GENEL

Ilkinji özbek pikaplary satlykda

Tamamlanyp barýan aýda ― ýanwarda Özbegistanda öndürilen ilkinji pikaplar satlyga çykdy. «SamAuto» kompaniýasynyň «ISUZU D-Maxi» diýlip atlandyrylýan pikaplary ilkinji gezek geçen ýylyň noýabr aýynda tanyşdyrylypdy.

Ilkinji özbek pikaplary üç görnüşde, ýedi reňkde öndürildi. Olaryň nyrhy bolsa 270-den 380 million soma çenli üýtgeýär.

20 ― 24-nji ýanwar aralygynda kompaniýa satlyk üçin niýetlenen pikaplaryň ilkinji tapgyryny öndürdi. Bu tapgyr 9 awtoulagdan ybarat. Özbek pikaplary dört ýolagça niýetlenendir. Olaryň hereketlendirijisiniň kuwwaty 3 litre deň. Awtomatik ýagdaýda dolandyrylýan ulagda «D-MAX IRBISi» gurluşy hem ornaşdyryldy. Bu gurluş 865 kilograma çenli ýük daşamaga mümkinçilik berýär.

Häzir täze ulaglar Özbegistanyň sekiz şäherinde satylýar. Ýakyn geljekde bolsa olary eksport etmek hem meýilleşdirilýär.

Related posts

Avaza’ da Uluslararası Ulaştırma ve Lojistik Konferansı

vepa

Stanford Üniversitesi’nden Türkmen akademisyen Vahidullah Tac: “Makul Sözlük, nesiller ile diaspora arasında eşsiz bir köprüdür.”

Japonya, Türkmenistan Karate-Do Federasyonu Onursal Başkanını onurlandırdı