GENEL

Garynja meňzemek

Elbetde, her kimiň arzuwlary, maksatlary we ýetmek isleýän üstünlikleri bardyr. Bizi özgelerden tapawutly edýän zat arzuwlarymyza, maksatlarymyza we ýetmek isleýän üstünliklerimize bolan gaýrat we yhlasymyzdyr. Üstünlik diýlen zat göni, şol bada ýetip boljak zat däldir. Üstünliklere ýetilmezden öň nije dökülen derler bardyr. Bu barada biraz duryp geçesim gelýär sebäbi köpümiziň agsaýan ýerimiz hem şundadyr. Biz bir maksat goýýarys, emma oňa ýetmäge hiç hili gaýratdyr-yhlasy ýeterlikli görkezip bilemzok…Gynansagam.  Gaýrat diýdik welin, geliň bedeni dilde bize “Köp işläň,ruhdan düşmäň!” diýýän enaýyja garynjalara seredeliň. Olar bir süri bolup we diňe hereketde bolup, diňe biziň öýlerimizi arassalamak bilen çäklenmän, eýsem rysklaryny hem toplaýarlar. Olar hiç ruhdan düşmän, yhlas bilen, diňe hereketde bolup, bir-birilerine goldaw berýärler. Biz üstünlige tarap gaýrat edip ymtylsak,ol gaýrat bizde häsiýet bolup galar. Gaýratyň häsiýete öwrülmesi hem üstünlige gitdigiçe ýakynlaşmak diýmekdir. ”Gaýrat” sözüniň ýanyna “yhlas” sözüni goýmasak hata etdigimiz bolar. Sebäbi “gaýrat” we “yhlas” sözleri biri-birine barha baglanyşykly sözlerdir. Ýagny, gaýratymyz bolup, yhlasymyz bolmasa we edil şonuň ýaly hem yhlasymyz bolup, gaýratymyz bolmasa guýydan iňňe gözleýän ýaly üstünlige tarap ýolda hem hereketsiz durarys. Yhlas barada aýdanymyzda geliň “Apple” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolan Steve Jobsuň: ”Işiňizi üstünlikli etmegiň ýeke-täk ýoly edýän işiňizi halamakdyr” sözlerine gulak asalyň, ýagny, yhlas bilen bir işe ýapyşsak, üstünlige tarap ýolda çykýan ähli böwetlerden geçip bileris. Meniň pikirimçe şu aşakdakylary elimizden geldigiçe berjaý edip, durmuşumyza geçirsek, diňe üstünlikleri gazanman, eýsem özgelere hem görelde bolarys.

1)Maksatly bolmak.

Ýagny, her gün özümize belli bir wagt aýyryp, özümizi üstünlige tarap hereket etdirmek. Meselem “Men maksadyma ýetmek üçin her gün pylança wagtlarda şu kitaplary okajak” ýa-da “Men üstünlige ýetmek üçin her gün şu işleri şu sagatlarda etjek” diýip meýilleşdirmek. Meýilnamalaryňyzyň gündelik bolmagy has makuldyr, sebäbi başlarda aýdyşymyz ýaly her gün özümizi üstünlige tarap yhlas bilen hereket etsek, gaýrat etsek, elbetde bir gün maksadymyza ýeteris.

2)Sizi höweslendirýän aýdym, saz we ş.m diňlemek.

Elbetde her kimiň halaýan aýdymdyr sazy bardyr. Haçan-da biz birden ruhdan düşäýenimizde biziň ruhumyzy galdyrjak zatlara ýagny, aýdymdyr saza we ş.m zerurlyk duýýarys. Bizi höweslendirýän aýdymdyr sazlary we ş.m diňlemek bizi ruhy taýdan goldaýar. Meselem men meşhur kompozitor Ýann Tierseniň “Comptine d’un autre” sazyny diňleýärin.

3)Özümizi soraga çekmek

Her gün özümize ýatmazdan ozal şu sowaly bermeli :“Men bu gün maksatlaryma we üstünliklerime ýetmek üçin näme etdim?”. Sebäbi maksatlar biziňki, özgeleriňki däl.Sizden başga hiç kim size :“Şu gün maksadyňa ýetmek üçin näme etdiň?”  diýip sowal bermez.

4)Depderçe tutmak

Ýagny “Men şol üstünlige nädip ýetip bilerin,nämeler gerek?”,”Maksadyma ýetmegi nädip özüme aňsatlaşdyraryn?” we ş.m ýaly sowallara jogap hökmünde bir depderçe tutuň we her gün şol depderçä şol sowallaryň jogaplaryny,maksadyňyza ýetmek üçin näme edendigiňizi,näme edýänligiňizi we näme etjekdigiňizi ýazyň.Depderçe tutmagyň iň gowy taraplarynyň biri hem gelejekde maksadyňyza ýetip,üstünlik gazananyňyzda şol depderçäni okap “Nädip üstünlige ýetdim?” sowalynyň jogabyny   aňsatlyk bilen alyp bilmegiňizdir.

5)Möhüm bolan ”Şu wagt”.

Edil şu wagt, siz maksadyňyza ýetmek üçin ädim ädýärsiňizmi?! Hawa,geçmişde birnäçe şowsuzlyklar başdan geçiren bolup bilersiňiz, emma olar geçdi… Olar geçmişde galdy… Geçmişe seredip gynanmagyň ýerine,nirede kemçilik göýberenligimizi anyklap, şol ýalňyşymyzy düzeltjek bolmaly we geçmişden sapak almaly.Gelejek hem adyndan mälim bolşy ýaly, entäk gelmändir.Gelejegi alada edip ruhdan düşmegiň manysy ýok. Onda biziň elimizde bir hakykat bar “Şu wagt”. Geliň, herekete geçmek üçin ertire goýman, şu wagt başlalyň!!!

Arslan Annanyýazow, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri