GENEL

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi guralar

2020-nji ýylyň 12-14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu sergide Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarydyr firmalary gatnaşar. Däbe öwrülen sergi iki doganlyk ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna uly itergi berer.

Türkiýäniň “Meridyen Uluslararası Fuarcılık” kompaniýasy tarapyndan guralan bu sergide gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, elektronika önümleri, ýumşak bina mebelleri, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeler, azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri we hojalyk harytlary görkeziler.

Şu ýyl 10-njy gezek geçirilýän bu sergä Türkiýe Respublikasyndan ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi Türkiýäniň eksport harytlarynyň tanyşdyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir.

2019-njy ýylda 9-njy gezek geçirilen bu serginiň açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ruhsar Pekjan, Türkiýe Respublikasynyň BirŽalar we Palatalar Bileleşiginiň ýolbaşçysy Rifat Hisarjyklyogly, Daşary söwda gatnaşyklary geňeşiniň türk-türkmen işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy Halil Awjy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda edarasynyň ba’ sekretary Adem Kula, türk kompaniýalarynyň wekilleri we “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň baş redaktory gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

“Karabağ” ve “Ahal-Teke” atları üzerine işbirliği görüşüldü

Türkmenistan ile Rusya Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Türkmenistan Almanya-Orta Asya Dışişleri Bakanları toplantısına katıldı

Azerbaycan Demiryolları Başkanı Türkmenbaşı Limanı’nı ziyaret etti

Türkmenistan-Azerbaycan-Özbekistan-Gürcistan hattında ulaştırma işbirliği

Ata Watan Eserleri

Bakan Ömer Bolat Aşkabat’ta Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na katıldı