Sen kim?
Gyz, oglan, okuwçy, talyp, işçi, kiçi, uly, başarnykly, ysnat, owadan, merhemetli, gysganç, zehinli, ýalta, arzuw-islegleriniň yzyndan kowalaýanmy ýa-da gaçýanmy? Gorkakmy, batyrmy?
Her kimiň sen barada bir pikiri bar. Ýöne diňe sen bu soraglara jogap tapyp bilersiň. Kim boljagyňy saýlap bilersiň ýa-da kim bolmajagyňy.
Biziň durmuşymyz, onda bolup geçýän wakalar, döreýän mümkinçilikler, pursatlar olaryň her biri diňe ýeke gezeklik bolýar.
Bu bolsa maňa futbol meýdançasynda dowam edip duran oýny ýatlatdy…
… Eger durmuşymyzy şol futbol oýnuna meňzetsek, onda biziň 90 minudymyz bar. Gowy oýnarysmy ýa erbet oýnarysmy on-a biljek däl ýöne, bu 90 minudy siz hiç haçan unutmarsyňyz.
Oýunda döreýän mümkinçilikler, çekeleşikli pursatlar, dürli hileler…
Hem-de bu oýunda durmuş ýolunda bolşy ýaly garaşylmadyk ýagdaýlar bolup geçýär. Bu oýunda her dürli päsgelçilikler bar. Göýä hemme zat ugruna bolup görünýän ýaly hem bolsa, birdenkä şowsuz netije bolaýýar. Ýagny, sen topy alyp derwezä tarap ylgap barýan mahalyň garşydaşlaryň saňa böwet bolmagy, ýa howanyň ýagyşly-ýelli bolanlygy sebäpli aýagyň typyp topuň ugrunyň üýtgemegi ýaly säwlikler ýüze çykyp biler. Emma esasy zady ýatdan çykarma! Sen olardan aljyraman, ruhdan düşmän, aldanman baş alyp çykmagy başarmalysyň! Sen oýny dowam etmelisiň… ejizlemek ýok. Sebäbi bu oýun, bu 90 minut diňe saňa degişli.
Oýuna tomaşa etmäge gelen janköýerler ýaly, durmuşymyzda hem bizi goldaýan, ýürekden söýýän, buýsanýan adamlar bardyr. Ol adamlar janköýerlerden tapawutlulykda, oýunçylaryň köýnegine meňzeş köýnek geýmeselerem, ýüzlerine şekillerini çekdirmeselerem, bize bolan söýgülerini, buýsançlaryny ýüreklerine çekendirler. Oýnuň dowamynda ýadan, ejizlän, umytsyz bolan mahalyň diňeje olara seretmegiň ýeterlik. Olar şol janköýerler oturgyjynda saňa söýgi, umyt bilen tomaşa edip oturan maşgalaňdyr, dostlaryňdyr, garyndaşlaryňdyr — söýenleriňdir.
Hem-de bu oýunda hiç kim size nähili oýnamalydygynam görkezip bilmez, size diňe maslahat berip bilerler. Olar biziň oýundaky tälimçilerimiz, durmuşdaky halypadyr-mugallymlarymyzdyr. Oýundaky ähli kada-kanunlary, nähili oýnamalydygymyzy olar bize öwredýär, tälim berýär. Olar bizi şu oýuna taýynlaýan adamlar. Nähili oýnap biljekdigiňizi siz öz hereketleriňiz arkaly olara görkezersiňiz. Çünki 90 minudyň dowamynda, siziň her biriňiz özüňiziň ähli ukybyňyzy görkezersiňiz.
Her synanşygyňyzda utuk siziň peýdaňyza tamamlanman hem biler. Ýöne, siz onuň deregine tejribe gazanarsyňyz. Bu bolsa siziň mundan soňraky ädimleriňizde has kämil, tejribeli hereket etmegiňize ýardam berer.
Şeýle hem bir zady ýatdan çykarmaň. Durmuşda deňlik diýen zat ýokdur. Ýa gazanan bardyr ýa-da gazanjak bolýan. Şonuň üçin utuklaryňyz garşydaş toparyňyz bilen deň bolan halatynda , oýunda goşmaça wagt berilýär. Onda-da bolmasa, her topardan belli oýunçylara topy ýekelikde derwezä geçirer ýaly mümkinçilik döredýärler. Edil durmuşyň bize hödürleýän saýlawlary ýaly… Ýeňmek üçin hemişe bir ýol tapylýandyr. Ýöne, bu seniň nähili isleýşiňe bagly. Bu oýunda sen diňe öz saýlawlaryň arkaly oýnaýaň. Kime topy berjegiňi ýa-da bermejegiňi, oýnuň içine girip oýnajagyňy ýa «ätiýaçlyk» üçin niýetlenen oturgyçda oturyp oýuna tomaşa etjegiňi…bu zatlaryň hemmesi seniň islegleriň esasynda bolýar. Diňe sen özüňe dogry bolup biläýjek ýoly saýlap bilmelisiň.
Şol sebäpli hem şol 90 minudyňyzy tutuşlygyna isleýşiňiz ýaly oýnaň! Gowy oýnaň! Eliňizde baryny ediň! Çünki ýeňişden ýa-da ýeňlişden soň näme bolsa-da siz ökünmez ýaly oýnaň! Her bir gaýtalanmajak mümkinçiligi ulanmaga çalşyň!
Ýanyňyzdan töwekgelçilik, tutanýerlilik häsiýetleriňizi goýmaň! Bu oýunda diňe töwekgel adamlar bagtly bolup bilýändir. Maksadyňyz bolan durmuş topuňyzyň ugrunda ylgaň, özüňiziňki bolan zady gazanmaga çalşyň!
Sebäbi bize berlen bu 90 minudy hiç kim bizden alyp bilmez. Hiç kim!
Hiç kimiň bu pursatlary eliňizden alyp bilmejekdigine men ynanýan. Gidiňde bu 90 minudy özüňizden, durmuşdan, Hudaýdan, size ynanmadyklaryň hemmesinden talap ediň. Baryň, öz 90 minudyňyzy ýaşaň!
Gyzylgül MOMMYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.