GENEL

Aýagyň ýok bolsa ýöremek üçin, Diýmek, hökman ganat berlendir saňa!

Maýyp arabajygyndaky oglanjyga her kim göwnünden çykaranjasyny berip geçýärdi. Oglanjyk «düşewündinden» hoşaldy. Menem onuň «girdejisine» kiçijek goşandymy goşup, ýolumy dowam etdim. Ýöne näme üçin biz oňa pulumyzy uzadyp, dostluk golumyzy uzatmaýarkak?! Ol haýyr-sahawat sandygy däl ahyry, ol ynsan balasy, jemgyýetimiziň bir agzasy. Dil bilýän oňa dil öwretse, suratkeş suratdan sapak berse, her kim onuň başaraýjak hünärini edinmeginde ýardamyny gaýgyrmasa, biz dilegçini däl-de, ýeňijini ýetişdirerdik. Ýeňijini ýetişdirmek bolsa, ýeňiji bolmakdanam buýsançly.

«Men muny başarmaryn» diýýänlere Rukiýe Türeýen nusga bolsun.  Eger biri başarmasa, ony Rukiýe başarmaly däldi. Ol 99 göterim maýyp bolup, çep eliniň birje barmagynda öz durmuşy hakda kitap ýazdy. Onuň hasabyna ömürboýy kireýine ýaşap ýören maşgalasy üçin öý satyn aldy. Bu hakda ejeme gürrüň beremde: «Dogrydanam, şeýle gyz barmy?» diýip sorady. Ejem on iki synasy sagdyn, ýazuw-pozuwdan başy çykýan gyzyndan beýle zat görmänsoň, näbilsin beýle gaýratly perzentleriň bardygyny. Eýsem, Rukiýä aňsat düşendir öýdýäňizmi? Oňa goldaw berendirler öýdýäňizmi? Gaýtam, onuň ýeke barmagynda kösenip ýazyp oturşyna dözmän, maşgalasy ony kän gezek goýbolsun etdirmäge synanyşdy. Rukiýe maksadyndan dänmedi. Onuň üçin säher wagty bir maksat bilen oýanmakdan uly bagt ýokdy.

Ýogsam Rukiýe mekdebe-de gatnamady. Ol gazetlerdäki sözbaşylaryň harplaryny ejesinden sorap, soň sözleri birikdirip okamagy öwrenip gitdi. Žurnalistlere beren interwýusynda:

«Şunuň ýaly bagtly bolan ýerim ýok. Beýle uly gyzyklanma hem garaşamokdym. Türkiýäniň çar künjünden gutlaglar ýagýar. Köp kişilerem meni görmek üçin, ýol söküp gelýärler. Ähli maýyp dostlarymyza ýüzlenýärin. Hiç haçan ruhdan düşmesinler. Maksadyňa ýetmek üçin çynyň bilen islemek zerur» diýip, gürrüň berýär.

Öwret adamlara göreşmegi sen,

Bir çetdejik diwar gurma daşyňa.

Wah, mähriban hiç kim bilenok ahyr,

Ertir näme geljegini başyna.

 

Eger ýetirmedik bolsa saglykdan,

Belki Hakdan halat berlendir saňa.

Aýagyň ýok bolsa, ýöremek üçin,

Diýmek, hökman ganat berlendir saňa.

Ynan, seniň maýyplar üçin arabaň geljekde ýolbaşçyň kürsüsini eýelemegiňe päsgel berip bilmez. Çünki ABŞ-nyň 32-nji prezidenti Franklin Ruzweltiň hem esasy ulagy maýyp arabasydy.

Ynan, sen hatda çynyňy etseň Nobel baýragyny hem eýeläp bilersiň. Çünki şol baýragyň eýesi Stiwen Hoking 20 ýaşyndan bäri ysmazdy. Esasy zat, ysmaz däl-de, ysnat bolmazlyk.

Ynan, senden şeýle talantly sungat işgäri çykar. Nemes kompozitory Bethowen iň meşhur eserlerini ýazanda, kerdi.

Ynan, sen uçubam, uçurybam bilersiň. Çünki uçarman Alekseý Maresýewiň protez aýagy bardy.

Ynan, sen dünýäniň iň belent gerşine Ewereste-de çykyp bilersiň. Çünki muny başaran Erik Waýhenmaýr kördi. Esasy zat, gözli kör bolmazlyk.

Ynan, sen sportda diňe maýyplar bilen däl, sagdyn adamlar bilen hem bäsleşmäge ukyplysyň. Çünki doga maýyp Oskar Pistoriýes maýyplaryň sagdyn adamlar bilen bäsleşip bilmejek sport görnüşinde – ýeňil atletikada uly ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ýogsam onuň aýagynyň dyzyndan aşagy ýokdy.

Ynan, sen öz durmuşyň hakda kino senariýa ýazarsyň. Çünki «Kristi Braun: Meniň çep aýagym» atly filmiň awtory ýeke aýagynda ilki melde, soň çotgada, ruçkada, peçat maşynkasynda ýazmagy, surat çekmegi öwrenip, meşhur suratkeş hem nowellaçy bolup ýetişen Kristi Braundy.

Meň pikirimçe üstünlik gazanmagyň ýollaryny düzgünlere bölüp, sözi uzaldyp oturmagyň zerurlygy ýok. Eger ýetilen üstünligi hem oňa çenli geçilen menzili beýan etmeli bolsa men ony şu gysgajyk jümlä sygdyrmak isleýärin.

Ynanmak, synanmak, synanmak, synanmak…Sylaglanmak!

Şonuň üçin ynan! Synan! Şonda dilegçi däl-de, ýeňiji bolarsyň. Seniň öňüňde pul däl-de, telpek goýarlar. Saňa owadan güller, bagtly günler garaşýar!

Gülnabat BEGENJOWA, Žurnalist

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı