyz, akyldarlarymyz gyzyla gaplaýmaly setirlerini nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Gündogaryň görnükli şahyry Abdyrahman Jamy:

Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,

Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy,

Kitap dostdur, asla gama batyrmaz,

Aklyňy goýaldar pikirleň şasy —

diýen bolsa, türkmeniň akyldar şahyry, paýhas äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy kitap okamak babatda:

Kitap okan gullar magnydan dokdur —

diýýär.

Kitap deñsiz-taýsyz gymmatly hazyna bolmak bilen, ol ynsanlaryñ aňyny ösdürmekde, olaryň özbaşdak pikirlenişini, labyzly okaýyşyny, sazlaşykly sözleýişini, öz şahsy pikirini erkin beýan edip bilmek ýaly başarnykdyr endiklerini kemala getirmekde, durmuşda bolup geçýän wakalara doly we dogry göz

ýetirmegi öwretmekde, okan, öwrenen zatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda hem oňaýly serişde bolup

hyzmat edýär.

– Okamak nerw ulgamlaryny rahatlandyrýar.

Adamlar rahatlamak üçin seýil etmegi ýa-da aýdym diňlemegi makul görýär.

Ýöne alymlar munuň ýerine kitap okamagy maslahat berýärler. Okamak nerw ulgamyny

rahatlandyrmakda peýdaly usul hasaplanýar.

— Okamak ukusyzlykdan gutulmaga ýardam edýär.

Hatyrjem bolmak we uklamaga ýardam edýän iň gowy zat kitapdyr. Telewizordan ýa-da telefondan

ýaýraýan tolkunlar biziñ oýanmalydygymyz hakynda habar berýär. Kitap okamak bolsa tersine täsir

edýär-beýniñ uklamaga wagty gelendigine düşünýär.

— Okamak kalbyňy ýumşadýar.

Kitap okaýan wagtynda okyjy gahrymanlar bilen bile bolýar. Olaryň şatlygyna we gynanjyna şaýat bolýar.

Barlaglaryň netijesine görä, köp çeper eser okan adam beýlekileriň hem içki duýgularyna gowy düşünýär.

— Okamak adamy gözelleşdirýär.

Köp okamak biziň bilimimizi ýokarlandyrmak bilen, daş-keşbimize hem täsir edýär. Her dürli

mazmundaky söhbedi gurap bilmek söhbetdeşiň ynamyny hat-da dostluguny gazanmaga ýardam edýär.

— Okamak durmuşdaky belli bir maksady saýlamaga we kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam edýär.

Alymlar ynsan näçe köp kitap okasa, durmuş ýoluny şonça-da anyk we dogry saýlap alýandygyny

anykladylar. Kitap okamak durmuşdaky päsgelçilikleri ýeňmäge kömek edýär diýip hem aýdýarlar. Sebäbi

durmuşda ýüze çykýan köp sanly kynçylyklaryň kitap arkaly çözgütlerini tapyp bolýar. Beýle ýagdaýlarda

kitap biziň iň ýakyn maslahatçymyz bolýar. Çünki kitaplar durmuş wakalary esasynda döredilýär.

— Okamak hyýal dünýäňizi kämilleşdirýär. Her okan kitabyňyz bilen dürli dünýälere we dürli düýşlere

çümýärsiňiz. Häzirki gurşawyňyzdan dürli ýerlere açylarsyňyz.

— Okamak ýatkeşligi we pikirlenmek ukybyny kämilleşdirýär.

Her gezek kitap okalanda beýni işjeň bolýar. Ol kabul edilýän täze maglumatlary saklamak üçin täze

öýjükleri döredýär.

Barlaglarda anyklanylanlara görä, mydama kitap okaýan adamlarda pikirlenmek ukyby beýlekileriňkä

seredende haýalrak peselýän eken.

— Okamak unutganlykdan goraýar. Beýniňizi has işjeň işlemek arkaly neýronlaryň arasyndaky

baglanyşygy güýçlendirýär.

— Okamak söz baýlygyňyzy we başarnygyňyzy artdyrýar

Kitap okalýan wagtynda nätanyş sözler hem duş gelýär. Olaryň manysyny sözlemiň mazmuny boýunça

hem bilip bolýar. Her okan kitabyňyzda görýän, ýöne gündelik durmuşda ulanmaýan sözleriňize

duşarsyňyz.

Emma muňa seretmezden, şol sözüň düýp manysyny anyklamak üçin biz köp kitaplary agtarýarys. Şol

pursatda bolsa ýene-de köp maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik gazanýarys. Diýmek, bir we birnäçe

nätanyş sözleri öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, maglumatlar goruna hem eýe bolýarys.

— Okamak ýazyjylyk ukybyny hem ösdürýär.

Kitap okalýan wagtynda awtoryň ýazyş usuly hem okyja täsir edýär. Saz diňlenilýän wagtynda saz ýazýan

adamyň saz dörediş usulynyň diňleýjä täsir edişi ýaly, ýazyjynyň ýazyş usuly hem okyja täsir edýär. Mysal

üçin, köp roman okamagy halaýan adamlar köplenç durmuşa has höwesek bolýarlar, olar köplenç yşk-söýgidogrusynda ýazmagy halaýarlar. Şeýle hem olar diýseň duýguly we mylaýym bolýarlar.

— Okamak daşary ýurt dilini öwrenmegi ýeňilleşdirýär.

Yzygiderli kitap okamak başga dilleri öwrenmäge, täze sözlere çalt düşünmäge we ýatda saklamaga uly

kömek edýär.

—Okamak diňlemek ukybyny ösdürýär.

Bu nähili üýtgeşik eşidilse-de, kitap okamak diňlemek ukybyny ösdürip, özgelere aňsat düşünmäge ýardam edýär. Kitap sesli okalanda hem peýdalydyr.

— Bilelikde kitap okamak ata-eneleriň we çagalaryň özara gatnaşyklaryny gowulandyrýar.

Psihologlar bilelikde kitap okamak ata-eneleriň we çagalaryň arasynda söz bilen düşündirip bolmaýan

üýtgeşik bir gatnaşygy döredýär diýip belleýärler. Bilelikde kitap okalanda çagada ata-enesine bolan

güýçli bir mähir döreýär, çaga öz düşünmedik zatlaryny sorap bilýär. Ata-eneleriň nähili okaýandygyna

höwes edip, çaga hem şeýle gowy okamaklyga isleg bildirýär.

Kitap okamak üçin usullar:

Köp kişiniñ kitap okap bilemok, öwrenip bilemok, ünsümi jemläp bilemok. Ünsümi jemläp, öwrenip,

kitap okasam-da, hiç zat ýadyma düşenok. Şeýle-de bolsa, bular hemmämiziň hökmany etmeli işlerimize

päsgel berip bilmez. Esasy sesli okamak endigini gazanmak. Bu biziň hyýalymyzy janlandyrar. Sesli okaň!

Bu gaty ýönekeý zat, ýöne gözelligi bolsa ýönekeýligindedir. Kitap okalan wagtynda okamaklygy

haýalladýandygy sebäpli, halanmaýar. Näme üçindir, hemme kişi çalt okamaklyga meýil edýär. Ilki bilen

haýal okamaklyk gerek. Bu biziñ okanlarymyza düşünmäge, pikir ýöretmäge kömek berýär.

Käbir zatlary elbetde çalt okamaly. Wizual gözden geçirmeli. Her niçigem bolsa, çalt okamak usullarynda

çalt setirleriñ üstünden geçip, gözümiz bilen surata düşürmek gerek. Has çalt okamak üçin dodaklaryňyzy

hem herekete getirmekde kynçylyk çekerýärsiñiz. Diňe gözleriň hereket edýär. Şeýlelik bilen,

maglumatlary wizual görnüşde alýarsyňyz. Köp adam, hatda çalt bolmasa-da, sessiz we içinden kitap

okamaklygy halaýar. Hatda kitaplañ mesgeni kitaphanalar hem sessizligi bilen meşhurdyr. Munuň tersini

etmek hem maslahat berilýär. Sesli oka! Hemişe däl, günde 10 minut sarp etseňizem köp zat

gazanarsyňyz. Iň esasy zat, sesleri okamak höweslendiriji bir ýagdaýdyr. Siz eger göwni çökgün bolsañyz

hem ruhubelent bolmagyñyza kömek edýär.

Sesli okamaklyk ünsi bir ýerde jemlemekde güýçlendiriji. Bu şekilde kitap okamak sözleri diňe

gözümiz bilen däl, eýsem hyýalymyz bilen hem görüp başlamaklyga ýardam berýär. Belki, başda gaty

gowy okap bilmezligiňiz mümkin. Biziň maksadymyz ýazylanlaryñ jümmüşine aralaşmak. Ony ýaşamak.

Muny başarmaklyga çalyşyň. Okanyňyzda diňe gözüňizi däl, agzyňyzy, gulaklaryňyzy, ýüzüňizi, demiňizi

we tutuş bedeniňizi ulanyň. Elbetde aklyñyzy-da.

Okaýarkaňyz, käwagt duruñ we sorag beriň. Özüňiz bilen gürleşmek okamak usulydyr. Biziň hemmämiz

özümiz bilen gürleşýäris. Iň azyndan çaga wagtymyz oýun oýnan mahalymyz öz-özümiz bilen

gürleşýärdik. Şonuň üçin şol döwürde has gowy öwrenijidik. Sebäbi özüň bilen gürleşmek peýdalydyr.

Edil sesli okamak ýaly. Öwrenmegi aňsatlaşdyrýar. Mysal üçin, ýady güýçlendirýär. Bu ” production

effect”, ýagny psihologiýada önümçilik täsiri diýýärler. Bu ugurda gözleg geçirýän COLIN MAKLEOD:

“Öwrenmek we ýatda saklamak işjeň gatnaşmak bilen mümkindir” -diýýär. Iki ýyl ozal WATERLOO

uniwersitetinde gözleg geçirildi. Okuwçylary 4 topara bölüp, okamak üçin materiallar berdiler.

Birinji topar ony diňe gözleri bilen ýuwaşlyk bilen okaýar. Ikinji topar hem sessiz okaýardy. Üçünji topar

öňünden ýazan seslerini diňläp düşünmäge synanyşýar. Iň soňky toparda bu materiallary sesli okap

öwrenmäge synanyşdylar. Elbetde, soňky iki toparyň üstünligi äşgärdir. Alymlar bu gözlegiň netijelerini

şeýle düşündirýärler: “Önümçiligiň täsiri adam ýadynda möhüm rol oýnaýar.” Şeýlelik bilen, maglumatlar

geljekde has gowy ýatda saklap boljak, uzak möhletli ýatda saklanýar.

Jemgyýetçilik ulaglarynda beýlekiler bilen paýlaşylýan kitaphanalarda sesli okap bilmeris, ýöne azajyk

tagalla edip, gündelik durmuşymyzda sesli kitap okalýan ýerleri we mümkinçilikleri döredip bileris. Diňe

talyp wagty däl, hemişe. Sokrat ýaly dialektikany ulanyp, kitaba sorag beriň. Sebäp. Bu dünýäde öz

sesiňizi tapmak üçin sesli okaň. Öz sesiňi tapyp bilmeseň, Jorj Orwelliň duýduryş berýän zady “Double

Think”. Bir wagtyň özünde iki ters ynamy kabul etmeklik. Ikisiniň hem hakykatdygyna ynanmaklyk.

Munuň dogry däldigini bilseňizem, ýalanlara bilkastlaýyn ynanmak.

Kitabyñ beýnä täsiri hakyndaky gözlegler:

Satyşa çykarylan her bir kitapda ISBN atly halkara standart kitap belgisi bolmaly. Şeýlelik bilen, bir ýylda

näçe kitap satylýandygyny bilýäris. Kitaplar satylansoň, bu sanlar kitaplaryň çap ediliş sany hem satuwy

barada maglumat berýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda bandrolyň çäginde neşir edilen kitaplaryň umumy

sany 410 million 641 müň 305.

Karnegio Mellon uniwersitetiniň alymlary tarapyndan 2009-njy ýylda neşir edilen gözlegde: Neýronlaryň

bedenleri çal reňk emele getirýär, bu ýerden çykýan we beýleki neýronlar bilen täsirleşýän bölegi ak

maddadyr. Şonuň üçin ak maddalar neýronlaryň arasynda aragatnaşyk üçin möhümdir. 8-10 ýaş

aralygyndaky 72 çaganyñ görkezilýän bu gözleginde, hatda beýnide dil bilen baglanyşykly merkezleriň ak

maddasynyň mukdaryny gowulandyrmak üçin 6 aýlyk yzygiderli okamak maşklary hem görkezildi. Uly

adamlarda geçirilen başga bir gözleg, meýletinleriň beýniniň 19 gün dynç alşynyň ýagdaýyny görkezdi.

Meýletinçiler ilkinji 5 gün we soňky 5 gün hiç zat etmediler. Arasynda 9 günüň içinde bir roman

gutardylar. Aradaky suratlary deňeşdireniňde, gysga we uzak möhletde beýniniň dürli bölekleriniň

arasyndaky baglanşygy kämilleşdirmek üçin okamak örän peýdaly.

100 adamda geçirilen başga bir gözlegde, käbir adamlara makalalar we käbir adamlara toslama

hekaýalar okadyldy. Netijede, toslama hekaýany okaýanlara, şol sanda döredijilik ýaly bilimleri gaýtadan

işlemekde has üstünlikli bolandyklary görüldi. Bu adamlaryň has açyk pikirli we täzeliklere has ýykgyn

edýändigi tebigy ýagdaýda aýdylýar.

2013-nji ýylda geçirilen başga bir gözlegde: çeper edebiýaty okamak duýgudaşlygy ýokarlandyrýan

möhüm netijeler bar. Şeýle hem yzygiderli okamak akyl artdyrýan köp netijeler bar. IQ synaglarynda we

emosional zehin synaglarynda yzygiderli kitap okaýanlar üçin has üstünlikli netijeler bar.

2014-nji ýylda geçirilen ” Çaganyň ösüşi ” atly başga bir gözlegde: 1990-njy ýylda bir ekiz çaganyň irki

okamak endikleriniň geljekde akyla oňyn täsir edýändigi görüldi. Başgaça aýdylanda, çaga üçin bu endigi

ýaş wagtynda öwrenmek gaty gymmatlydyr.

Okan zatlaryna düşünmek we beýleki adamyň ruhy ýagdaýyna düşünmek ukyby kitap okaýarka ösýär.

Beýniň duýgusyna, ünsliligine we ýadyna ünsi artdyrýar. Okamagyñ stressi azaldýanlygy hakynda

gözlegler hem bar. Aslynda bu gaty manydar. Hekaýada özüňizi ýitireniňizde, gündelik wakalardan

aňsatlyk bilen daşlaşyp bilersiňiz. Bilşiňiz ýaly, garrylyk sebäpli beýniniň işleýşiniň peselmegi Alzheimer

ýaly kesellerde töwekgelçiligi ýokarlandyrýar. Bu mowzuk bilen baglanyşykly “Newrologiýa” atly

gözlegde: yzygiderli okamak beýniniň işiniň peselmegini we akyl keselleriniň töwekgelçiligini azaltmaga

ýardam edýär. Hatda kitap okamak ömrüňizi uzaldýar. 12 ýyl bäri 3636 adamy gözden geçiren 2016-njy

ýylda “Sosial ylym we lukmançylyk” atly başga bir gözlegde, adaty kitap okaýanlaryň okamadyklardan 2

ýyl uzak ýaşandygy görkezildi.

Rejepnazar Ýediýew,

Marmara uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri