GENEL

“ Ata Watan Eserleri” bäsleşigi : Baş Baýrak – “Notebook HP Probook 450, i5”

“Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnaly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Döredijilik  bilen meşgullanýan hem-de gyzyklanýanlar üçin nobatdaky döredijilik bäsleşiginde baş baýrak hökmünde “Notebook HP Probook 450 G6 Core i5”  Size garaşýar.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň ahyrynda edebi makala, goşgy, hekaýa, oýlanma ugurlary boýunça geçirilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň ilkinjisini jemledik. Uly gyzyklanma eýe bolan bu bäsleşikde 73 awtoryň 100 eseriniň arasynda iň gowulary saýlandy we baş baýrak hökmünde “RedMi 7A” telefony sowgat berildi.

NOBATDAKY BÄSLEŞIGIMIZ  MOWZUGY – “Üstünlik  gazanmagyň ýollary” 

Nobatdaky bäsleşigimiz üçin bir mowzuk saýladyk. Bäsleşigimiziň mowzugy “Üstünlik  gazanmagyň ýollary” . Bu bäsleşigi geçirmek hem-de mowzugy saýlap almagymyzdaky maksat ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, olary höweslendirmekden we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakdan, ýaşlarda üstünlik gazanmak duýgusyny oýarmakdan ybaratdyr. Bäsleşigimize gatnaşyjylar ““Üstünlik  gazanmagyň ýollary” ” mowzugyndan makala we oýlanmalar (poeziýa, proza) hödürläp bilerler. Bu gezek bäsleşigimizde goşgy kabul etmeýändigimizi bellemek isleýäris.

Eserler 22-nji Ýanwar 2020-nji senesinden 10-njy Mart 2020-nji senesine çenli kabul edilýär. Eserler  30-nji Mart 2020-nji senesinde Türkmenistan sagady bilen sagat 15:00 ýagdaýyna görä, okalan sany hasaba alnyp we eminleriň beren ballary bilen jemläp yglan ediler.

BÄSLEŞIGIÑ GEÇIŞ TERTIBI

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň iberen makalalarydyr oýlanmalary  “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň “ www.atavatan-turkmenistan.com  ” saýtynda çap ediler.
  • Siziň iberen makalalaryňyz “Atavatan Turkmenistan” halkara Žurnalynyň “ www.atavatan-turkmenistan.com  ” saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seredilip, soňra çap ediler. Eser web-saýtda çap edilenden soňra bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanylar.
  • Şonuň üçin oýlanyşykly hem-de okyjylar köpçüligini gyzyklandyrjak makalalar toplumyny ibermegiňiz has maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.
  • Eser “Üstünlik gazanmagyň ýollary”  mowzygyndan ýazylan bolmaly
  • Bäsleşik Türkmen dilinde geçiriler we oňa isleg bildirenler gatnaşyp bilerler.
  • Hödürlenjek eserleri atawataneserleri@gmail.com  salga ugradyp bilersiňiz.
  • Ýaryşa hödürlenen eseriň awtorynyň doly at we familiýasy, salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri anyk we takyk görkezilmelidir. Eseriňize degişli bolan suratlary hem ibermegiňizi haýyş edýäris! Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir.
  • Her awtor 1 eser bilen gatnaşyp bilýär.
  • Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr.
  • Ýaryşa hödürlenýän eser täze, ozal hiç ýerde (metbugatda, sosial torlarda) çap edilmedik bolmaly.
  • Ýaryşyň Ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
  • Bäsleşigiň netijesi boýunça iň köp okalan 10 eser höweslendiriji baýraklar we hormat hatlary bilen sylaglanar.
  • Ýeňijiler hödürlän eseriniň internet saýtymyzda  okalan sany boýunça we eminleriň beren baly boýunça kesgitlener.  Şol bir IP belgisi bilen näçe gezek şol linkdäki habar okalsa hem, sistem 1 gezek okaldy diýip kabul edýändigini ýatladýarys.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri