GENEL

Adamsy futbolçy, aýaly boksçy

«Barselonanyň» we Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasynda indi sportuň birbada iki görnüşi bilen meşgullanylar. Futbol ýyldyzynyň öý bikesi Antonella Rokusso ýakynda boks bilen meşgullanyp başlady.

Bu barada ol özüniň «Instagramdaky» sahypasynda aýtdy. Täsin ýeri, bu ýazgyny sanlyja minudyň içinde okanlaryň we halanlaryň sany 1 milliondan geçdi.

Çagalykdan bäri biri-birine ýakyn Messi bilen Antonella 2017-nji ýylda durmuş gurupdylar. Häzir bu bagtyýar jübütiň üç perzendi bar.

Related posts

Türkmenistan’da 33 yeni inovasyon işletme kuruluyor

Türkmenistan’da Rusya’nın katılımıyla 3,5 milyar dolarlık 342 yatırım projesi hayata geçiriliyor

Türkmenistan ticaret heyetinin İngiltere ziyaretinin ilk günü