GENEL

Sazlaşyk – üstünligiň ganaty!

Makalamy üstünlik we üstünlige ýetmeklik bilen baglylykda dowam etmezden ozal, öňi bilen bir rowaýatda ünsi çekmekligi makul bildim.

“Irki döwürde iki sany odunçy agaç çapmakda ýaryşypdyrlar. Olaryň biri-hä ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlaryndaky ýigit, beýlekisi bolsa, kyrk-kyrk bäş ýaşy arka atan orta ýaşly adam eken. Olaryň ikisine-de şol bir tokaýdan deň ölçegde ýer bölüp berip, şol berilen ýerdäki agaçlardan kim köp çapmaly diýen şert bilen, wagt bellenilenden soňra olar işe girişipdirler. Ýaş ýigit jahyllygyň göçgünliligine, ýaş bedende joş urýan güýç-kuwwatyna daýanyp haýdap işleýärmişin. Ol armak-ýadamak, dem-dynç almak barada pikir hem edenok diýýär. Onuň bäsdeşi bolsa şol bir depginde işläp, her sagadynyň on-on bäş minudyny oturyp dynç alýarmyşyn. Ýaş ýigit öz bäsdeşiniň oturan wagtyny hem peýdalanmak maksadynda dynuwsyz işläberipdir. Bellenilen wagtda bäsdeşleriň eden işine seljerme berilende orta ýaşly odunçy ýaş ýigitden çapmaly ýerini öň dynypdyr we eden işi hem rejelimişin. Ýaş ýigit bolsa öz bäsdeşinden yza galypdyr, onuň yzy hem çalam-çaş diýýär. Orta ýaşly odunçydan gazanan üstünligiň syryny soranlarynda ol “Bu ýerde üýtgeşik syr ýok, men her dynç almaga oturanymda çalgy daşy bilen öz paltamy ýiteledýärin. Her çapan agajymy indiki agajy çapanymda päsgel bermez ýaly bir gyra süýşürip gidýärin” diýip jogap berenmiş”

Ýokardaky rowaýatdan gelip-çykan mana salgylansak, islendik işde üstünlik gazanmak islesek öňi bilen şol işiň usullaryny tilsimlerini oňatja öwrenmeli. Durmuşda tötänlik arkaly üstünlik gazanylýan pursatlary hem gabat gelinýänini mysal getirýärler. Emma bu gaty bir dogry hem gelip baranok. Mysal üçin sportuň milli göreş boýunça ýaryş gidip dur, şol ýaryşda bir türgene özi bilen deň agramdaş türgen gabat gelmeýändigi üçin ol ýeňiji bolýar. Şeýle seredeniňde bu ýeňijiniň ýeňişi tötänden bolan ýagdaýa meňzeýär. Emma onuň bu ýaryşa gatnaşmazdan ozal şol agram derejesine ýetmezden öň çeken zähmetlerini, gatnaşan ýaryşlaryny şol ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanmagyny nazara alsak, onuň bu ýeňişine, üstünligine tötänlik diýip bilmeris. Sebäbi onuň düşen ýagdaýy onda bolman, başga bir türgende hem bolup bilmegi gaty mümkin.

Üstünlik gazanmaklyk irginsiz zähmeti talap edýär diýsek “Başdaky rowaýatymyzdaky ýaş odunçy hem irginsiz zähmet çeken adam, ýöne ol üstünlik gazanyp bilmedi, näme üçin?” diýen sowal ýüze çykýar. Hindilerde “üstünlik gazanmak üç basgançakdan ybarat” diýen pähim bar. Ilki oňatja oýlanyp hereket etmek, her bir ýalňyşyňy sapak edinmek, üstünlik gazanýanlara öýkünmek. Bu babatda pikir ýöredenimizde üstünlige eltýän ýollaryň bu gysga pähimde öz giň beýanyny jemländigine göz ýetirýäris.

Adam ogly haýsydyr bir işi başlamazdan ozal ilki bu barada gowy pikirlenmeli, gerek ýerinde ýaşululardan maslahat soramaly. “Ýedi ölçe bir kes”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” ýaly atalar sözleriniň döredilmegi hem ýöne ýerden däldir. Şeýle halatda pugta rejelenip, ölçenilip, çenelinilip başlanylan iş köplenç üstünlige eltýär.

Bardy-geldi bir säwlik sebäpli üstünlik senden ýüz öwüreninde hem ruhdan düşüp oturybermeli däl. Gaýta şol işde çiglik, kemçilik goýberilen ýerlerini pugta öwrenmeli. Indikide şeýle hereket bolmaz ýaly çäreleri agtarmaly. Şeýle ýagdaýlary kän-kän gezek öz durmuş tejribelerinde synap gören pederlerimiz “her bir şowsuzlyk indiki gazanyljak üstünlik üçin basgançak bolmalydyr” diýen pähimi bize miras goýypdyrlar.

Şeýle hem üstünligiň ýene-de bir açary görelde hasaplanýar. Ýagny durmuşda üstünlikler gazanyp, abraý-mertebä il sylagyna mynasyp bolan adamlar bolýar. Başdaky iki usuly ýagny, pikirlenmäni hem-de ýalňyşyňy sapak edinmäni başarmadyk ýagdaýyňda şeýle adamlaryň hereketlerini öwrenmeli, olaryň her bir iş ediş usulyny görelde edinmeli. Şonda hiç ýalňyşmarsyň. Aýdaly, öň baryp görmedik şäheriňe ulagly bardyň. Barmaly salgyňy birinden soradyň. Ol “meniň ulagymyň yzy bilen sürüber, barmaly ýeriňe ýeteniňde özüm görkezerin” diýýär. Netijede onuň (ýola belet nätanyş adamyň) ulagynyň yzyna düşüp barjak menziliňi ýalňyşman tapýaň. Üstünlik gazanýan adamyňa öýkünmeklik görelde almaklyk hem şol ulagly ýol belediň yzyna düşüp ýalňyşmaýşyň ýaly üstünlige eltýän ýollaryň biridir.

Durmuşda üstünlik gazanmak dogrusynda kän-kän pikirler öňe sürülýär. Pikirleriň köp dürli boluşy ýaly, manylary hem dürli-dürli. Käbir adamlar üstünligi “ynsana Alla tarapyn berlen zehin” bilen baglanyşdyrsa, ýene biri “Bilim almak, ylym öwrenmek” bilen baglanyşdyrýar. Başga biri “Ýadawsyz zähmetiň netijesini üstünlik” hasaplasa, ýene biri “Her işde amatly pursata garaşyp, wagty dogry saýlamak üstünlige eltýär” diýýär. Olar öz pikirleriniň dogrulygy babatda jedele girip mysallar, durmuşda bolýan wakalar, şeýtmek arkaly üstünlige ýeten şahsyýetleriň atlary bilen hem delillendirýärler. Dogrusy olaryň aýtýanlarynyň näçe derejede dogrudygyny anyk kesgitlemek, aýtmak mümkin däl.

Esasy nygtajak bolýan zadym üstünlik gazanmakda ynsanyň edýän pikiri bilen hereketi sazlaşykly bolmaly. Ýagny ýeterlik derejede bilim, zehin hem gerek. Işe, zähmete höwes, yhlas hem bolmaly, etjek işiňde amatly taraplary hem saýlap almagy başarmaly. Şularyň baryny utgaşyklylykda, sazlaşykly ýola goýup bilseňiz üstünlige eltýän ýola gönügersiňiz. Durmuşda her bir tutan işiňizde üstünlik hemraňyz bolsun.

Kemal Sabyrow, TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ýene-de okaň

Birol Güven: Türk dünyası ile ortak filmler üretme projemiz var

Uluslararası Korkut Ata Film Festivali Aşkabat’ta başladı

Irak, Türkmenistan ile diplomatik ilişkileri yoğunlaştırmayı ve daimi bir büyükelçi atamayı planlıyor

Türkmenistan ile Kırgızistan, Hazar Denizi üzerinden kargoya yönelik tercihli tarifeleri görüştü

BDT Yol İnşaatçıları Hükümetlerarası Konseyi’nin 48. toplantısı Aşkabat’ta yapılacak

Bakan: Türkmen gazının Azerbaycan topraklarından geçmesi mümkün