GENEL

“Apple” sagatlary şweýsar sagatlaryndan öňe saýlandy

Çaklamalara görä, 2019-njy ýylda 31 million sany akylly sagat satuwa goýberildi. Bu bolsa, beýleki adaty goşar sagatlardan 10 million köpdür. Bu barada “Skynews” habarlar gullugy habar berýär.

Görkezijileri seljerýän bilermenleriň pikirine görä, “TAG Heuer” we “SWATCH” ýaly lýuks markaly sagatlarynyň indi akylly sagatlaryň yzyndan ýetmäge güýjüniň galmandygy mälim edildi.

2019-njy ýylda “Apple” kompaniýasynyň akylly sagatlarynyň söwdasy 36 göterim ýokarlandy, şol birwagtda Şweýsariýanyň sagat senagatynyň sagatlarynyň satuwy bolsa, 13 göterim pese gaçdy.  Şeýlelikde,  “Apple”-iň akylly sagadynyň söwdasynyň möçberi 2019-njy ýylda 24,5 milliard dollara barabar boldy we  2018-nji ýyla görä, bu görkeziji 14 göterim ýokary boldy.

Şol bir wagtyň özünde umumy hasaba görä, “iPhones” önümleriniň 142,4 milliard dollarlyk söwdasy amala aşyryldy  satyldy we 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, bu görkeziji 14 göterim pese gaçdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile Türkiye göç alanındaki iş birliğini görüştü

“Akıllı Şehir” Arkadag büyük bir sanayi hamlesine hazırlanıyor

Minsk ile Aşkabat: kültürel bağların arttırılması ve uçak seferlerinin başlatılmasına yoğunlaşacak

2026 Çalışma Planları: Türkmenistan 2026 yılındaki ilk Bakanlar Kurulu Toplantısı

Al-Nassr ve Arkadag futbol kulüpleri tarihi maça çıkıyor

Türkmenistan, BM Kuruluşlarının ülkedeki varlığının genişletilmesini destekliyor