GENEL

Akylly öýler: geljegiň binagärlik taslamalary

Dron kameralary, tehnologiki hakykatçyllyk, robotlar, emeli aň, 3 ölçegli çap ediş we döwrüň beýleki öňe çykaran tehnologik täzelikleri geljegiň akylly binalaryny, mysal üçin akylly öýleri döretmekde nähili orun eýelär? Bu sowala jogap gözleýän binagärler, inŽenerler şu günler güýçlerini birleşdirene çalymdaş. Gözlegleriň ilkinji miweleri bolsa Daniýanyň paýtagty Kopengagende geçirilen sergide görkezildi.

Daniýanyň Karollyk akademiýasynyň çeper senetler fakulteti tarapyndan geçirilen serginiň esasy maksady täze binagärlik gözleglerine tehnologiýany ornaşdyrmak we ondan oňyn netije almak. Sergide 15 binagäriň işleri ýaýbaňlandyryldy.

Sergide görkezilen nusgalaryň käbir aýratynlygy barada durup geçmek gerek. Birinji aýratynlyk, olarda ulanylan enjamlaryň, esasan, tebigy enjamlardygydyr. Hususan-da, tagta, aýna, karbon taýagy ýaly enjamlara köp orun berlipdir. Ikinji aýratynlyk, nusgalaryň hem, şu nusgalar esasynda guruljak binalaryň hem özünden-özi elektrik öndürip biljekdigidir. Öndürilen elektrik binanyň üçeginde ýörite ýerde toplanylar we gerek bolan ýagdaýlarynda ulanylar. Taslamalaryň üçünji aýratynlygy bolsa has az çykdajy bilen has kämil, has berk binalary gurup boljakdygydyr. Mahlasy, geljegimiziň akylly binalary eýýämden sabyrsyzlyk bilen garaşmaga sebäp döredýär. Hünärmenler bolsa bu taslamalaryň ýakyn 5 ýylyň içinde durmuşa geçirilip başlanjakdygyny aýdýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmen Halkının Milli Lideri: Tataristan ile İlişkilerimize Büyük Önem Veriyoruz

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, Tataristan Lideri ile Görüştü

Türkmen Halkının Milli Lideri, BAE Başkan Yardımcısı ve Başbakan Yardımcısı ile Görüştü

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, BAE Başkan Yardımcısı ve Başbakan Yardımcısı ile Görüştü

Türkmenistan, Nottingham Trent Üniversitesi ile işbirliğini geliştiriyor

Türkmenistan heyetinin Japonya ziyareti