GENEL

«Amazonyň» aksiýalary bir trillion dollardan geçdi

2019-njy ýylyň dördünji çärýeginiň hem maliýe hasabatlary resmi ýagdaýda aýan edilenden soňra, 31-nji ýanwarda bolup geçen söwdalarda «Amazon» kompaniýasynyň aksiýalarynyň 1 trillion dollardan geçendigi habar berildi. Bu barada dünýäniň iň meşhur maliýe neşirleriniň biri bolan «Bloomberg» habar berýär.
Kompaniýanyň aksiýalarynyň bahasy bir günde 9,9 göterim artdy. Bu bolsa 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri rekord derejedir. Bilermenler bu ýagdaýy kompaniýanyň geçen ýylyň dördünji çärýeginde juda üstünlikli işländigi bilen delillendirýärler.

Habar berlişine görä, «Amazonyň» geçen ýylyň soňky üç aýyndaky arassa girdejisi 3,3 miliard dollara, jemi girdejisi bolsa 87,4 milliard dollara çenli ýetdi.

Ýeri gelende, 2019-njy ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji 500-liginiň baýlygy 5,9 trillion dollara ýetdi. Bu bolsa olaryň baýlygynyň 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 25 göterim artyp, 1,2 trillion dollarlyk serişdäniň üstüne goşulandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Rus Dışişleri Bakanlığı Türkmen Büyükelçisine yeni görevinde başarılar diledi

Yabancı Havayolu şirketleri Türkmenistan üzerinden transit uçuşlarını artırıyor

Türkmenistan’da 21 Mart’ta ağaçlandırma kampanyası gerçekleştirilecek

Türkmenistan’da Kadir Gecesi affı: 336 tutuklu vatandaş affedildi

Afganistan’da TAPI doğalgaz projesi için görüşme

Türkmenistan ile Türkiye Göç İdareleri işbirliği perspektiflerini görüştü