GENEL

“Bir Kitap” atly adamyň hekaýasy

Gözüm öñünde ýene-de ýyldyzlar.

Elimde hem atamyñ taýagy.

Hiç bir aladam ýok. Bir gyşa çenli sagaman mallarymyň öýüni gurup yetişsem bolýa.

Içinden pikir edip otyr eken, Meret atly ýetginjek oglanjyk.

10 ýyldan soñ.

Meretde ilkinji ak saçlary çykyp başlapdy we sebäpsiz hem däldi. Sebäbi oglunyň 10 ýaşamagyna bir hepde galypdy.

Meret oglunyñ bu doglan gününe üýtgeşik bir sowgat beresi geldi. Emma özem çopandy we ýaşaýan obasyny 10 maşgaladan ybaratdy. Ýagny ýaşlygyndan bäri bilýän zady diňe aşyk, gurjak we agaçdan ýasalan oýunjaklardy. Her ene-ataň ýüreginde “Way meñ çagam menden gowy ýaşasyn” diýen pyşyrdap, Meret mallaryna bakyp, ýer depip galan işlerini aýalyna tabşyrdy. Özi hem şähere ýola çykdy.

Şäher atyň üstünde 4 sagadyňy alarmyş. 3 sagatlap suw içmän, durman atyny çapan Merediň öňüne kerwensaraý çykdy. Içine girip, bir nan dadyp we gyzykly adam duşar niýeti bilen içerik girdi. Giren badyna  bir nan datdy we bir seretse, bir derwiş gapydan girdi we bir kenardaky tapçanda ýerini aldy. Her kimiň gözi derwişde. Hoja atly kerwensaraýyň eýesi sylag-hormat bilen ýanyna gelip salamlaşyp “Islegiňiz barmy?” diýip sorady. “Bir käse çal bolsa ýüregimizi sowatsak, oda bolmasa iň azyndan bir käse suw” –diýip, derwiş ýylgyryp isledi. Hoja aga göni öňüne miwe çal şerbet goýdurdy. Rugsady bilen öňüne geçip oturdy.

Hoja aga: “Eý, derwiş nirelerden geldiň, 6 aý bärlerde kölegäň hem görünmedi.”

Derwiş: “Margiana gitdim, ol ýerde ilkinji gezek öz gözüm bilen  kitaphanany gördüm. Hiçiňize aklyňyza gelmejek zat. Gudrat. Dünýädäki alymlaryň 30 ýyllyk zähmeti bir 100 sahypaly kagyzda dolanyp ýatyr. Ony okap, düşünip bilene ýagşy.”

O gürrüňlere her kim gyzyklandy we ýakynlaşdy. Meret aga bolsa hasam gyzdy çaýyny eline alyp ýakyna süýşdi.

Hoja aga: “Eý, hormatly derwiş, diýenleň dogrydyr-da, şäherimizde-de kitaphana bar aňyrda-da biziň beýik şahyrlarymyzyň ýazan goşgy dessanlary ýatyr.”

Derwiş: “Degerlegine degerde. Emma sen bilerdinmi  Ibn Sina diýen bir alymyň kitabyny. Müň derdiň sebäbini we şypasyny ýazan alym. Ibn Heýsam aýlara ýyldyzlara bakyp, olaryň şöhle serpişi hakynda ýazan kitabyny. Bu alymlary sanasak ömrümiz ýetmez.

Men ol ýerde 5 aýlap kitaphanadan çykmadym, bu alymlaň kitaplaryny okadym, haýran galdym dünýä bakyşym üýtgedi. Şol wagt hem bularyň  bütin bilimlerini bir kitaba sygdyryp dünýä  paýlaşmagy ýüregime düwdüm. Elimde şu wagt şol kitapdan 3 sanagy bar. Şol kitaby entäk men ýene köpeltjek emma meňem ýaşym altmyş üçi geçdi, ellerim meni diňlemez boljak bolýar. Gysgaça şägirt gerek maňa. Oglan gyz tapawudy ýok, esas akylly bolsun. Hemme zat bilen gyzyklanýan biri bolsun.

Bazar güni günortan namazyndan soň gyzyklanýanlary kerwensaraýda garaşjak. On kişini şägirtligime aljak, ýaşy 9-14 aralykda bolmaly. Olara ýazmany, okamany öwretjek, dünýäniň bir syryny açjak emma, garşylygyna meň ýolumy dowam etmekleri gerekdir.”

Meret agaň gözleri we akyly şol kitapda galdy. “Derwişiň durmuşynyň akymyny üýtgedip biljek bilimler ýatyr o kitapda. O nähili bilim kä?” diýip özüne soran boldy.

Ogluna bir hanjar aldy we yzyna dolanmak barka, derwişiň ýanyna gitdi. Kerwensaraýa girdi. Derwiş ýok. Öňünden çykan adamdan “derwiş nirede” diýip sorady, “derwiş daşynda ybadat edýändir” diýdi jogap berdi.

Meret aga daşyna çykýar we öňünden birden derwiş çykýar. Dilini bir wagtlyk ýuwdan ýaly boldy emma gözleri derwişde.

Derwiş: “Oglum bir derdiň bar ýaly,  gel geç içerik, çaý başynda düşündirersiň.” Bir salym gürrüňleşýärler. Meret aga: “Eý, hormatly derwiş. Men bir obaň oglany durmuşymda ajyny, süýjüni gördüm. Emma siziň gören zatlaryň ýarysyny hem görmedim. Size bir alada edýän soragym bar.”

Derwiş gyzyklanan ýüzi bilen: “Çekinme oglum sora”

Meret aga demini alyp: “Bir oglum we bir gyzym bar. Olara elimden geleninden iň gowusy bilen üpjün etjek bolýan. Ertir bolsa oglumyň doglan güni oňa tanşymyň elle ýasap, beren hanjaryny sowgat etjek bolýan. Şu wagt hem hanjaryň bahasy artdy welin. Aý näme mal mülk gitse, çagalarymyza gitsin. Siziň pikiriňizçe, ene-ata çagalary üçin iň gowy näme edip biler?”

Derwiş: “Hmm, 2 sany çagaň bar diýýäň. Ikisini hem deň söýýäňmi?”

Meret aga: “Hawa, ikisinem janymdan beter söýýän.”

Derwiş: “Onda birinji bilen ikisine-de deň söýýändigiňi görkezgin. Aralarynda seň söýgüňi gysganmasynlar.

Ikinji bilen meň tejribeme görä, ene-ata çagalaryna iň gowy edip biljek zady, edep-terbiýe bermekdir. Ondan soňra mümkünçilik bar bolsa bilim bermekdir. Sebäp bir gün geler galamyň ujy gylyjyňkydan ýiti bolar…”

Bir salym soň gürrüň gyzyşýar.

Derwiş: “Meretjan men seni haladym. Seň çagalaň arasynda edeplisi we sorag kän soraýan haýsysy?”

Meret: “Gyzym Jemal…13 ýaşynda sorag kän soraýar, esasan hem, ejesinden.”

Derwiş:” Sen bazar güni günortan namazyndan soň gyzyňy äkel. Men soraglaryma dogry jogap berse, men ony şägirdim etjek. Ýakyndaky medresede galan dokuz şägirt bilen bile özüm okatjak.”

Bir salym soň, Meret aga öýüne gaýdýar. Ertesi gün hem doglan gününe tamdyrlama bişirýär. Şeýdip obadakylar bilen doglan güni gutladylar.

Gün çöle serpilip dur, gije bolsa aý. Birdenem altynjy gün hem geldi…

Meret pikirlenýär, oýa batýar aýaly bilen oturyp ýagdaýy düşündirýär. Aýaly garşy çykýar. “Ýok asla bermerin gyzymy, men gyzymy görmesem nädip ýaşaryn? Beýtme kakasy ýüregimiň bölejigini alma menden.”
Meret: “Sen beýle pikirlenme. Gyzymyzyň durmuşy boýunça şu çöllükde galmagyny isleýäňmi ýa-da eýsem gitsin medresede okap gözlerini giňeldip alym bolmagyny isleýäňmi. Soňunda-da gyz diýlen maşgalada myhman, biziň boýnumyza bolsa oňa iň gowy öý tapmak. Medrese bolsa dünýä bilimleriniň birleşýän ýeri…”

Bir salym soňra belli karara geldiler. Öýe geçip, gyzyna ýagdaýy düşündirdiler.

Gyzy Jemal gaty görüp, daşyna ylgady we aglamaga başlady.

Meret: “Entäk çagada, gelejekde sagbolsun aýdar. Diýip ýatmaga taýýarlandy.” Merediň aýaly Gülnar bolsa Jemalyň eşiklerini taýýarlamaga gitdi.

Jemalyň jigisi Batyr ýanyna geldi we näme üçin aglaýandygyny sorady. Jemal gözi ýaşly: “Ertir meni medrese ugradýarlar. Men bolsa joralarym ýaly, ulalanymda durmuşa çykyp, çagaly-çugaly bolmak isleýärdim.”

Batyr: “Ah medrese gidip gelersiňde, aglamak gerek dälä onuň üçin.”

Jemal akylly gyzdy medresä gitse, uzak wagt aljagyny bilýärdi. Emma jigisini gynandyrmazlyk üçin, “ Hawa jigimjan dolanyp gelerin” diýdi.

Batyr: Heh men ullakan oglan indi sen alada etme, sen çaltrak gelseň bolýar.” Öýe ylgap geldi. “Şu kiçi gylyjy kakam maňa alyp berdi ýöne maňa taýak hem bolýar, ýöne saňa gerek bolar, biri bir zat diýse şuny görkez”.

Ýyldyzlar parlap duran wagty, gün geldi we barysyny arkasyna aldy.

Meret gyzy bilen ýola çykdylar. Kerwensaraýa geldiler. 20 kişi çagaly gelipdir we derwiş bilen görüşmäge garaşýardy.

Garaşdylar. Wagt geldi derwişiň ýanyna girdiler. Salamlaşdylar oturdylar. Derwiş ýeke goýmaklaryny isledi, çekinmesin diýip.

Derwiş: Gyzym adyň näme?

Jemal: Meň adym Jemal, 14 ýaşymda.

Derwiş: Men özüme şägirt gözleýän gyzym we birnäçe sorag sorajak senden, sen bolsa pikirlenip jogap beräý.

Jemal: Bolýar.

Derwiş: Asmana  sereden wagtyň gören zatlaryňy sanap ber maňa.

Jemal: (gözünü ýumup) Uçan bulutlary, gök bolup duran asman soňy ýok bolan asman we arkasynda bukulyp duran ýyldyzlar we parlamaga garaşyp duran aýy görýän.

Derwiş:”Gowy. Bolýar gyzym bar sen kakaň ýanyna git we bärik çagyr.” – diýip Jemala daşyna ugratdy

Meret aga geň görüp geldi. Derwiş gyzyň hökman medresä gitmeligini aýtdy. Meret aga bolsa haýran galdy we aladalandy we birden beresi gelmedi gyzyny medrese. Emma derwiş elinden tutdy we “bu gyza men öz gözüm ýaly serederin” diýdi. Emma ýene-de Merediň gözlerinde gynanç bardy we üstüne goşdy. “Her ýylyň ýazyň başynda bärlerik gelip durarys sen aladalanma bormy Meretjan”. Meret gyzynyň her ýazynda  görjegini bilip biraz rahatlady…

Derwiş 9 saýlan şägirtleri bilen ýola çykdy.

Günler san boldy aýlar ýat boldy  10 ýyl geçdi emma ýenede çöl sary asman gök…

O Jemal diýen gyzjagaz indi ady belli alym boldy. Patyşalar, Soltanlar biler boldy ol ady. Jemal öýüne geldi maşgalasy bilen duşdy, jigisiniň amanatyny yzyna berdi we bir emiri bilen obasynda medrese gurdurdy. Ol ýere bolsa derwişiň adyny goýdy we obadakylaryň çagalaryna özi bilim berip başlady……

Bu başlangyç uly özgertmeleriň başlangyjydy. Bu başlangyç kitap okap, nähili mümkünçilikler berýandigini aňladýan başlangyçdy. Arzuwlary asmana galdyryp bilýan bilimdir bilim. Bilimiň hem öýi kitapdyr. Okap, düşünip bilene ýagşy…

Döwlet Mälikgulyýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri