GENEL

Erk – üstünligiň açary

Üstünlik we oňa ýetmekligiň ýollary barada gürrüň etmegimizden ozal, hakyky üstünligiň  nämedigi hakynda kelam agyz aýtsak göwnejaý bolsa gerek. “Üstünlik näme?” — diýip pikir soraşylsa, garaýyşlaryň dürli-dürli boljaklygy gümansyzdyr. Her niçigem bolsa pursatdan peýdalanyp, öz pikirlerimi beýan etmekligi makul bildim. Hakyky üstünlik — erk, yhlas we zähmetden hasyl bolan netijedir. Bu diňe bir dünýä ýaşaýyşynda şeýle bolman, eýsem ahyrýet işlerinde hem hakyky üstünlik bolan ebedi bagta ýetmeklik üçin zerur bolan şertdir. Erk paýhasyň önümiligi sebäpli, yhlas we zähmet oňa garaşlydyr. Şol sebäpden erk üstünligiň esasy özeni bolup, yhlas we zähmet onuň doldurgyçlarydyr. Munuň hakykatdan hem şeýledigine, şowlulyk  ýa-da başga dürli sebäpler bilen ýetilen üstünlikleriň puja çykmaklygynyň, erksizlik sebäplidigini bilenimizde göz ýetireris. Ähli döwürlerde ynsan durmuşynda üstünlik hasap edilen derejelerdäki we hakyky üstünlige eltýän ýoldaky howplaryň iň ulusy erksizlikdir. Şoňa görä gürrüňimiziň dowamynda erksizlik belasyny we ondan goranmagyň ýollaryny şygyr setirleri bilen beýan  etsem has hem ýatda galyjy bolar diýip pikir edýärin.

Döwürleriň agyr derdi bilseňiz,

Erksizlikden soldy nije gül, meňiz.

Erksizlik gul etdi nije hanlary1,

Gördüm erksizlikden köýen janlary.

Ýaşlykdan her hili ýaramaz, bozuk endiklere erkini aldyryp galan bütin ömrüni berbat edenleriň arasynda durmuşda uly üstünliklere ýetip biljek zehinli, hünärli adamlaryň barlygyny göreniňde erksizlik belasyndan Biribardan pena soramaklygyň hökmandygyna has oňat düşünýärsiň.

Hanlary- han ogullary

 

Ýaşlykdan erkini aldyryp elden,

Solanlary gördüm terdiler gülden.

Dile Biribardan özüňe erki,

Dünýäňe abraý, imanyň görki.

Ähli pikirlere we garaýyşlara görä,  hakyky  üstünlige ýetmeklige zerur hasaplanan  zatlar şeýle hem şeýtanyň alyna düşüp, ýetilen üstünlikden baş aýlanmazlygy üçin zerur hasaplanan ahlak sypatlarynyň ählisi erkden gözbaş alýandyr.

Ähli gözel ahlak erke mätäçdir,

Erkiniň eýesi başynda täçdir.

Erkiňi jylawla nebsiňi baglap,

Şonda şeýtan aglar jigerin daglap.

Adamzadyň durmuşda, ylymda, zähmetde we söýgide ýeten üstünlikleriniň jemine bir söz bilen “Bagt” diýip at berlendir. Türkmeniň ussat halypa şahyry Kerim aga öz şygyrlarynda:

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al,

Ylgap baryp saglyk bilen erki al.

— diýip hakyky üstünligiň,ýagny bagtyň erkdedigini örän jaýdar belläp geçýär.

Elbetde sungatda we döredijilikde has belent üstünlige ýetmeklik üçin guýmagursak zehin, ýazgytdaky nesibe, paý hökmandyr. Bulardan başga-da hakyky üstünlige ýetmek üçin zerur bolan dogrulyk, edep, sabyr, kanagatlylyk, tutanýerlilik ýaly ahlak sypatlaryna perzentlerimizi ýaşlykdan özüňe erk edeniňde ýetip bolýandygyny düşündürmek biziň borjumyzdyr.

Endiklerden saklan erkiňi synap,

Synagdan geçjek bol nebsiňi gynap.

Erkiňe häkimlik etseň eý juwan,

Güýçlilerden sen iň güýçli pälwan.

Biz nesillerimizi erkli-ygtyýarly, namysly-arly, Watana wepaly, erjel ýaşlar edip ýetişdirmek üçin, hemişe her işde özüňden hasabat sorap durmalydygyny öwretmelidiris. Ynsan öz durmuşynda hakyky üstünlige ýetmek üçin, öz-özüni tanamalydygyny  we hemişe öz kemini düzetmek üçin  gaýrat  etmelidigini bilmelidir. Diňe şonda durmuşda saýlan ugrunda hakyky üstünlige ýetjekligine şek-şübhe ýokdur.

Erkekdir erk eden ygtyýaryna,

Ýeter iki dünýä bagtyýaryna.

Erkiňi aldyrmak her bozuk pişä,

Ýaraşmaz bir arly namysly kişä.

Bu dünýäniň özi synag meýdany bolup şol synaglaryň köp böleginiň biziň erkimizden alynýandygyny biz bilmelidiris. Erk bolsa biziň  özümizde bolup,synagdan üstünlikli geçmeklik üçin biziň her birimiz özümizi ýeňmelidiris. Ata-babalarymyzyň paýhas eleginden süzüp alyp, bize ýetiren şu ajaýyp nakyly pikirlerimiň dogrulygyny tassyklar diýip hasap edýärin.

Ine ol:

“ Özüni tanan weli.”

Welilik- adam oglunyň bu dünýäde ýetip biljek üstünlikleriniň iň ýokary derejesidir. Oňa bolsa öz erkimiz öz nebsimizden üstün çykan halatynda ýetip bileris. Adam özüni tanap bilip, nebsini erkine tabyn etse we zehinine, ukybyna görä hünär saýlasa we şol ugurda yhlas bilen zähmet çekse üstünlige hökman ýeter!

Nebsiň erkiňden geçmesin öňe,

Özüňi keseden synlap gör siňe.

Öz-özüň tanamak akyllara paý,

Öz kemini düzläne paýhasdan serpaý.

Men şu eserimde okyjylara üstünlige eltýän ýollaryñ iñ gysgadan dogrusyny, sözleriñ iñ gysgadan sadasynyñ üsti bilen düşündirmek isledim. Amallarymyzyñ niýetlerimize göräligi sebäpli, niýetim okyjylarymyñ iñ bolmanda birisiniñ özüni tanap dogrulyga tarap ilkinji ädimleri ätmekligine sebäp bolmaklykdyr. Bu bolsa meniñ üçin iñ uly we hakyky üstünlikdir. Okyjylary üstünliklere tarap ugrukdyrmakda esasy agram ýazyjy-şahyrlaryñ egnine düşýänligi sebäpli, olara hem şu aşakdaky setirlerimi öz döredijiliklerinde esasy şygar edinseler hakyky üstünlige ýetjekdiklerine men ynanýaryn. Hak ýola çagyrsyn goşguñ, goşugyñ. Ynsanperwerlikden alsyn yşygyn. Okan bet pälinden gaýdyp ýeñletsin şahyr eginleriniñ agyr keşigin. Üstünlik ýaranyñyz bolsun!

Begnazar ATANYÝAZOW,

T.M.B. Inkassasiýa Müdirligi.B.W.ş.SERDAR bölüminiň başlygy, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy.

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı