GENEL

Bitaraplygyň hezzeti – üstünligiň lezzeti

Bitaraplyk – umumadamzat mertebesini şöhratlandyrýan üstünligiň durmuşy hezzetini ajaýyp höziri bilen müdimilik dowamata öwürmeklik üçin, ykbal ýazgydynyň ynsan kysmatyna ýazan özboluşly bir datly lezzetidir. Üstünligiň bu ajaýyp datly lezzetiniň gözbaşynda bolsa, ynsanlaryň şahsy bitaraplyk hereketi ýatandyr. Elbetde, Müsür Arap respublikasynyň tanymal häzirki zaman ýazyjysy Kerim aş-Şaziliniň “Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary” atly kitabynda belleýşi ýaly, Hak ýoly, dogry ýoly sypdyrman alyp gitmek, yzygiderli we önjeýli zähmet çekmek üstünlikdir[1]. Ýöne, durmuşda müsür ýazyjysynyň üstünlige beren bu kesgitlemesini maksadaokgunlylyk bilen irginsiz ýerine ýetiren adamlaryň hem üstünlige ýetmeýän halatlary-da, ýa-da öňüňde goýan maksat-myradyna ýetmeklik üçin yzygiderli zähmet esasynda gazanan üstünliginiň sähelçe wagt dowam edip şowsuzlyga uçraýan mahallary-da bolýar. Bu hili adamlaryň üstünlik üçin irmezek zähmetli maksadaokgunlylyk häsiýetleriniň bir ýetmezi hem şahsy bitaraplyk hereketidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, umumyadamzat nesli maksadaokgunlylyk häsiýetini şahsy bitaraplyk hereketi bilen utgaşdyrmasa, durmuşda hiç hili üstünlik gazanyp bilmeýär, üstünlik gazanaýanda-da uzak dowam etmeýär. Bu hili şowsuzlyklaryň öňüni almaklygyň ilkinji usuly bolsa, ynsanlaryň öz töweregini gurşap alan adamlara bolan garaýşyny şahsy bitaraplyk hereketi bilen utgaşdyrmasydyr. Esasan-da, ynsan öz gatnaşyk edýän adamlary (mysal üçin, goňşy-golamlary, obadaşlary, işdeşleri) bilen bitarap hyzmatdaşlykda bolmalydyr. Çünki, ata-babalarymyzyň: “Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda”[2], “Adam saýdym eşegi, gapa ýazdym düşegi”[3], “Dostuňa syryňy berme, onuňam özge dosty bar”[4], “Dosta aýtdym sözümi – duşman bildi syrymy”[5], “Ýagşa duşsaň, ozarsyň, ýamana duşsaň, tozarsyň”[6], “Ýagşa ýoldaş bolsaň, işiň biter, ýamana ýoldaş bolsaň, başyň gider” “Ýagşy bilen dost bolsaň, galan işiň bitirer, ýaman bilen dost bolsaň, eden işiň ýitirer”[7], “Ýagşy bilen ýöreseň, ýetersiň myrada, ýaman bilen ýöreseň, galarsyň uýada”[8], “Ýagşylara ýaran bolsaň, iki dünýäň abatlarsyň, ýamanlara ýaran bolsaň, iki dünýäň bibatlarsyň”[9] – diýen parasatly aýtgylaryny özüniň durmuş gönükmesine öwrüp, adamlaryň daş görnüşindäki hoşniýetlilige hem mähribanlyga ýugrulan dostluk sypatyna ýürekden içgin berilmän, mähirli garaýyşda bitarap hereketi bilen kabul eden ynsanyň üstünlik müdimilik hemrasydyr. Hut şonuň üçinem ynsan, irginsiz maksadaokgunlylygynyň netijesine görä üstünlik gazanjak bolsa, öňi bilen “Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda” diýen milli atalar sözümize eýerip, öz sulhy alýan adamlaryna-da ýüregi bilen berilmän, olara bolan söýgüsini, hoşniýetli gatnaşygyny bitarap garaýyşly hereketi esasynda saklamalydyr. Üstünlik ugrunda dalaş edýän bu hili adamlar öz sulhy almaýan adamlary bilen (mysal üçin şol goňşy-golamlarynyň, işdeş ýoldaşlarynyň arasyndan) hem, olarda özüne bolan ýigrenji döretmän, olary hakykatdan-da gowy görýän ýaly bolup, hoşniýetli gatnaşygyny ýene-de bitarap garaýyşly şahsy hereketi bilen dowam etmelidir. Elbetde, ynsana sulhy almaýan adamlary bilen, şu hili gatnaşykda bolmaklyk gaty kyndyr. Kynam bolsa, ol öz üstünliginiň mydamalyk hemra bolmagy üçin, munuň hötdesinden gelmelidir. Ýa-da bolmasa, özüňe ýakyn görýän adamlaryň bilen ýürekden içgin gatnaşyk açmazlyk, olara bitarap garaýyşly hereketde bolmaklyk ynsan üçin diýseň kyndyr. Kynam bolsa, adamzat nesli öz üstünligi üçin munuňam hötdesinden gelmelidir. Çünki, ynsanyň maksadaokgunlylyk hem tutanýerlilik bilen yzygiderli irginsiz zähmet çekip ýeten üstünliginiň belli bir menzilinde öz töwereginde jemlenen adamlaryň köpüsiniň oňa bolan ýakyn dostlugy, onuň hiç zady ýokka, ýönekeý adam mahaly gatnaşan çagalyk dostunyňky ýaly (çaga mahalyndan bäri dost bolup gatnaşyp ýören kişisiniňki ýaly) däldir. Hut şonuň üçinem, beýik rus ýazyjysy Ýewgeniý Kaşşeýewiň: “Uly üstünlikler gazanmak üçin köp zatlardan boýun towlamaly bolýar.”[10] – diýen parasatly taglymyny her bir ynsan özüniň ýol-ýörelgesine öwrüp, özüniň iş çalyşýan adamlary  özüne ýakyn görýän adamlary bolsa-da, sulhy almaýan adamlary bolsa-da, tapawudy ýok, olar bilen hemişe bitarap garaýyşly hereketde hoşniýetli gatnaşyk saklamalydyr. Diýmek, maksadaokgunlylyk bilen üstünlige dalaş edýän ynsanyň töweregini gurşap alan adamlara bolan şahsy bitaraplyk garaýyşly hereketiniň esasy alamaty hoşniýetli gatnaşykdyr. Çünki, bu babatda belli ispan akyldary Baltasar Grasian özüniň “Paýhaslar kitaby” atly eserinde: “Akylyňy hoş niýet bilen utgaşdyrgyn – bu seniň köp üstünlikleriň girewidir”[11] – diýip örän jaýdar belleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, şahsy bitaraplyk hereketiniň hoşniýetlilik alamaty – ynsany adamlara has içgin ýürekden berilmekliginden, olaryň hoşamaý sözlerine aldanyp oýna getirilmekliginden, garşydaşynyň ýürekdeş dostudygyna ynanyp içini dökmekliginden, aşa köp gürläp sözi bilen özüni içgin tanatmaklygyndan gorap saklaýar. Mundan başga-da, şahsy bitaraplyk garaýyşly hereketiň hoşniýetlilik alamaty –  umumadamzat neslinde sözi gerek ýerinde dogry ulanyp, az sözli bolmaklygy,  birek-birege mähribanlygy, päk ýürekli dost-doganlygy hem-de beýik ynsanperwerligi terbiýelemek arkaly, olaryň üstünlikden rowaçlanan rahat hem parahat durmuşynyň asuda halyny üpjün edýär. Ynsanyň rahat hem parahat durmuşynyň asuda haly bolsa, özüniň päk ýürekli halal zähmetiniň, bitarap garaýyşly şahsy hereketine esaslanýan hoşniýetli gatnaşygynyň özboluşly bir datly, lezzetli hem hezzetli miwesidir. Ýeri gelende aýtsak, “Ata watan Türkmenistan” diýen halkara žurnaly özüniň https://www.atavatan-turkmenistan.com atly web saýty arkaly türkmen halkynyň arasynda her ýylda geçirýän “Ata watan eserleri” atly bäsleşiginiň bu ýylky temasyny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Üstünlik gazanmagyň ýollary” diýip atlandyrmagynyň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, baky Bitaraplygymyz, hemişelik bitarap hereket – ýurdumyzda ýetilen ägirt uly üstünlikleri gazanmaklygyň ilkinji esasydyr. Diýmek, ýurdumyzyň her bir türkmen raýatynyň şahsy häsiýetine öwrülen bitarap garaýyşly hereketi – öz şahsy ykballarynda, halkymyzyň durmuşynda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda gazanýan üstünlikleriniň gözbaşydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz özüniň “Bitarap Türkmenistan” atly ajaýyp kitabynda: “Häzir Bitaraplygyň alamatlary biziň gündelik durmuşymyzyň köp tarapynda öz beýanyny tapdy[12]. Şoňa görä-de, Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň bu gün türkmenistanlylaryň tutuş süňňüne ornaşandygyny aýratyn bellemek isleýärin[13]” – diýip uly buýsanç bilen beýan etmekligi hem, her bir türkmen raýatynyň şahsy häsiýetine ornan bitarap garaýyşly hereketi bilen berk baglanyşyklykdyr. Ýurdumyzyň her bir türkmen raýatynyň şahsy häsiýetine ornan bitarap garaýyşly hereket bolsa – olaryň şahsy üstünlikleriniň gözbaşydyr.

Toýly JÄNÄDOW, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy

[1] Kerim aş-Şazili. Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary. Aşgabat – 2014. 11-nji sahypa. 

[2] Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 109-njy sahypa.

[3] Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 112-nji sahypa.

[4] Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 253-nji sahypa.

[5] Paýhas çeşmesi. TDNG. A.: 2016. 103-nji sahypa.

[6] Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 546-njy sahypa.

[7] Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 547-nji sahypa,

[8] Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 550-nji sahypa

[9] Türkmen halk nakyllary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 556-njy sahypa.

[10] “Biznes Reklama” gazetiniň 2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda çykan sanynyň 8-nji sahypasy.

[11] Baltasar Grasian. Paýhaslar kitaby. (Terjime eden A. Yklymow). A.: Ruhh. 1993. 7-nji sahypa.

[12] Gurbanguly Berdimuhamedow. Bitarap Türkmenistan. – A.: TDNG, 2015. 11-nji sahypa.

[13] Gurbanguly Berdimuhamedow. Bitarap Türkmenistan. – A.: TDNG, 2015. 13-nji sahypa.

Ýene-de okaň

Birol Güven: Türk dünyası ile ortak filmler üretme projemiz var

Uluslararası Korkut Ata Film Festivali Aşkabat’ta başladı

Irak, Türkmenistan ile diplomatik ilişkileri yoğunlaştırmayı ve daimi bir büyükelçi atamayı planlıyor

Türkmenistan ile Kırgızistan, Hazar Denizi üzerinden kargoya yönelik tercihli tarifeleri görüştü

BDT Yol İnşaatçıları Hükümetlerarası Konseyi’nin 48. toplantısı Aşkabat’ta yapılacak

Bakan: Türkmen gazının Azerbaycan topraklarından geçmesi mümkün