GENEL

Durmuşda üstünligiň syry nämede?

“Her bir pikirleriňizi we pikirleriňizi Size

 bähbit getirer ýaly ediň. Olary size işlär ýaly ediň .

Hemme zady görşüňiz ýaly pikirlenmäňde bolup biljegi

hakda pikirleniň. Ýöne bir arzuw etmäň – dörediň”

Makswell Malts

Üstünlik näme diýip haýsy-da bolsa lotoreýa utan,ummasyz bir baýlygy tapan ýa-da şowsuzlyga uçrap birnäçe zatlara ýetip bilmeýän  adamdan sorasaň elbetde olar ikuçsyz tötänden bolan şowlylyk diýip aýdarlar. Emma munuň tersine haýsy hem bolsa olimpiýa çempionyndan ýa-da hususy firmasy bolan millionerden ýa-da beýik ýazyjydyr, şahyrdan sorasaň başga jogap berer. Çünki zähmetden doly bolan ýollarynyň nähili böwetlerden geçenini näçe şowsuzlyklary başdan geçirip, ahyrynda ýeňşiň tagamyny dadandyklaryny aýdarlar. Şoňa göräde bu külpetli ýollarda üstünligiň gelmegi tötänlikdir diýip bolmaz. Elbetde bu ýerde futboluň şasy Peläniň “Üstünlik bu tötänlik däldir. Ol maksadaokgunlylyk, janyňy pida eder derejede agyr zähmet,öwrenmeklik, we ilkinji nobatda edýän, etmekçi bolýan işiňe bolan söýgüdir” diýen sözlerini bellesek dogry bolarmyka diýýän. Häzirki wagtda üstünlige ýetmegiň ýollary hakda köp adamlar gürrüň edýär. Birnäçe alymlardyr, adamlar üstünlikli adamlaryň durmuşyny öwrendiler, öwrenýärler, öwrenerlerem. Şonuň esasynda hem birnäçe kitaplar, kanunalaýyklyklary çykardylar. Hakykatdanam üstünligiň belli bir syry ýa-da ýoly ýok diýsek düýbünden ýalňyş bolar ýöne diňe bir ýol bilen hem üstünlige ýetilýär diýsek ýalňyş bolarmyka diýýän. Üstünlik diýlende ilki bilen adamlar baý bolmagy,maddy taýdan gowy üpjünçiligi we nähilidir bir beýik wezipäni gözügine getirýärler. Dogry bular hem üstünligiň bir görnüşidir. Ýöne elmydama adamlar ýönekeýje ýagdaýda ägirt uly üstünlige ýetýändiklerine üns bermeýärler. Ynha meselem biz her bir säheri garşylap bilmegimiz hem uly üstünlikdir. Esasy üstünligimiz bolsa gadyrdan dostum seniň üçin maksatlaryňa ýetip bilmegiňdir. Ynha meniň aňymda ornaşan Ardeşir Hagmaýeriň Ördek ýa bürgüt diýen kitabyndaky şujagaz wakany mysal getireýin.

Bir gezek şägirt halypasyndan sorapdyr: “Durmuşda üstünligiň syry nämede?” Halypa jogap beripdir: “ Ertir irden derýanyň kenaryna gel”. Irden kenarda durkalar halypa : “Hany, ýör, suwa gireli” diýipdir. Şägirt halypasynyň yzyna düşüpdir. Suw gerdenlerine ýetiberen çagy halypa birden sen-men ýok, şägirdiniň kellesinden basyp, suwa çümdüripdir. Görgüli näçe synanyşsa-da, halypa uzak wagtlap ony sypdyrman saklapdyr. Biraz gowşadan-da suwdan kellesini çykaran şägirdiniň nägileligi duýlup dur eken. Halypa sowal beripdir: “ Suwuň astyndakaň iň uly islän zadyň näme boldy?” “Elbetde, howa, howadan dem almak boldy!” şägirt öýkeli dillenipdir.  “Ine, üstünligiň syry hem şunda. Eger sen suwuň astyndakaň nä derejede howa islän bolsaň, şol derejäňde üstünlige ýetmek isleseň, şonda sen ony başararsyň” diýip halypa aýdypdyr. Elbetde siziň hem üstünligiňiziň syry bolup biljek bu hekaýadan görnüşi ýaly biz öz maksatlarymyza howa ýaly ýetmek islesek elbetde üstünlige ýeteris. Dogry maksatlarymyza! Çünki her bir üstünlik bu ýetilen maksatlardyr. Şonuň üçin hem biz öz maksatlarymyzy aň asty derejede ornaşdyryp bilsek, ynansak onna şol üstünlige ýetmek üçin ilkinji ädimi ätdigimiz bolar. Çünki aň astyna ornaşdyrlan maksat göýä topraga ekilen bugdaý dänesiniň topraga ekilişi ýalydyr. Ynam bolsa şol ekine berilýän suwdyr.Bizde  şeýle aýtgy bardyr “näme ekseň şonam orarsyň”. Şonuň üçin maksatlarymyzy aň asty derejämize ornaşdyryp, ynam bilen häziriň özünde biz işe başlasak netijeleri alyp başlarys.  Hawa Esasy başyny başlamak gerek. Işiň kyn we ähmiýetli bölegi başydyr. Bu ýönekeý ýaly görünse-de iň agyr we esasy bölegidir. Gel häziriň özünde başlar ýaly aň asty  derejämize maksatlarymyzy nädip ornaşdyrmak hakynda ýönekeýje bir türgenleşigi maslahat bereýin her gün  öz maksatlaryňyzy kagyza ýazyň we meýilleşdiriň. Günüňizi aýyňyzy,ýylyňyzy meýilleşdiriň. Şondan soňra ýetmekçi bolýan maksadyňyzy gözegine getiriň jemi alsa 5 minudyňyzy alar ýöne bu türgenleşik siziň üstünlige ýetmegiňize uly itergi berer.

Çagalykdan aňyma ornaşan Eýnşteýniň aýdan sözleri bar. “Her gün şol bir hereket edip üýtgeşik netijelere garaşmaklyk bu dälilikdirBu sözler pikirlendirýän sözler. Çünki  biz indi halys şol bir hereketleri edip üýtgeşik netijelere garaşýas. Hakykatdanam arzuwlarymyzyň hasyl bolmaýany şonuň üçindir. Pikirlenip görüň! Öz maksatlaryňyz hakynda pikirlenip görüň. Biz dagynyk pikirlerimize görä  däl, pikirlerimiz bize  görä we  biziň maksatlarymyza bolmalydyr. Biz arzuwçyl, hyýalbent adam bolmalymy ýa täzeçilligiň bizi maksatalarymyza ýetirjek ýollaryň gözleginde bolmalymy?!

Başa barmady! Men synanyşdym, maksatlaryma görä hereket etdim ýöne bolmady! Dogry bu özümizi aklaýjy sözleri  sizden eşidilse geň görmäň. Çünki nähilidir bir üstünligiň syry diýen kitaby ,makalany okap ýa-da haýsydyr bir wideo ýazgyny görüp aňsatla diýşimiz ýaly ýetdiribem duranak. Şoňa göräde gadyrdan dostum bu külpetli ýollardan geçmän üstünlige  ýetip bolmajygyny ikimizem gowy bilýäris. Synanşyň ýene-de täzeden synanşyň! Ýykyldyňyzmy aýaga galyň! Ähli şowsuzlyklarda diňe mümkinçilikleri gözläň!Ejizlemäň! Her bir şowsuzlyk üstünlige ädiljek ädim üçin täze tejribedir. Biz ýalňyşlyklary seljerip kämilleşýäris.

Tomas Edison çyrany oýlap tapmak üçin 1000 gezek synanşyk geçirdi. Ol şonda-da ejizlemedi diňe “Men 1000 gezek ýalňyşmadym,ýöne çyrany döretmek üçin 1000 ädim gerek bolupdy” diýdi.  Ýaşlykdan basketboly gowy görýän ýöne boýunyň kiçiligi sebäpli hiç bir tälimçi ony taýýarlamana almadyk Maýkl Jordan gürrüňsiz meşhur oýunçydyr. Genri Ford özüniň meşhur Henry Ford kompaniýasyny esaslandyrmanka birnäçe gezek krizisi başyndan  geçirdi. Uolt Disneý  Kanzas City gazedinden  döredijiligi we göz öňüne getirmeleri pes diýip işden çykaryldy.  Polkownik Sanders, Ronolda, Leonel Messi, Ronaldino, Jeki Çan, Silwestr Stalon, Bill Geýts, Julýana Rouling  we ýene-de näçe sanadygyňça bular köpdür. Bulary meselem getirmegimiň sebäbi birjikde ejizlemän, maksatlaryna berk ynanyp we şowsuzlyklarynda diňe mümkinçiligi görüp özlerini bütin dünýä meşhur eden şahsyýetlerdir.

 

Şerip Atajanow

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby 

Ýene-de okaň

Bakan Bayraktar İstanbul Energy Forum’da Türkmenistan Devlet Bakanı Maksat Babayev ile görüştü

Türkmenistan’da dünyanın en büyük sahasında yeni doğalgaz akımı alındı

Fitch Ratings Türkmenistan’ın kredi notunu arttırdı

Türkmen gençler Çin ve Macaristan’a üniversite eğitimine gönderilecek

Aşkabat Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na hazırlanıyor

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak