GENEL

Ýapon passporty ― dünýäde iň güýçli passport

 

«Euronews»-yň berýän habaryna görä, dünýäniň iň güýçli passportlarynyň sanawynda ýapon passporty birinji orny eýeleýär. Ýagny ýaponiýalylar passporty bilen 190 döwlete wizasyz baryp bilýärler. Bu sanawda ikinji orny Singapur bilen Koreýa Respublikasy paýlaşdy.

Her ýyl passportlarynyň näçe ülkä wizasyz barmaga mümkinçilik berýändiigni hasaplaýan «Henley Passport Index»-iň 2019-ny ýyl boýunça maglumatlaryna görä, Ýaponiýanyň passporty ýylyň iň güýçli passporty diýlip saýlanyldy. Germaniýa bilen Fransiýa bu sanawda üçünji orny eýelemek bilen, Ýewropada iň güýçli passporta eýe döwletler boldy. 2018-nji ýylda bolsa bu iki döwlet bilelikde ikinji orny paýlaşýardylar.

Maglumatlara görä, ABŞ, Beýik Britaniýa, Türkiýe ýaly käbir döwletler bu sanawda geçen ýylkydan biraz aşak düşdüler. 2015-nji ýylda Ýer ýüzüniň iň güýçli passportlary hasaplanan ABŞ-yň we Angliýanyň passportlary häzir 6-njy orna çenli geldi. Bu döwletleriň raýatlary edil häzir 185 döwlete wizasyz girip bilýärler.

Sanawda netijesini ozalkydan has ýokarlandyran döwletleriň hatarynda Hytaýy, Kolumbiýany we BAE-ni görkezip bolar. 

Sanawyň ilkinji 5 orny şeýle:

  1. Ýaponiýa ― 190 döwlete wizasyz girmäge mümkinçlik berýär;
  2. Singapur, Koreýa Respublikasy ― 189;
  3. Fransiýa, Germaniýa ― 188;
  4. Daniýa, Finlandiýa, Şwesiýa, Italiýa ― 187
  5. Lýuksemburg, Ispaniýa ― 186.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor

Türkmenistan Bakü’de düzenlenen Uluslararası Ombudsmanlar Zirvesi’ne katıldı

Türkmenistan ile Malezya, petrol ve doğal gaz sektöründe stratejik anlaşmalar imzaladı

Malezya Başbakanı Aşkabat’a geldi

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a geliyor