GENEL

Emre Jan “Borussiýa” toparynda galýar

Germaniýanyň “Bundesliga” milli çempionatynda çykyş edýän “Borussiýa Dortmund” topary Germaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Emre Jan bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşar. Gyşky transfer möwsüminde Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndan kireýne alnan bu oýunçy şu ýylyň 1-nji iýuldan başlap, “Borussiýa”-nyň futbolçysy bolar.

Iki toparyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, Emre Jan “Borussiýa Dortmund” topary bilen 4 ýyllygyna şertnama baglaşar. German topary Emre Jan üçin italýan toparyna 25 million ýewro töledi.

Emre Jan fewral aýyndan başlap, “Borussiýa Dortmund” toparynyň düzüminde çykyş edýär.

Related posts

AFC Kupası’nda Türkmenistan derbisi

vepa

Hasaba almak üçin talap edilýän resminamalar

vepa

Türkmenistan ile Kazakistan işbirliği görüşüldü